Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Biatlonyň irki taryhy
Ýazylan wagty: 10 июня 2018 Ýazan Mayichka
Biatlonyň irki taryhy Biatlonyň kökleri Ýeriň demirgazyk etraplarynda ýaşan ilkidurmuş adamlarynyň gündelik durmuşynda ýatyr. Norwegiýada tapylan, mundan 5000 ýyl ozal edilen gaýanyň ýüzündäki suratlar ýarag we lyžalar kömeginde aw edileninden şaýatlyk berýän iň gadymy suratlardyr. Aziýada tapylan gadymy suratlarda awçylaryň aýaklarynda “uçar atlar” suratlandyrylýar, olar gar bolan wagty ýabany haýwanlary yzarlamak üçin ulanylypdyr. Bularyň bary lyžalarda typmak bilen atyşygyň utgaşmagy gadymdan bäri demirgazyk halklarynyň diri galmaklary, ýaşamaklary üçin hökmany şert bolandygyny görkezýär. Emma gündelik durmuşynyň bir bölegi bolsalar-da, lyžalarda typmak bilen atyşygyň utgaşmagy sportyň bir görnüşi hökmünde görülmändir. Biatlona çala meňzäp gidýän ýaryşlar ilkinji gezek 1767-nji ýylda geçirilipdir. Olary şwed-norwegiýa serhetlerindäki serhetçiler ýola goýupdyrlar. Programmanyň üç nomeriniň içinde iki baýrak onçakly kert bolmadyk ýapgytdan düşüp gaýdyşlaryna tüpeňden 40-50 ädim uzaklykdaky nyşana degen lyžaçylar üçin niýetlenen. Şeýle ir döreýşine seretmezden biatlon başga döwletlerde ýaýramandyr. Onuň häzirki görnüşindäki ösüşi diňe XIX asyryň soňunda – XX asyryň başynda başlanypdyr. Hususan, XIX asyrda Norwegiýada ol esgerler üçin maşk hökmünde girizilipdir. Häzirkizaman biatlonyny ýatladýan ýaryşlar ilkinji gezek iri halkara ýaryşlaryň hataryna 1924-nji ýylda Fransiýanyň şäheri Şamonide geçirilen I gyşky Olimpiýa oýunlarynda girizilipdir. Olary “harby patrullaryň ýaryşlary” diýip atlandyrypdyrlar (käbir çeşmelerde “harby patrullaryň çapyşyklary” diýip hem aýdylýar ) we olar demonstrasion ýaryşlar hökmünde geçipdirler ( emma soňra olaryň gatnaşyjylaryna resmi ýagdaýda medallar gowşurylypdyr ). Demonstrasion ýaryşlar hökmünde harby patrullaryň ýaryşlary soňra 1928, 1936 we 1948-nji ýyllarda geçirilen gyşky olimpiadalarda hem geçirilipdir, şondan soň Ikinji Jahan urşy gutaranyndan soň dünýäde pasifistik garaýyşlaryň barha artmagy sebäpli olary aýrypdyrlar.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05868 sek. ýüklenen baýt: 30209