Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dem alyş koeffisiỳenti bilen kislorodyň koloriki ekwiwalentiniň gatnaşygy
Ýazylan wagty: 13 июня 2018 Ýazan Mayichka
Dem alyş koeffisiỳenti bilen kislorodyň koloriki ekwiwalentiniň gatnaşygy. Şeỳlelikde gazlaryň doly däl barlagyny geçirip, adamlarda asuda we işjeňlik ỳagdaỳdaky energiýa çalşygyny hasaplap bolỳar. Garyşyk iỳmitde dem alyş koeffisenti 0,85 deň bolỳar. O2 koloriki ekwiwalenti dem alyş koeffisenti 0,85 deň bolanynda 4,862 kkaloriỳa deň bolỳar. Bu usul özüniň ỳönekeỳligi üçin giň ỳaỳrandyr. Zähmet çekilende DK 1,0 –deň bolýar. Dynç alynỳan döwründe birden ỳokarlanỳar. Soňra birden pese gaçỳar we ilkibaşky derejeden hem peselỳär. Diňe zähmet çekilenden 30-50 min geçeninden soňra gaỳtadan dikelỳär. Zähmetde DK üỳtgemegi harçlanan O2 bilen emele gelen CO2-nyň hakyky gatnaşyklaryny görkezmeỳär. Zähmetden soňra dynç alynỳan döwürde DK ỳokarlanmagy myşsalardaky zähmet döwründe emele gelen süỳt kislotasy gana düşüp, bikorbonatlar bilen birleşen CO2 – gysyp çykarỳar we esaslar bilen birleşỳär. Şonuň üçin emele gelen CO2 – dan çykarylỳan CO2 –nyň mukdary köp bolỳar. Haçanda süỳt kislotasynyň gandaky mukdary peselip başlanda (bir böleginden glukogen emele gelỳär, bir bölegi okislenỳär, bir bölegi peşew we der bilen bölünip çykarylỳar) esaslar ỳene-de boşaỳarlar emele gelen bikorbanatlar ỳene-de CO2 – ny birleşdirỳärler. Şonuň üçin DK has-da aşak düşỳär, emele gelen CO2 – nyň hemmesi bölünip çykarylỳar. Energiỳa çalşygyň 2. Içki çalşyk 3. Umumy çalşyk Esasy çalşyk – bedeniň iň minimal derejedäki ỳaşaỳşyny üpjün edip biljek energiỳanyň derejesine aỳdylỳar. Esasy çalşyk standart şertlerde: 1. Myşsa asudalygy (ỳatan we gowşan); 2. Nahardan soň 12-16 sagat geçenden soň; 3. Daşky gurşawyň temperaturasy komfort (18-20ºC). Oỳa bolmaly. Ukyda 8-10% peselỳär.Orta ýaşly,agramly,boýly adamyň 1 gije-gündizdäki esasy çalşygynyň derejesi 1700 kkal deň bolýar. Ol iki sany usul bilen hasaplanỳar. Ỳörite formula hem-de tablisalaryň kömegi bilen. Myşsa işjeňliginiň artmagy harçlanỳan energiỳanyň mukdarynyň artmagyna getirỳär. Hereketlenmek we zähmet çekmek üçin esasy çalşygyň üstüne harçlanỳan energiỳa işçi çalşygy diỳilỳär.Biz aşakda ilatyň çekýän zähmetine baglylykda harçlanýan energiýa mukdaryna görä toparlara bölünşini görkezýäris.Türgenler bu toparyň hiç haýsyna hem girmeýär we olar bäşinji topar bolmak bilen iň köp energiýa harçlaýan adamlar toparyna degişlidirler. Myşsa işinde ỳylylyk we mehaniki energiỳa bölünip çykỳar. Işiň ỳerine ỳetirilmegi üçin sarp edilen energiỳanyň bölünip çykan ähli energiỳa bolan gatnaşygyna peỳdaly täsir koeffisenti diỳilỳär. Ol ortaça 20%-deň. Taplanmanyň netijesinde ol artỳar.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05870 sek. ýüklenen baýt: 30744