Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ŽURNALISTIŇ BELLI BIR UGUR BOÝUNÇA IŞLEMEGINIŇ ÄHMIÝETI
Ýazylan wagty: 14 июня 2018 Ýazan Mayichka
ŽURNALISTIŇ BELLI BIR UGUR BOÝUNÇA IŞLEMEGINIŇ ÄHMIÝETI Islendik ugur boýunça işleýän hünärmeniň ýa-da işgäriň belli bir ugur boýunça ýöriteleşmeginiň ýokary netije berýändigini durmuş tejribesi subut etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, işgärleriň özlerine ynanylan wezipä abraý bilen hötde gelmeginde we bu ugur boýunça belent derejelere ýetmeginde örän ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan redaksiýalarda hem žurnalistleriň belli bir ugur boýunça ýöriteleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, žurnalistleriň belli bir ugur boýunça ýöriteleşdirilmegi işiň sazlaşykly ýola goýulmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, materiallaryň maglumat taýdan takyklygyny üpjün edýär. Şeýle hem žurnalist özüniň işleşýän ulgamlarda bolup geçýän her bir wakalardan, täzeliklerden habarly bolýar we olar barada gyssagly material taýýarlamaga we ony çapa hödürlemäge amatly mümkinçilik döreýär. Şeýlelikde, žurnalistleriň ýa-da döredijilik toparlarynyň bir ugra gönükdirilmeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygy düşündirişi talap etmeýän hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň gazet-žurnallaryň materiallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň gepleşikleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmegi baradaky tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde žurnalistleriň belli bir ugra gönükdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Şeýlelikde, žurnalistiň belli bir ugur boýunça işlemeginiň ähmiýetini ýokarda getirilen mysallar aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýöne şu ýerde bir zady bellemeli, ol hem islendik žurnalist milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda, sebit we dünýä derejesinde bolup geçýän wakalarda habarly bolmagy möhüm şertdir we ol döwrüň žurnalisti bildirýän ilkinji talabydyr. Çünki, belli bir ugur boýunça makala ýazýan awtorlaryň beýleki bir mowzukdan baş çykarmazlygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda işleýän hünärmenler hemmetaraplaýyn we çuňňur sowatly bolmalydyrlar. Munuň özi düşündirişi talap etmeýän hakykatdyr. Çünki, biziň ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça işgärler taýýarlanylanda olaryň köptaraply ugurlardan baş çykarmaklygy babatda degişli derejede alada edilýär. Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen ýaşlary, körpe nesilleri hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüş ýoluny geçýärler. Bu bolsa olaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede terbiýelenmegini, ylym bilim almagyny, ahyrky netijede bolsa kämil hünärli bolmagyny şertlendirýär.
Okalan sany: 72   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05150 sek. ýüklenen baýt: 31032