Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýä tejribesinde hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri
Ýazylan wagty: 09 июня 2018 Ýazan Mayichka
Dünýä tejribesinde hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri: Hökmany ätiýaçlandyryş – dünýäde kanun esasynda amala aşyrylýar. Şol sebäpli ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň “ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak ýa-da baglaşmazlyk” meselesini çözmäge erki ýok. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga borçly bolýar, ätiýaçlandyryjy bolsa, degişli möçberde ätiýaçlandyryş jogapkärçiligi özüne kabul edýär. Meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň azat-erkin isleginiň esasynda, töwekgelçiligi we öz mümkinçiliklerini kesgitlemegi esasynda baglaşylýar. Ätiýaçlandyryjynyň mümkinçilikleri, ýagny ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň düzümine görä rugsat alynan ygtyýarnama görä, öz maliýe ýagdaýlaryny we geljekde ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň bölegini, beýleki ätiýaçlandyryja gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýokary derejedäki zyýan çekilmegi bilen bagly, ähtimal bolaýjak ätiýaçlandyryş halatlary ýüze çykanda, ätiýaçlandyrýanyň öňündäki jogapkärçiliklere görä bolup biler. Myhmanahanlarda we syýahat kärhanalarynda töwekgelçiliklerden goranmak üçin dolandyryjylar tarapyndan aşakdaky işler geçirilýär: işgärler bilen tehniki howpsuzlygy hakynda gürrüňleri geçirilip ýörite kitaplarda bellikler edilip gollar çekdirilýär; esasy serişdeleri gurmak, satyn almak bilen bagly taslamalar seljerilip barlanýar, esasy serişdiler kabul edilende olaryň tehniki howpsuzlygy barlanýar; ýangyn howpsuzlygyndan goranmak üçin ýörite tehniki serişdeleri satyn alynýar; ulag serişdeleri hökmany we meýletin ätiýäçlandyrylýar; durmuş ätiýäclandyryş gaznalara pul serişdeleri geçirilýär; başga döwletlere gidýän syýahatçylar hökmany suratda ätiýäçlandyryş kompaniýasynda ätiýäçlandyrylýar; islegleri boýunça işgärleriň zähmet hakyndan meýletin medisina we pension gaznalara pul serişdeleri geçirilýär; käbir howply işler bilen işleýän işgärler ätiýäclandyrylýar; başga döwletlerden gelýän myhmanlardan olaryň ätiýäçlandyrylyşy hakynda maglumatlar alynýar; syýahatçylygyň ugurlary artdyrylýar; şertnamalar dürli walýutalarda baglaşylýar; içeri we halkara hasaplaşyklarda hasaplaşygyň töwekgelçiligini peseldýän görnüşleri ulanylýar. Mysal üçin, hyzmat ýerine ýetirilmänkä deslapky tölegi talap etmeklik, akkreditiw hasaplaşyklaryň dürli görňüşlerini ulanmaklyk we ş.m.
Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06928 sek. ýüklenen baýt: 30479