Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Anatoliý Karpow
Ýazylan wagty: 13 июня 2018 Ýazan Mayichka
Anatoliý Karpow(1975-1985 çempionlyk ýyllary)- 1951-nji ýylda öňki SSSR-iň Uralyň boýundaky Zlatousta şäherinde dogulýar. Ol 4 ýaşyndaka küşt mallarynyň göçümlerini öwrenýär. Anatoliý zehinli küştçi bolup ýetişýär we sport ussatlygyna dalaşgärlik derejesini doldurýar. Soňra 11 ýaşynda M.Botwinnigyň adyndaky küşt mekdebine okuwa gelýär. Eýýäm 15 ýaşynda 1966-njy ýylda SSSR-iň Sport ussady bolýar we 1967-nji ýylda Ýewropanyň ýetginjekleriň arasyndaky Çempionatda 1-nji ýer alýar. 1969-njy ýylda uniwersitetiň talyby Karpow ýetginjekleriň arasynda Dünýäniň çempiony bolýar. şeýdip küşt äleminde tanymal bolýar. 1975-nji ýylda Manilada geçirilen dünýä çempionatynda Karpow ýeňiji bolup, dünýäniň 12-nji çempiony bolýarwe 10 ýyllap bu derejesini saklaýar. 1984-nji ýylda 6 aýlap dowam eden matçda 48 oýun oýnalýar. Kasparow 2 utuk öňde bolýar.1985-nji ýylda Kasparowdan utulýar. 3 gezek matç oýnalsa-da çempionlyk derejäni yzyna alyp bilmeýär. Küşt taryhynda beýleki çempionlara görä, iň işjeň, ýagny I ýeri köp eýelän(150) oýunçy hökmünde bellenýär. 1993-nji ýylda Timmany, 1996-njy ýylda Kamskiýni, 1998-nji ýylda Anandy utup FIDE çempiony bolýar. 2002-nji ýylda Karpowyň adyny göterýän küşt mekdebi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we onuň ýigrimiden gowrak şahamçalary açylýar. A. Karpow ykjam pozision oýnamak bilen, ulu bolmadyk, emma durnukly artykmaçlygy eýelemek, ýalňyşlyk goýbermän, töwekgelçilik etmezlik strategiýasyny alyp barýar. Ol aklarda Karo-Kann goranşyny, garalarda Perzi we Hindi goranyşlaryny oýnamagy halaýar. Könehindi goranyşy A.KARPOW - BARLE Portirož, 1975ý. с2-с4 Ag8-f6 Ab1-с3 g7-g6 e2-e4 d7-d6 d2-d4 Plf8-g7 f2-f3 0-0 Plс1-e3 с7-с5?! Pyýadany pida etmek gyzykly şeýle hem, ikirjeňli göçüm. d4:с5 d6:с5 Pd1:d8 Rf8:d8 Ple3:с5 Ab8-с6 Aс3-d5! Af6:d5 с4:d5 Plg7:b2? Karpowyň seljermesine görä, 11. ...-b6 göçmelidi. 12. Pla3-Ad4 13.0-0-0-e6 14. d6-Plb7 uly bolmadyk material artykmaçlygyň öwezini doldurýar. Ra1-b1 Plb2-с3+ Şe1-f2 b7-b6 Plс5-a3 Aс6-e5 Ag1-e2 Plс3-d2 Pla3:e7 Rd8-e8 Ple7-f6 Ae5-d3+ Şf2-g3 Plс8-d7 Peýda etmeýär: 18. ...-Ple1+? 19.R:e1-A:e1 20. Ad4-Pld7 21. Ple2 ýa-da ...-Ple3 19. Pld4-Af2 20.Rg1.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05040 sek. ýüklenen baýt: 30327