Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT ŽURNALISTINIŇ DUÝGUSY WE UKYBY
Ýazylan wagty: 10 июня 2018 Ýazan Mayichka
SPORT ŽURNALISTINIŇ DUÝGUSY WE UKYBY Sport žurnalistikasynda alnyp barylýan ýaryşlaryň netijeleri, olaryň görnüşleri bilen bir hatarda daş-töweregi gurşap alan barlyk barada hem belli bir derejede düşünje döremegini şertlendirýän maglumatlaryň halka ýetirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Edil okyjyny okaýan kitabyna ýa-da adamlaryň ýerine ýetiren işine bolan gatnaşygy ýaly sport žurnalistleriniň hem taýýarlaýan maglumatlary ilkinji nobatda anyk we dürs bolmalydyr hem-de ol žurnaliste oňyn täsirini ýetirmelidir. Ýagny, žurnalist öz edýän işinden kanagatlanmalydyr. Hut şeýle ýagdaýda žurnalistiň ýerine ýetirýän işi jüpüne düşüp biler we ol sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň kadalarynyň doly derejede ýerine ýetirilendigini äşgär edýär. Bu ulgamda işleýän žurnalistleriň duýgular dünýäsi durnukly bolmalydyr. Olar öz şatlygyny, tukatlygyny, ökünjini daşyna çykarman, olaryň döredilýän esere ýa-da taýýarlanylýan maglumatlara täsirini ýetirmeginiň öňüni almalydyr. Munuň özi sport žurnalistikasynda işleýän hünärmenleriň ukybyna we öz duýgularyna erk edip bilmegine bagly bolup durýan ýagdaýlardyr. Sport žurnalistleri bäsleşik mahaly bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň nämeden dörändigine, olaryň parahatçylykly ýol bilen tamamlanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. Munuň üçin bolsa sport žurnalistleriniň ekriniň durnuklylygy zerur bolup durýar. Adamyň duýgular we joşgunlar dünýäsi örän çylşyrymly we köp taraply bolýar, munuň özi türgenler üçin has-da mahsus häsiýetdir. Şeýle ýagdaýda sport žurnalistikasynda işleýän hünärmenleriň ukyp derejesine köp zat bagly bolup durýar. Olar öz duýgularynyň üsti bilen bolup geçýän ýagdaýlar barada habar berijilik hem-de olary oňyn ýola gönükdirmek wezipesini ýerine ýetirýär. Munuň özi sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň baş maksatlarynyň biridir. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, durmuş ulgamynyň üýtgemegi täze, joşgunly ýagdaýyň emele gelmegini, şahsyýetde dürli duýgularyň döremegini şertlendirýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä ýaryşlarynda beýik ýeňişleri gazanýar. Bu bolsa, ýokarda belleýşimiz ýaly, tutuş halkymyz üçin joşgunly buýsanç duýgusyny emele getirýär. Sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň kadalaryna laýyklykda, sport žurnalistleri tutuş halkyň buýsanç duýgularyny, türgenleriň şatlygyny beýan edip bilmekleri, olaryň ukybynyň aňrybaş derejesini alamatlandyrýar. Sport ulgamynda işleýän žurnalistler öňi bilen sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň ýörelgelerinden gelip çykýan şu wezipeleriň oňyn çözülmegine mynasyp goşant goşmalydyrlar. Has takygy olar türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişlerini ýeten belent derejelerini has aýdyňlygy bilen we öz wagtynda halka ýetirilmegini üpjün etmelidirler. Bu olaryň baş wezpesi bolup durýar. Sport habarlarynyň dürslügi, takyklygy we öz wagtynda ile gowuşmagy sport žurnalistiniň psihiologik gatnaşyklara bolan jogapkärçiligine bagly bolup durýar. Sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynda bolsa ukyp hem-de duýgy gatnaşyklary içgin öwrenilýän ugurlaryň biridir. Munuň üçin bolsa žurnalistiň psihiologiýanyň esasy ugurlary bolan duýgulara akylly-paýhasly aň ýetirmegi, olardan baş çykaryp bilmegi esasy wezipe bolup durýar. Ähli adamlarda bolşy ýaly, türgenlerde hem hyjuwlylyk, göçgünlilik, erklilik, isleglilik, tutanýerlilik, çydamlylyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Şol häsiýetleriň her biri adam bedenine öz täsirini ýetirýärler. Olaryň sazlaşygyndan bolsa ýokary netije gazanylýar. Dürli duýguly, dürli häsiýetli türgenleriň gazanýan netijeleri, olaryň üstünligi bolan islegleri hem-de hyjuwlary, şeýle hem häsiýetleriň utgaşmagyndan emele gelýän maksadaokgunlylyk duýgulary sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Şu kadalardan oňat baş çykaryp bilýän we şeýle asylly ýörelgelere eýerýän sport žurnalistiniň maglumatlary, habarlary, örän dürslügi we takyklygy bilen tapawutlanýarlar. Bu bolsa sport žurnalistinden edilýän esasy talaplaryň biridir.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05495 sek. ýüklenen baýt: 32456