Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
IŇŇÄNI INÇELDEN
Ýazylan wagty: 11 июня 2018 Ýazan Mayichka
Aslynda iňňäni häzirki kaddyna getiren güýç nämedir öýdýäňiz.?! Aýtmaklaryna görä, Dawudyň şägirdiniň ýasan iňňesi sünnäläp keşde nagyş çekerden juda gödeksi bolanmyş. Şol iňňäni älemi aýlanyp, tikin-çatyna ýarap ýörşüne Hydyr gezen sähralarda ýaşaýan, nurdan dörän oguzlaryň neslinden bolan bir gözel gyzyň eline düşüpdir. Ol görkana gyzyň saçlaryna, sülük ýaly barmaklaryna maýyl bolupdyr. Asyl ak gar ýaly alkymyndan, alma ýaňaklaryndan dökülýän nur, ýüpek ýaly saçlaryň tolkuny, gamyş ýaly barmaklaryň mylaýymdan çalasyn hereketleri maýyl bolmazça däl eken. Ýalkyma hem-de ýakymly gözellige bendi bolan iňňe gyzyň gyzgyn gysymynda süýügip inçelýär-de, barmaklaryň hereketine tabyn bolýar. Onuň beýle gaýymlygyna göwni ýeten gözel iňňäni elinden goýman işleýär. Nowça gyzyň keşdeläp tikýän köýnekleriniň ýakasynda , geýimleriniň eteginde, tahýalkaryň depesinde, säheriň güneşi, gijäniň aýy, ýaşyl ýaýlanyň bahary kimin ajaýyp nagyşlar döräp başlaýar. Juwan gyzyň ýüreginde dömüp, garaluw gözlerinde orun alan, heniz aşyk nazaryna ýetişmedik yşk hyjuwy şol nagyşlar arasyndaky söýgä durky bilen dahylly iňňe tämiz dyýgularyň güýjüne hem-de jadysyna maýyl bolup, ezilip-eräp başlaýar. Bu ýagdaýda özüni ýitirmekden ötri, nowça gyzyň alkymynyň, saçynyň, barmaklarynyň ýalkymy we näzikligi bilen bäsleşýän ýüzlerçe inçejik iňňelere öwrülýär. Şondan bäri bu senediň gözel gyz-gelinleriň ellerine gowşandaky döredýän ajaýyp işleri dünýäde aňk edýär diýýärler.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05023 sek. ýüklenen baýt: 29661