Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Fiziki işe ukyplylyk, türgenlik derejeleri
Ýazylan wagty: 12 июня 2018 Ýazan Mayichka
Fiziki işe ukyplylyk, türgenlik derejeleri Fiziki ösüş antropometriki standartlar, korrelỳasiỳa we indeksler usuly bilen baha berilip biler. Antropometriki standartlar usuly – bu köp mukdardaky belli bir topar (jynsy, ỳaşy, işi, ỳaşaỳan ỳeri) adamlarda geçirilip, soňra matematiki hasaplamalary ulanyp alynan fiziki ösüşüň alamatlarynyň orta görkezijilerini ulanmaklykdyr. Bu usul bilen türgen toparlary öwrenilende M-harpy bilen belgilenỳän orta arifmetiki görkeziji hem-de δ-harpy bilen belgilenỳän, öwrenilỳän alamatyň üỳtgeme derejesi görkezilỳär. δ-näçe kiçi bolsa, şonça hem barlanylỳan topar birmeňzeş bolỳar. Her bir indiwidual fiziki ösüşi orta standart görkeziji bilen gabat gelse ỳa-da ondan + -1δ tapawutlansa kadaly hasap edilỳär. Eger-de görkezijileriň tapawytlary + -1δ-dan + -2δ çenli bolsa fiziki ösüş degişlilikde orta görkezijiden ỳokary ỳa-da pes bolỳar,eger-de tapawut + -2δ-dan + -3δ bolsa örän ỳokary ỳa-da has pes bolỳar. Standartlar usuly bilen fiziki ösüşüň bahalandyrylyşyny ỳörite tablissalar-görkezijiler düzüp görkezip bolỳar. Nokatlary birleşdirỳän çyzyk indiwidual ölçegleri görkezỳär.Oňa antropometriki profil diỳilỳär we ol fiziki ösüşüň orta görkezijilerden nähili tapawutlanỳandygyny görkezỳär. Bu usulyň ỳetmezçilik tarapy bolup fiziki ösüşüň görkezijileriň üỳtgeme derejesi diỳip adaty standart gyşarmalaryň ulanylmagydyr. Şol bir wagtda v diňe biri-biri bilen baglanşygy bolmadyk alamatlaryň üỳtgemeleriň ölçegi bolup hyzmat edỳär. Biri-biri bilen baglanşygy bolan alamatlar üçin (fiziki ösüşüň görkezijileri baglanşykly alamatlardyr) korrelỳasiỳa usuly ulanylỳar. Fziki ösüşüň alamatlary biri-biri bilen baglanşykly bolỳar we biri üỳtgese beỳlekisi hem üỳtgeỳär. Alamatlaryň arasyndaky baglanyşyk birmeňzeş däldir. Şonuň ỳaly-da bir alamatyň ulalmagy bilen beỳleki alamat hem ulalsa oňa položitel baglanyşyk diỳilỳär, eger-de bir alamatyň ulalmagy bilen ikinji alamat kiçelse otrisatel baglanşyk diỳilỳär. Alamatlaryň arasyndaky baglanşygyň bardygyny korrelỳasiỳa koeffisiỳentini „r” hasaplap bilip bolỳar. Onuň çäk ähmiỳeti + 1,0 deňdir. „r” görkeziji birlige näçe ỳakyn bolsa, şonça hem alamatlaryň arasynda ykjam baglanyşyk bolỳar. Eger-de „r” 0,4-den 0,6 aralygynda bolsa alamatlaryň arasynda orta baglanyşyk bolỳar; 0,6-dan, 0,8-çenli uly, 0,8-den 0,9-a çenli örän uly baglanyşyk bolỳar. Indeksler usuly-ỳönekeỳje matematiki antropometriki hasaplamalar bilen fiziki ösüşe baha bermekdir. Dürli indeksler alamatlaryň dürli sanyny alỳar (iň ỳönekeỳleri 2 alamaty alỳarlar). Ỳönekeỳligi bilen tapawutlanỳan indeksler ilki başda has köp ulanyldy. Olaryň käbirleri şu günler hem ulanylỳar. Ol indeksler fiziki ösüşe baha berilende ugur alma hökümünde ulanylỳar. Meselem adamlaryň boỳuna (L) baglylykda, bolmaly agramy (M) şu formula bilen kesgitlenỳär: M=50+(L-150)x 0,75+ ỳaşy-21 (erkekler üçin). 4 M=50+(L-150)x 0,32+ ỳaşy-21 (zenanlar üçin). 5 Agram (M) bilen, boỳuň (L) arasyndaky gatnaşygy birnäçe indeksleriň kömegi bilen tapyp bolỳar. Olaryň iň ỳönekeỳi Brokanyň deňlemesidir: M=L-100(kg) eger-de L=155-165 sm. M=L-105(kg) eger-de L=166-175 sm. M=L-110(kg) eger-de L=175 sm hem köp. Bekert bu indekse biraz düzetmeler girizỳär, ỳagny 100,105 we 110 aỳyrmaly dälde degişlilikde 103,106 we 110 aỳyrmaly diỳip belleỳär. Ketleniň indeksi ỳa-da agram-boỳ indeksi agramyň gr-daky ululygyny, boỳuň sm-däki ululygyna bölüp alynỳar.Ol erkekler üçin 370-400 gr/sm, aỳallar üçin 325-375gr/sm deňdir. Indeksler usuly funksional görkezijilere baha bermek üçin hem ulanylỳar. Meselem, köp sanly görkezijiler agram bilen deňeşdirilip görkezilỳär. Oňa mysal edip kislorodyň maksimal ulanylyşyny agrama baglylykda (O2 1min/1kg) görkezilmegini görkezip bolar. Şeỳle edilende has takyk görkezijiler alynỳar. Indeksler usuly bilen bedeniň düzülişiniň (goỳulyşynyň) proporsiỳasy anyklanỳar. Munuň üçin bedeniň aỳry bölekleriniň onuň boỳuna bolan gatnaşygy kesgitlenỳär, ỳagny elleriň, aỳaklaryň eginiň giňliginiň, guỳmaç giňliginiň indeksleri hasaplanỳar. Bu bolsa beden proporsiỳalarynyň görnüşini anyklamaga mümkinçilik berỳär. Bedeniň proporsiỳasynyň 3 görnüşi bolỳar: 1. Dolihomorf görnüşli – uzyn aỳaklary bolỳar. Göwräniň uzynlygy kelte bolỳar. 2. Brahimorf görnüşli – aỳaklaryň uzynlygy kelte bolỳar. Göwresi uzyn we giň bolỳar. 3. Mezemorf görnüşli – dolihomorf we brahimorf görnüşleriniň aralyk ỳagdaỳlaryny tutup durỳar. Täze dogulan çaganyň aỳaklarynyň uzynlygy göwräniň uzynlygynyň 33 %-ni tutỳan bolsa, uly adamlarda ol 53 % deň bolỳar. (Biologiki ỳaşy anyklamaga mümkinçilik döredỳär).
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07525 sek. ýüklenen baýt: 33158