Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Adamlaryň agramlary boỳunça esasy çalşygyň kaloriỳada hasaplanyşy.
Ýazylan wagty: 12 июня 2018 Ýazan Mayichka
Adamlaryň agramlary boỳunça esasy çalşygyň kkaloriỳada hasaplanyşy. Sport lukmançylygynyň amalynda kislarodyň iň köp ulanmak mümkinçiligini hasaplamagyň wajyp ähmiýeti bardyr. Bu synag iň ygtybarly synaglaryň biridir. Kislarodyň beden tarapyndan ulanyş derejesi energetiki hadysalaryň görkezijisi hasap edilỳär. Kislorodyň maksimal ulanylyşy (KMU) köp täsirlere, ilki bilen dem alyş ulgamyň ỳagdaỳyna, öỳkenleriň diffuzion ukybyna, gan aỳlanşygyna baglydyr. Mundan başgada ganyň O2 sygymyna ferment ulgamynyň işjeňligine, işleỳän myşsalaryň sanyna (bedeniň myşsalarynyň ⅔ - bölegi işleỳän bolmaly). Bu bolsa KMU-şy fiziki işe ukyplylygyň görkezijisi hasap etmäge mümkinçilik berỳär. Bu synagyň geçirilişiniň iki sany usuly bolỳar. Göni we göni däl usullary. Iki usulda hem maksimal ỳüklenmeleri bermeli. Ilki başda kem-kemden artỳan agramlar bermeli. Agram bermeleriň birnäçe görnüşleri bar: 1) Ilki bilen pes mukdarda ỳüklenmeler berilip, türgen üçin maksimal ỳüklenme kesgitlenỳär. Soňra bu ỳüklenme doly ỳadawlyga çenli berilỳär. Synag ỳerine ỳetirilmezden öň 2 minutlyk türgenleşikden öňki maşklar (razminka) geçirilỳär. Ol maşklar maksimal ỳüklenmäniň 70% - köp bolmaly däl. 2) Bölünip berilỳän ỳüklenmeler. Her bir 5-6 minudyň dowamynda artdyrylyp berilỳän ỳüklenmeleriň arasynda arakesmeler edilỳär. Bu düzgün bilen işden ỳüz dönderilỳänçä berilỳär. 3) Kem-kemden artỳan ỳüklenmeler üznüksiz berilỳär. 4) Basgançak görnüşli artdyrylỳan ỳüklenmeler berilỳär. Her basgançagyň dowamlylygy 2 minut, 2:4:6 gatnasyklarda weloergometriỳa usuly bilen basgançakly ỳüklenmeler ulanylỳar. Bütindünỳä Saglygy Goraỳyş guramasy tarapyndan çagalar we zenanlar üçin synagy 25 Wt-den başlap köpeltmeli. Erkekler üçin 50 Wt başlamaly, her basgançagy 50 Wt köpeltmeli. Pedaly aỳlamak tizligi 60 aỳlaw/min. deň bolmaly. Bu aỳlawda iň uly peỳdaly täsir koeffisienti (PTK) bolỳar. KMU – şyny step synagda hem anyklap bolỳar. Munuň üçin ilkibaşda ỳüklenmäniň KMU-na getirỳän derejesiniň 70% berilỳär. Soňra ỳöremek tizligi her 2 minutdan 80-140 ädim/min çenli artdyrylỳar. Göni usul bilen KMU anyklananda çykarylỳan howanyň barlagy Holdeỳniň gazanalizatory bilen geçirilỳär. Duglasyň haltasyna 30 sekunt wagt aralygynda howa ỳygnanỳar. Çykarylỳan O2 we CO2 gazyň mukdary ilkibaşky, ỳüklenme we gaỳtadan dikelme döwürleri anyklanỳar. Ỳüklenmeler maksimal derejä ỳetende O2 siňdiriliş koffisienti artmasyny bes edỳär. Bu derejä bolsa O2 maksimal ulanmak koffisienti diỳilỳär. Ol 5,5 - 6,5 1/min. deň bolỳar. Öỳkeniň wentilirlenme derejesi 180-220 l deň bolanda. Göni däl usuly. Adamlar üçin örän agyr bolỳar. Adamlaryň saglygyna howp salỳar.Bu synag geçirilýän adamlarda ýapyk keselleri bar bolsa ölümçilik 0,01% duş gelỳär. Göni däl usuly ỳüregiň ỳygrylyş ỳygylygy bilen O2 – dyň maksimal ulanyşyň arasynda göni baglanyşygyň bardygyna esaslanandyr. Puls 170-200 urgy/min KMU-ň derejesine ỳetilỳär diỳilip hasap edilỳär. Astrandyň ỳöriteleşdirilen nomogrammasy boỳunça hasaplanylỳar. Munda Puls 140-160 aralygynda O2 ulanyş derejesini hasaplap, KMU nähili derejede bolmalydygyny kesgitläp bolỳar.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05111 sek. ýüklenen baýt: 31380