Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
27-nji iýun – Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
Ýazylan wagty: 09 июня 2018 Ýazan NEXTTM
             Her halkyň öz buýsanýan milli gymmatlyklarynyň, guwanýan milli gahrymanlarynyň bolşy ýaly, her ýurduň öz ykbalyny Watanyň ykbaly bilen aýrylmaz badaşdyran milli şahyry bardyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň almaz täji bolup galan şahyr hem Magtymguly Pyragydyr.
   Şahyryň döredijilik älemi düýpsüz ummany ýada salýar. Oňa näçe aralaşdygyňça, şonça-da dürdäne setirlere, täze-täze pikirlere, pelsepewi garaýyşlara berilýärsiň. Külli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlary näçe asyrlar geçip, döwür-döwranlar üýtgese-de, könelmeýär, gymmaty, artmasa peselmeýär. Şahyryň many-mazmuna baý, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary indi üç asyra golaý halkyň  ýüreginde ýaşaýar.
Magtymguly Pyragynyň ady bu gün her bir türkmeniň diliniň senasy. Bu gün obalarymyzy, şaýol-köçeleri akyldar şahyryň ady bezeýär. Paýtagtymyzyň görnükli ýerlerinde gurlan şahyryň heýkellerini toý-baýramlaryň gül desseleri bezeýär. Döwletimiziň iň owadan, iň uly teatrlarynyň biri Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär. Söz ussady Magtymguly atamyzyň şygryýet gününiň döwlet derejesinde baýram edilmegi, ýurduň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragynyň adyny götermegi, onuň adyna halkara baýragyň döredilmegi ussadyň hormatynyň näderejede belent tutulýandygyny, onuň adynyň nesilleriň ýüreginde ýaşaýandygyny görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda Magtymguly atamyzyň şygryýet günleri baýram hökmünde bellenilip, döwlet tarapyndan ýylda onuň guburuna zyýarat gurnamak däp bolup galdy. Ýüreginde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan söýgi gaýnaýan türkmen milleti bu gün bu baýramy uly şatlyk, uly şowhun bilen belleýär.
Halkyň köňül köşgüniň şasyna öwrülen, ýürek sözi bolup öňe çykan şahyryna hatyrasyny beýan edýän bu baýramda mähribanlyk bar. Bu baýramda milli bitewilik, agzybirlige söýgi, adamzat kalbynyň şahyry bolan Magtymgulynyň bitewilik pelsepesine bolan buýsajynyň beýany bar.
Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05457 sek. ýüklenen baýt: 30099