Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklary we dynç alyş ýerleri
Ýazylan wagty: 10 июня 2018 Ýazan Mayichka
Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklary we dynç alyş ýerleri” – diýen okuw dersi we onuň wezipeleri. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda “Türkmen halky ata-babalarymyzyň köp asyrlap ýüreklerinde besläp gelen arzuwlaryny durmuşa geçirdi. Dünýä siwilizasiýasynda mynasyp orun eýeläp, Garaşsyz, özygtyýarly döwlet gurdy. XX asyryň ahyrynda dünýä bileleşiginiň Türkmenistany özbaşdak, Garaşsyz ýurt hökmünde ykrar edenligi barada habar Ýer ýüzüne ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady”. (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat, 2007, 38-nji sahypa). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhemdow ýurt başyna ählihalk tarapyndan Prezidentlige saýlanansoň, ýurdumyzyň we halkmyzyň durmuşynda il-ýurt bähbitli uly ösüş-özgerişlikleriň, şöhratly, guwançly işleriň başy başlandy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün dünýäde baky bagtyýarlygyň, beýik özgerişlikleriň ýurdy hökmünde tanalýar. Ata Watanymyzyň şeýle ösüş – özgerişliklerini gözleri bilen görmäge dünýä ýurtlaryň syýahatçylary, ýolbaşçylary, belli işewür adamlary, alymlar we ýönekeý raýatlary uly isleg bildirip, biziň ýurdumyzda bolup gidýärler. Çüňki telim müň ýyl şöhratly geçmişi bolan halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasy dünýä ýurtlarynda mynasyp meşhurlyga eýe boldy. Taryhy ýadygärliklerimiziň birnäçesi UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girdi. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylan içki syýasy durnuklylyk dünýä ölçeglerine laýyk gelýän syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ukyply, döwlet girdeýjilerini gazanmagyň önjeli çeşmesi bolup biljek milli syýahatçylyk pudagyny döretmäge we ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Syýahatçylyk pudagy dünýä ykdysadyýetiniň öňe sürýän we çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Watanymyzda daşary ýurt jahankeşdelerini gyzyklandyrýan bäş müňýyllyk taryhymyzyň dilsiz –agyzsyz şaýatlary bolup duran taryhy-ýadygärliklerimiz: Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň harabalyklary, Soltan Sanjaryň, Mänebabanyň, Saragtbabanyň, Talhatanbabanyň, Törebeghanymyň aramgähleri, orta asyrlarda gurulan kerwensaraýlar, metjitler, medreseler we ş.m. binagärçiligiň sungat derejesine ýeten ymaratlary bilen bir hatarda örän täsin, gözel, egsilmez baýlykly, ýowuz hem şypaly, juda geň tebigatymyz bar. Syýahatçylyk baýlyklarynyň ýüzlerçesini özünde jemleýän gözel Diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleri, tebigy ýadygärlikleri, şäher gurluşykçylarymyzyň binagärçiligi, sungat ýadygärlikleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy we ş.m., türkmen halkynyň mizemez milli hazynasyny emele getirýär. Ata Watanymyza gezmäge gelýän daşary ýurtly syýahatçylary şol baýlyklar bilen tanyşdyrjak talyplarymyza olary hemme taraplaýyn öwretmek üçin “Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklary we dynç alyş ýerleri” diýen okuw gollanmasy ilkinji gezek taýýarlanyldy. Gollanma iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, olaryň görnüşleri, taryhy-medeni goraghanalar, häzirkizaman medeni ojaklary barada gürrüň berilýär. Ikinji bölümde ýurdumyzyň tebigy ýadygärlikleri, ýagny, şaglawuklary, ýerasty kölleri, läbik wulkannary, gowaklary, tebigy goraghanalary we şypahanalary barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07294 sek. ýüklenen baýt: 31380