Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hoze Raul Kapablanka
Ýazylan wagty: 14 июня 2018 Ýazan Mayichka
Hoze Raul Kapablanka(1921-1927 çempionlyk ýyllary) – 1888-nji ýylda Gawanada eneden bolýar. Eýýäm 12 ýaşynda Kubanyň şol döwrüniň iň güýçli küştçisini matç oýunda utýar. Onuň küşt oýnuna bolan düşünjesi dogabitdi bolupdyr, Hoseniň gatnaşan ilkinji ýaryşynda (ýeterlikçe güýçli oýunçylaryň gatnaşmagynda) üstünlikli çykyş edip, birinji ýer alýar. Birinji Jahan urşundan soň, entäk utulmanlygyny hasaba alyp, ona “Küşt maşyny” diýip at beripdirler. 1921-nji ýylda Laskeri utup dünýäniň çempiony bolýar. 1927-nji ýylda bolsa, çempionlyk derejesini Alýohine gidirýär. Ol iňňän köp oýun oýnapdyr, muňa garamazdan, şol döwrüň grossmeýsterleriniň arasynda iň az utulan küştçi bolupdyr. Kapablanka klassiki oýunçy, çylşyrymly pozision oýunlardan gaça durupdyr. 1942-nji ýylda aradan çykýar. Perzi gambiti H. R. KAPABLANKA - ŞPILMAN Nýu-Ýork, 1927ý. d2-d4 d7-d5 Ag1-f3 e7-e6 c2-c4 Ab8-d7 Ab1-с3 Ag8-f6 Plc1-g5 Plf8-b4 Şpilman Kapablankanyň 1.d4 göçümine garşy Perzi gambitini saýlap aldy. с4:d5 e6:d5 Pd1-a4 Plb4:с3+ Emele gelen bu ýagdaýda 7. ...-Ple7 gowy göçüm. b2:с3 0-0 e2-e3 c7-c5 Plf1-d3 с5-с4 Pld3-с2 Pd8-e7 0-0 a7-a6 Rf1-e1 Pe7-e6 13. ...-b5 erbet göçüm, ýagny, 14. Pa5- Plb7 15. Pс7! Pile we f6 öýjükdäki ata birbada hüjüm edilýär. Af3-d2! b7-b5 Pa4-a5 Af6-e4 Garalaryň 15. ...-Plb7 göçümi birneme erjellik görkezerdi. Emma, muňa-da aklar 16. f3 göçüp, artykmaçlyk gazanýar. Ad2:e4 d5:e4 a2-a4! Pe6-d5 Şu mümkinçiligiň emele gelmegi öňünden hasaplanyldy. Eger gara öýli pil aýrylsa, onda 18. ...-Plb7 göçüp garalar pozisiýany saklap bilýär.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05022 sek. ýüklenen baýt: 29699