Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
NOKAUTIRLEÝJI URGY EDILENDE ÜSTÜNLIGI KESGITLEŸJILER
Ýazylan wagty: 09 июня 2018 Ýazan Mayichka
IŇ OŇAT NOKAUTIRLEÝJI URGY EDILENDE ÜSTÜNLIGI KESGITLEÝÄN BIRNÄÇE WAJYP NÄRSELER WAGTYNDA DEGMEK Özüniň aýgytly urgusyny edende boksçynyň özi balykçynyň daşyndan köp pyrlanyp, çeňňege ilen balyga degen pursatyndaky duýgusyny başdan geçirýär. Şeýle deňeşdirme özi wagtynda degmek adalgasynyň iň gowy nygtalmagydyr. Bu ýerde pikir ýöretmek üçin zat bar. Biz ýaryşlarda ýokary tizlikli urgusy bolmadyk we agirt uly fiziki güýji edinmedik, ýöne muňa garamazdan, ýeňişleriniň aglabasyny wagtyndan öň gazanan boksçulara gabat geldik. Olaryň syry şu aşakdakylardan ybarat: olaryň ählisinde özlerinde ýetmeýän zatlara derek gymmaty boýunça ýokardakylardan pes bolmadyk başga bir zatlar bolýar: olar özüniň iň gowy, ajaýyp urgusyny ýerine ýetirmek üçin haýran galdyryjy anyk hem takyk wagty saýlap almagy başarýarlar, şeýle pursatlar bolsa söweşde tutuş duşuşygyň dowamynda 1, 2, 3 gezek bolup biler ýa-da hiç bolmazlygy-da mümkin. Şeýlelikde, şeýle pursatlardan peýdalanmaklygy başarmaklyk we öz urgusyny ýerine ýetirmek bilen biziň diýýän öz wagtynda ýerine ýetirdi diýýänimize amal etmek aýratyn başarnyk ukybyny talap edýär. Bularyň üstesine boksça şu aşakdaky başarnyklar hökmany hasaplanylýar: öňürtileýän urgyny ýerine ýetirmek (kross); garşydaşy açmak başarnygy we ondan peýdalanmaklyk; garşylyklaýyn urgyny geçirmeklik üçin garşydaşy özüňe çagyrmagy başarmak; we iň esasy öz halaýan aralygyňdan hut öz wagtynda haçanda garşydaş düýbünden garaşmaýan pursaty iň gowy urgyňy ýerine ýetirmek. Bularyň ählisini haýsydyr bir sekundyň bölejiginde edip ýetişmeli we dessine aňrybaş gowşak ýagdaýdan aňrybaş berk ýagdaýa geçmeli – şonda urgynyň güýji jemleýji netijäni kesgitleýär. Şu ýerden hem urgynyň güýji diýen düşünje gelip çykýar. Hut şuňa hem biz birnäçe gezek şaýat bolduk – haçanda boksçy artykmaç haýallasa, onuň urgusy uzaga çekse, boksdan başy çykmaýan tomaşaçylarda bu ugrynyň agyr nokauta getirýändigini gördüler. Biz bolsa nokautirleýji urgyny zordan görüp ýetişmäge endik edipdiris. Tejribesiz tomaşaçy hatda nämäniň nämedigine-de düşünip ýetişmeýär. Ol söweşe tomaşa edip durka, garşydaşyň agyp gelýändigini görýär. Şu ýerde biz ters ýagdaýy görýäris – haçanda nokaut uzaga çeken urgudan soň bolup geçse, diýmek türgen wagtynda degmek başarnygyny özleşdiren bolýar. Urgynyň uzaga çekdirilmegi diýlen hadysa – bu şol adamyň arassa tebigy aýratynlygydyr we eger boksçy şol uzaga çeken urguda wagtynda degip bilmese, onda bu ýetmezçilikdir ýa-da mertebäňe hötde gelip bilmezlikdir. Şol bir wagtyň özünde türgenleriň söweş wagtynda alan güýçli urgularyna hiç kim diýen ýaly üns bermeýär. Şonuň bilen baglylykda nokdaun alan we kellesine güýçli urgy alan boksça söweşden boş wagtlary şu aşakdaky çäreler toplumyny geçirmek hökmanydyr: suwuklyklary kabul etmekligi çäklendirmeli, piwonyň ähli görnüşlerini ulanmak gadagandyr; köpräk wagtyny arassa howada geçirmeli; täretini kadalaşdyrmaly; medikamentoz serişdelerden: glýukozany kabul etmeli (10-20%) gije-gündizde 150 gram (glýukozany bal bilen çalşyp bolýar – çaý çemçesinde bir günde üç gezek0, C witamini – gije-gündizde 800 mg.; eleuterokokk erginini kabul etmeli – bir günde 2 gezekden 20-25 damja; rutin, orotat kaliý ýa-da panangin tabletkasyny, kelle agyrysynda analgin bilen amidopirin (şahsy dozirowkalarda kabul etmeli) nootropil tabletkalaryny kabul etmeli.
Okalan sany: 50   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11019 sek. ýüklenen baýt: 31465