Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport lukmançylygynda ulanylýan barlag usullary
Ýazylan wagty: 13 июня 2018 Ýazan Mayichka
Sport lukmançylygynda ulanylýan barlag usullary.
Sport lukmançylygynyñ öñünde duran meselelerini çözmek üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga başlan adamlaryñ her biri lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Olar umumy kliniki barlaglardan, antropometriki ölçeglerden we funksional synaglaryny geçirmekden ybarat bolup durýar. Bu maglumatlaryñ esasynda lukmançylyk netijenamasy çykarylýar. Lukmançylyk barlaglarynyñ göwrümi kesgitli maksada we ony geçirmegiñ şertlerine bagly bolýar we lukmançylyk we sport anamneziniñ ýygnanmagy, fiziki ösüşiñ barlagy, nerw, ýürek-gan damar, dem alyş, iýmitsiñdiriş, bölüp çykaryş ulgamlarynyñ ýagdaýyny kesgitlemek hökmany bolup durýar. Şu göwrümde lukmançylyk barlagy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň her biri bilen geçirilýär we “bedenterbiýeçiniñ lukmançylyk barlag kartasy” görnüşinde ýazylyp beýan edilýär. Ýokary derejeli türgenleriñ barlagy görnetin giñ bolýar we birnäçe ýöriteleşdirilen barlag usullary girýär. Barlaglaryñ häsiýetleri olaryñ maksatlaryna bagly bolýar. Bedenterbiýe bilen meşgullanyp başlanlar üçin olaryñ funksional ýagdaýyna görä türgenleşme düzgünlerini bellemek; sagaldyjy –bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanýanlar üçin bu sapaklaryñ netijeliligine baha bermeklik bolup durýar. Türgenlerde lukmançylyk barlagy köp sanly ýöriteleşdirilen meseleleri kesgitlemek türgenleşme ýa-da ýaryş agramlaryna funksional taýýarlygyny anyklamak, şonuñ ýaly-da fiziki agramlaryñ ýaramly (adekwat) däldigi sebäpli döreýän alamatlary ýüze çykarmak üçin geçirilýär. Lukmançylyk anamnezi umumy kabul edilen kadalar bilen ýygnanýar we sport anamnezi bilen üsti ýitirilýär.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06086 sek. ýüklenen baýt: 29582