Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kislorodyň maksimal ulanylyşy
Ýazylan wagty: 12 июня 2018 Ýazan Mayichka
Kislorodyň maksimal ulanylyşy. Bedende üznüksiz ỳagdaỳda öỳjük gurluşlarynyň dargamagy we emele gelmegi bolup geçỳär. Maddalaryň emele gelmegine assimilỳasiỳa, olaryň dargamagyna dissimilỳasiỳa diỳilỳär. Madda çalşygyna latyn dilinde metobolizm diỳilỳär. Maddalaryň öỳjükde sintezlenmegine anobolizm, dargamagyna-katobolizm diỳilỳär. Madda çalşygy 3 sany iỳmit maddalarynyň (beloklaryň, ỳaglaryň, uglewodlaryň) we witaminleriň, suwyň we duzyň çalşyklaryndan ybarat bolỳar. Beloklar bedeniň öỳjükleriniň gury maddasynyň 50% -ni tutỳarlar we organiki maddalaryň arasynda wajyp ähmiỳete eỳedirler. Köp sanly biologiki hadysalar – dem alyş, iỳmit siňdiriş, bölüp çykaryş, hereketlenme beloklaryň üsti bilen amala aşyrylỳar. Madda çalşygy netijesinde iỳmit bilen düşen çylşyrymly organiki birleşmeleriň potensial energiỳalarynyň ỳylylyk, mehaniki, elektriki, energiỳalara öwrülmegi bolỳar. Bu energiỳalar diňe bedeniň temperaturasyny saklamak ỳa-da iş ỳerine ỳetirmek üçin dälde, öỳjükleriň gaỳtadan dikelmegi, olaryň ỳaşaỳşy, ösmegi üçin ulanylỳar. Energiỳa kaloriỳa we djoul birlikde ölçenilỳär. 1kal 1ml H2O – 1ºC gyzdyrỳar. Bedeniň energiỳa emele gelşini hasaplaỳan usuala kalorimetriỳa diỳilỳär. Olar göni we göni däl kalorimetriỳa görnüşlerine bölünỳär. Göni kalorimetriỳa – biokalorimetrleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Olaryň göwrümi uly bolỳar, we şol sebäpli az ulanylýar. Göni däl kalorimetriỳa – energiỳanyň emele gelmegini O2-nyň harçlanmagy, CO2 – nyň emele gelmegine esaslanyp geçirilýär. Gaz çalşygynyň derejesini anyklamak bilen energiỳa çalşygyň derejesi anyklanỳar. Şonuň üçin göni däl. Göni däl ỳoly bilen hasaplamak usulynyň iň ỳaỳran görnüşi Duglas – Holdeỳniň usulydyr. Bu usul boỳunça barlag edilỳän adamyň arkasyna howa geçirmeỳän haltany dakyp oňa 10-15 min dowamynda çykarylỳan demi ỳygnalỳar. Bedene siňdirilen O2 uglewodlaryň, ỳaglaryň, beloklaryň, okislenmegi üçin harçlanỳar. Bu maddalaryň 1 gr okislenmegi üçin dürli mukdarda O2 talap edilỳär. Şonuň üçin 1 litr O2 harçlananda dürli mukdarda energiỳa bölünip çykỳar. Bu bolsa haỳsy maddanyň okislenmegine baglydyr.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05594 sek. ýüklenen baýt: 30439