Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
MERTLIK MEKDEBI
Ýazylan wagty: 11 июня 2018 Ýazan Mayichka
MERTLIK MEKDEBI. Ýola çykdy, ýola çykdy, garaşdy gelin, Wah, onda-da ne garaşmak... Ykbalyň kötel ýollarynda süýji arzuw umytlaryndan teselli gözläp, türkmen wepadarlygyny baýdak edinen Amangül eje-de bary-ýogy üç ýyljyk ner saýasyny salan gerçegiň ýolunda intizar gözleri gubarlaşan ezizleriň biri. Damarlary çylgym-çylgym bolan ellerini owkalap oturşyna, dolup duran owasy uzak geçmişi nazarlanda bolsa onuň gürrüňi şu günki günüden hoşallyga syrykdy. “Men Hojakowa Amangül, 1918-nji ýylda şol wagtky Ýerbent etrabynyň Bokurdak obasynda doguldym. 15 ýaşym dolansoň, Gökdepe etrabynyň Körsagyr obasyna Hojak Ýaranowa durmuşa çykdym. 1937-nji ýylda gyzym Bibi, 1940-njy ýylda bolsa Sona jan dünýä indi. Adamym Hojak kolhozda brigadir bolup işleýärdi. Ol fronta gidensoň, iki gyzym, hem-de gaýynenem Ogulşirin dagymyz galyberdik. Hawa, gyzym, ýaşyň köneldigiçe ýüregem ýukalaýýan eken. Gözümi ýaşlanymy geňlemäweri. “Gözde ýaşyň dökmeklik Kadyr Alla arz dälmi?” diýsene. Hupbatly günleriň üstümizden ýol salan wagty hem ejizlemändim. Gözýaş diýlen zada per bermändim. Bilimi berkje guşap, ir ertirden giç agşama çenli döwek döwdük, gazy gazdyk, orak orduk, suw tutduk. Hernäçe agyr işlerdenem çetde durmadyk. Daga gidip Sekizýaby gazardyk. Iş saýlap, tykyrap oturara ýagdaý ýokdy. Açlygam gördük, horlugam. Şol günleriň geçdigi bolsun! Ynha, bu günki gün bizi derejeläp, mertebeläp, adymyzy tutup, sylag-serpaý eden Söwer Ogluň hossarlyk saýasyna ejizläp, gözüme ýaş aýlanymy duýman galdym. Öň 240 müň manat pensiýa alýan bolsam indi 1 million manat alýaryn. Iliň-günüň maňlaýyndan diräp, gerşine şemal çaldyran Mähriban Ogluň jany sag, işleri rowaç bolsun! Alla jan, oňa uzak-uzak ömür bersin-dä hernä!”. Ykbalyna bary-ýogy üç ýyljyk şugla saçan bagtynyň ýylysyna çoýunyp, ähli gaýgy-hasratyny zähmet bilen ýeňip, ýagşy-arzuw umytlarda gezip ýören Amangül ejä pelek ýene-de bir ýowuz şarpygyny çalýar. “Beterinden saklasyn!” diýleni. 1948-nji ýylyň güýçli Ýer yranmasy “durnanyň üstüne urna” bolaýýar. “Gyzym Bibiniň kesek astynda galmagy öte agyr degdi. Ahyrzamandyr öýtdüm. Şo maýyrdy meni. Men entek-entekler garramaly däldim. Ýöne adamzat “ýükçi” bolýan eken. Salanyny çekip otyrys.Baryma şükür! Gelşine görä geçirip oturmaly ýalançy-da, bu. Ýanyňy ýere berip ýatanyň bilen düzelýän zat ýok. Ýüzüňi sallap, nalyş edip oturmagy peslik bilip, işe çykdym. Sagymçy bolup işledim. Sagymdan soňam köne mekdebiň tamyny süpürerdim. Gijelerine gara çyraň ýagtysyna tikin-çatyn ederdim. “Birim bar, müňüm bar” diýip ýaşaberdim”. Bu dünýäniň şatlyk-şowhunyny, elpe-şelpeligini arzuwlaman, bolanjasyna şükürli, mukaddes ýar ojagynyň ýylysyna şežde edip ýaşaýan bu