Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
FUTBOLÇYLARYŇ ÝOKARY DEREJEDÄKI TOPARLANYŞYGYNY MEÝILLEŞDIRMEK WE DÜZGÜNLEŞDIRMEK
Ýazylan wagty: 14 июня 2018 Ýazan Mayichka
Futboldaky umumy kanuna laýyklykdaky meýilleşdirme. Okuw-türgenleşiginiň ösüşi pursatynda kyn mesele meýilleşdirilýär: gowy tälimçi örän köp wezipeli dürli meýilnamalary düşündirýär, dürli tapgyrly taýýarlykda oňa bu meseläni çözmek wezipe edilip goýulýar. Tälimçiniň futbolçylar bilen ukyply arabaglanyşygy öňde goýlan wezipeleri ýerlikli meýilleşdirmäge we mysallar bilen beýan etmäge, toparyň hereketleriniň wajyplygyna, maşklary hil taýdan ähli görnüşli ösdürmeklige gönükdirilendir. Tejribede häzirki döwrüň nazaryýet usulyýetinde futbolyň möhüm görnüşleri şeýle meýilleşdirilen: geljegi bar bolan meýilnama, ýyllyk meýilnama, şu günki günüň meýilnamasy, janly meýilnama. Olaryň hersi aýratynlykda häsiýetlendirilen we öz aralarynda berk baglanyşyklydyr. Göz öňüne tutulan meýilnamany işläp düzmek geljegi bar bolan meýilleşdirmäni we futbolçylaryň ýokarlandyrylan ussatlyk toparlarynyň aralyk möhletlerini, şeýle-de birnäçe ýyly öz içine alýar – ol 2-4 ýyla çenli gönükdirilýär. Ýyllyk meýilnama. Bu meýilnamany sport klubunda futbol toparynyň ýolbaşçysy tutuş ýylyň dowamynda okuw-türgenleşik sapagynda şahsy sapaklarda, bäsleşiklerde geçýär. Futbolçylaryň jikme-jik barlaglary ýyllyk meýilnamany işläp düzmekden, netijeli seljerişdeleri täzeden işlemekden, kalendar ýaryşlaryny öwrenmekden ybaratdyr. Ýyllyk tapgyrda aýlanyp çykmak we geljege umytly bolmak taýýarlygyň özenini düzýär. Meýilnamada okuw-türgenleşikleriniň möhletini anyklamak we futbolçylaryň çaltlyk ýagdaýyny toplumlaýyn mazmunly barlamak, türgenleşik we ýaryş ýüklemesi esas edilip goýulýar. Şu günki günüň meýilnamasy. Şu günki günüň meýilnamasy ýyllyk meýilnama laýyklykda türgenleşigiň talaba laýyklygyndan ybarat bolmaly, onuň bir bölegi ýüklemeli iş meýilnamasy we beýlekisi kiçi döwürler boýunça işlemek we dynç almak (mikrosikl) görnüşde bolýar. Janly mazmundan ybarat meýilnama okuw-türgenleşik işinde kesgitli hünär taýýarlygyny göz öňüne tutýar, ol esasan häzirki döwrüň wajyp meýilnamasyndan ybarat bolýar. Bu galapyn ýöriteleşdirilen esasly ölçegde meýilnama esasynda düzülen sapagy anyklamaga we ululyk ýüklemelerine gönükdirilendir. Tejribelik sapagynda komanda hemme görnüşi öz aralarynda bölüşýärler we meýilnamany ýerine ýetirmegi toparlaýyn we şahsy görnüşde amala aşyrýarlar. Futbolçylaryň toparlara bölünen ýagdaýyndaky ýüklemeleri. Serişdeleriň wajyp häsiýetnamalaryndaky düşünjeleriň sany we fiziki taýdan terbiýelemegiň usullary esasy bölümiň biri bolan ýüklemelerde şöhlelendirilýär
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05771 sek. ýüklenen baýt: 30988