Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Gaýybana tanyşlygyň soňy
Ýazylan wagty: 11 июня 2018 Ýazan Mayichka
“Bagt diýeniň şu bolsa gerek” diýip Aýna maşynda düşenden soň Sanjaryň yzyndan seredip durşuna pikire çümdi. Durmuş guranlaryna on ýyla golaý wagt geçenem bolsa, olar şeýle mähribandylar. Sanjar her gün säher bilen Aýnany işine getirip, işden soňam alyp gidýärdi. Olaryň bu mähirli gatnaşyklary, biri-birine bolan söýgüsi ýyldan möwç alýardy Ykbal olary on üç ýyl mundan öň, Aşgabatda duşurypdy. Sanjar şäherli oglandy. Aýna bolsa paýtagta golaý etraplaryň birinde ýaşaýardy. Şol ýerdenem şähere gatnap okaýardy. Okuwynyň daşyndan bolsa, şäheriň hassahanalarynyň birinde nobatçy şepagat uýasy bolup işleýärdi. Ýaz aýlarydy. Bir sebäbe görä, ýokary okuw mekdebiniň auditoriýalarynda abatlaýyş işleri başlandy. Talyplar mugallymlaryň iş otaglarynyň birinde sapak geçmeli boldular. Arakesme wagtynda olara otagdaky telefondan jaň etmäge mümkinçilik döredi. Ýaşlar-da, dessine bir hokga çykardylar. Her kim bir nätanyş belgini aýlap, onuň eýesi bilen degişmeli etdiler. Gezek Aýna ýetende, gyz aljyrap, topardaşy Azadyň ýüzüne seretdi. Azat oňa telefon belgisini aýtdy-da, “Ýöne berenimi eýesi bilmeli däldir” diýip duýdurdy. Aýna Azadyň salgy beren telefon belgisini aýlamaga durdy. Ýöne trubkany hiç kim galdyrmady. Gyz lapykeç halda gezegini beýleki birine geçirdi. Ýöne ol Azadyň salgy beren telefon belgisini wagty bilen ýadyndan çykaryp bilmedi. Aňynda ol belgini şol gaýtalady durdy. Agşam nobatçylyga gelende bolsa, ony ýene-de bir gezek aýlap görmegi hyýalyna düwdi. Bu sapar telefon trubkasyny ýaş ýigit galdyrdy. Gyz birbada aljyranam bolsa, basym özüni ele aldy. Mähriban sesli ýigide salam berip: “Bagyşlaň, iş stolumyň üstünde şu belgini görüp, tanyşlarymyň birimikä diýip aýlaýdym. Men ýalňyşaýdym öýdýän” diýip, trubkany goýmaga meýilli ýaly bolup gürledi. Gyzyň mylaýym sesi oglanam maýyl eden bolmaly. Ol: “Ýok, ýok, asla beýle däl. Mümkin bolsa, öz telefon belgiňizi aýdaýyň. Men size jaň edip dursam bolýarmy?” diýip, howlukmaç sorady. Aýna ýene-de özüniň jaň etjekdigini aýdyp, trubkany goýdy. Ýigidiň mähriban sesi gyzyň gulagynda ýaňlandy durdy. Ol indiki iş gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy... Gaýybana tanşyny näler göresi gelse-de, Aýna gyz utanjaňlygy bilen oňa ilki dil ýaryp bilmedi. Sanjaram duşuşyp gürleşmek barada söz açanokdy. Şeýdip, ýarym ýyl töweregi wagt geçdi. Aýna ýüzüni görmesede, bu mähriban sesli ýigit barada söýendigine göz ýetirip ugrady. Ol gijelerini arzuw –umytlara besläp geçirdi. Azadyň doglan gününde bu gaýbana tanyşlaryň duşuşmagyna mümkinçilik döredi. Aýna uzyn boýly, gara gözleri balkyldap duran ýigidi görüp, “Özem sesi ýaly mähriban eken” diýip oýlandy. Ýüreginde gopan galagoplygy zordan gizläp saklady. Sanjar welin, bu dabarada Aýnany görerin diýip pikir etmändi. Aýna gutlamak üçin söz berlip, ady tutulanda-da, ol muňa üns bermedi. Gyz gürläp ugranda welin, ýigit bu mähriban sesi nirede eşidenligini hakydasyna getirip bilmän böwrüni diňläp durdy. Ýaşlar wagtal-wagtal duşuşýanam bolsalar, Sanjar söýgi barada dil ýaranokdy. Ol Aýnanyň nobatçy günlerinde ony işden soň öýlerine çenli ugradardy. Käwagt şäheriň owadan köçelerinde gezelenç ederdiler. Gyz nobatçy günleri oňa jaň edip durardy. Bu alty aýa çenli dowam etdi. Gyz ýigidiň bolşuna düşünmeýärdi. Bu gezek Aýnanyň nobatçylyk gezegi dynç gününe düşdi. Işine gumra bolup ýören gyz Sanjaryň gapydan gelip gireninem duýmady. Ýigit öňkilerinden şadyýan göründi. Ol nämedir bir hoş habary aýtmaga howlugýan ýalydy. Aýnanyň iş sagadynyň gutararyna-da sabyr-takady ýetmän ol dillendi: “Aýna, men saňa söýgimi duýdurmaga geldim. Meniň şu wagta çenli dymyp ýörmegimiň sebäbi bardy. Bizde ata-baba dowam edip gelýän adat bar. Şu wagta çenli maşgalamyzda goňşy obadanam gelin alnyp, gyz çykarylanok. Maňa-da şol adaty bozmaga ýol bermezlermikä öýdüp gorkdum. Ýöne men ejeme ähli zady düşündirip aýtdym. Ejem jan meniň ýüregime düşündi. Ol size sowçylyga barmaga razy boldy. Men bagtly, Aýna, men şeýle bir bagtly!”. Gaýybana tanyşlygyň soňy söýgä ýazdy. Aýna arzuwlara besläp geçiren ýyllaryny söýgi diýen belent duýgynyň öňünde sabyrlylygynyň synagy diýip düşündi. Iki tarapyň hossarlarynyň razylygynda, dogan-garyndaşlarynyň, dostýarlarynyň gatnaşmagynda tutulan uly toý ýaşlaryň yhlasynyň miwesi boldy...
Okalan sany: 317   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06065 sek. ýüklenen baýt: 32377