mährem zenanyň özboluşly täsin häsiýetleri haýran galdyrýar. Bu enede türkmen beresligi, mertligi, çydamlylygy, erjelligi bar. “1958-nji ýylda gyzym Sonany durmuşa çykardym. Ýeke özüm galyberdim. Ýüwürjim bilen ýanaşyk ýaşaýardym. Eltim bilenem dogan ýaly agzybirdik. Şolara ýaplanyp geziberdim. Sona jan kän ýalbardy, bile ýaşaly diýip. Etmedim. Giýewe azar bolmaýyn diýdim. Özbaşyňyza arkaýyn ýaşaň diýdim. Onsoňam her hili ýagdaý bolanda-da men Hojak bilen guran mukaddes ojagymyzy taşlap gidip biljek däldim. Men bolsa ýüwürjim Ýaranow Gullanyň (1941-1945 ýyllarda urşa gatnaşyp, ýeňiş bilen dolanyp gelen) uly ogly Ýarany ogullyk alyp, olaryň hojalygynda galyberdim. Oglum Ýaran, gelnim Bahargül jan göwnümiň hoşy. Olaryň bäş ogly, ýekeje gyzy bar. Uluja ogullary Şöhrady öýerdik. Iki sanyjak agtygym bar. Ýaranyň gyzy Täzegül jan bükülen bilime söýget. El-aýak ýaly bolup bäş doganynyň, ejesiniň, kakasynyň, meniň hyzmatymda gaýym. Allaha şükür!”. Amangül ejäni diňläp oturşyma gürrüňi şubela gyzy Sonanyň maşgalasy hakyndaky gürrüňe syrykdyrjak boldum. Bolmady. Ol hamala meniň soraglarymy eşitmeýän ýaly, diňe örýän ojagynyň gürrüňini edýärdi. Türkmendä... Onuň buýsançly gözleri çaý-naharyň ugrunda kökenek bolup, girip-çykýan gelni Bahargüldedi. Üzümiň suwy ýaly tüýs türkmen gyzynyň___ Täzegülüň “Ene jan, aglamasana, aglasaň kelläň agyrar” diýip, janykmasyna bokurdagym doldy. Guwançly gözýaşlarymy gizlejegem bolmadym. “Hudaý berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýleni-dä. Gyzy Sona hakda soranlarym jogapsyz galansoň, bir sebäbi bardyr oýladym. Ýöne Bahargülüňol hakynda begenip aýdanlary meniň aladamy duw-dagyn etdi. “Sona jan bäş gyzly, bir ogully, ösüp-örňäp, gol ýaýradyp otyr, Hudaýa şükür! Amangül ejemiň (Bahargülem oňa “Amangül eje” diýip ýüzlenýär) Sona jandan on iki agtygy, ýigrimi bir çowlugy, iki sany ýuwlugy bar. Gowlugam görse, enşalla!”. “Ýagşy niýet ýarym döwlet” diýipdirler. Saçaga gelşik berýän, çanagy püre-pürläp köpürsäp duran agaran bilen ýalpyldap gyzaran mese-myssyk türkmen çöreginiň ýakymy ýaly mährem kalby şükrana Amangül ejäniň ojagynda tüýs ýürekden edilýän doga-dilegleriň Hakyň dergähinde kabul bolmagyny diläp, bu mukaddes ojak bilen hoşlaşdym. Ýolboýy bolsa Amangül ejäniň aýdan bir sözi gulagymda şo-ol ýaňlandy durdy. “Durmuşdan nadyl bolup, nalyş etmek külli günädir. Bolanjasyna şükürim köpdür. Alla ýol berse, Söwer Oglum arkamyzda dag ýaly bolup durka, hemme zat gül ýaly bolar, enşalla!”. Hawa, özüne göwünlik berilmeli halyna bir gysym göwresini merdem tutup, ileri nazarlaýan Amangül eje durşy bilen mekdep. Şol mekdepden tälim alan nesilleriň bolsa durmuş sapagyndan ýüki ýetse gerek.
Okalan sany: 71   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07027 sek. ýüklenen baýt: 33601