Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
PWC170 – synagy
Ýazylan wagty: 13 июня 2018 Ýazan Mayichka
PWC170 – synagy. PWC170 (phizikal working capasyti) – agyr we çylşyrymly synag bolup durỳar. Ỳörite abzal bolan weloergometr gerek bolỳar. Ol berilỳän agramyň takyk mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berỳär. Ỳüregiň ýygyrlyş ýygylygy sanamagyny synag geçirilip duran ỳagdaỳynda geçirip bolỳar. Bu synag Bütindünỳä Saglygy goraỳyş guramasy tarapyndan hödürlenendir. Onuň awtorlary daşary ỳurt alymlary bolan Sestrand we Walund . Olaryň pikirine görä ỳerine ỳetirilỳän işiň kuwwaty bilen ỳỳỳ arasynda baglanyşyk bar. Bu bolsa barlanỳana pes kuwwatly ỳüklenmeler bermek bilen, ỳokary kuwwatly iş berilende ỳürek urgusynyň näçe boljakdygyny öňünden aỳtmaga mümkinçilik berýär. Ỳürek urgysynyň 170 gez/min deň bolanda iň ỳokary önümçilikli işe ukyplylygyň bolỳandygy anyklanandyr. Türgenleriň fiziki işe ukyplylygynyň derejesini olaryň ỳürek urgysynyň sany 170 ỳetỳänçä bermek bilen kesgitlenỳär (şonuň üçin şeỳle at galypdyr). Usulyň geçiriliş tertibi her edebỳatda az-kem tapawutlanỳan bolsa hem geçiriliş ugurlary birmeňzeşdir. Weloergometrde iki sany ỳüklenmeler berilỳär. Ỳüklenmeleriň dowamlylygy 5 minut. Iki ỳüklenmäniň arasyndaky arakesme 3 minuda deň. Her ỳüklenmäniň ahyrynda 30 sekundyň dowamynda puls sanalỳar. Ikinji ỳüklenmede puls150 gez/minutdan, artmaly däldir. Ýüregiň ýygyrlyş ýygylygy telemetriki ỳa-da EKG-ki anyklanylỳar. Türgen zenanlara 300 kgm/m başlap 600-den 900 kgm/min, türgen erkeklere 500 kgm/m-dan başlap 900-1200 kg m/min kuwwatlykly ỳüklenmeler berilỳär. PWC170 synagynyň netijesi ỳörite formula bilen hasaplanỳar. Bu formula W.L.Karpman tarapyndan hödürlendi. 170-F1 F2-F1 PWC170 = W1+(W2-W1) W1 we W2 – birinji we ikinji ỳüklenmeleriň mukdary kgm/min-da. F2-F1 - birinji we ikinji ỳüklenmeler döwründäki ỳüregiň ýygrylyş ýygylygy. Ortaça PWC170 synagyň görkezijisi erkek türgenler üçin-1520 kgm/min, zenan sportsmenler – 780 kgm/min.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05167 sek. ýüklenen baýt: 29827