Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Myhmançylyk we onuň edebi
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

MYHMANÇYLYK WE ONUŇ EDEBI
بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ

Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz myhmançylyk we onuň edebi barada bolar.

Yslam dini myhman kabul etmeklige ýokary baha beripdir we ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin milletimizde iýer – içere, ýatara ýeri bolmadyk adamy “Taňry myhmany” hökmünde myhman almaklyk däbe öwrülipdir. Beýik Yslam alymy Kurtubiniň aýtmagyna görä: “Myhman kerimdir, myhman almak bolsa keramatdyr, alysdan gelenleri kabul etmek bolsa parzdyr. Şeýle hem myhman almak kerim kişileriň, nebileriň we salyhlaryň ahlagyndan, yslamyň edebindendir” diýýär. Pygamberimiziň (S.A.W): “Alla we ahyret gününe iman eden – myhmanyna hödür-kerem etsin. Bir gün we bir gije oňa hyzmat etsin” (Buhary) diýip, iman bilen myhmana hödür – keremi bir ýerde aýtmagy onuň ähmiýetine yşaratdyr.

“Myhman ataňdan uly”, “Myhman öýüň guly” diýen ajaýyp nakyly döreden ata – babalarymyz Pygamberimiziň we alymlaryň aýdan sözlerini özlerine nusga edinip, bütin Gündogar ýurtlarynda özleriniň myhmanparazlygy bilen tanalypdyr. Ata – babalarymyz myhman almak we myhman bolmak däbini bu ajaýyp nakyl bilen doly suratlandyrypdyr. “Myhman ataňdan uly” diýen nakyl öý eýesine degişli bolup, ataňa nähili hezzet – hormat edýän bolsaň, myhmana-da şeýle derejede hezzet – hormat et diýen manyny aňladýar. “Myhman öýüň guly” diýen nakyl bolsa, myhmana degişlidir we myhman, gul hojaýynyň rugsady bolmazdan özbaşdak iş edip bilmeýän bolsa, senem öý eýesiniň rugsady bolmazdan, öýüň içinde öz erkiňe hereket edip bilmersiň diýen manyny aňladýar.

Yslamda şeýle uly ähmiýet berilýän, ejdatlarymyzyň häsiýetine siňip giden milletimiziň aňyrdan gelýän bu gowy däbini mydama dowam etdirmek möhümdir we myhmançylygyň hem öz edebi bardyr. Myhman almak we myhman bolmak aýry zatlar, bularda öý eýesiniň we myhmanyň borçlary hem-de özüni alyp baryş düzgünleri tapawutlydyr.

Myhman isle çagyrylyp gelsin, isle-de çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp garşylamak gerekdir.

Öý eýesi myhmany garşy alanda eşigine üns bermelidir. Myhmanlaryň, ylaýta-da ýaşulularyň we aýal – gyzlaryň ýanynda öý eýesine içki eşikde oturmak bolmaýar. Öý eýesi sada we hyzmat etmäge oňaýly eşik geýmelidir. Çagyrylyp getirilen myhmanlardan bezemen geýinmek, öz baýlygyny güjeňlemek maksady bilen, öýdäki gelin – gyzlaryň myhmanlaryňkydan has gymmat şaý – seplerini dakynmagy kelpezligiň nyşanydyr.

Yslam dini myhmana ýakymly görünmek, oňa hödür – kerem etmek üçin arassa we gelşikli geýinmegi ündeýär. Çünki egniňdäki eşigiň göze ýakymly bolmasa, ähli eden hyzmatyň ýerine düşmän biler. pygamberimiz hem bu meseläni ünsden düşirmändir. “Daşary ýurtdan gelýän ilçileri kabul edende we juma günleri has gelşikli geýnerdi” (Müslim) diýilýär.

Öýe girilende ilki öýüň eýesi girip myhmanlary içeri çagyrmaly, olara ýol görkezmeli. Myhmany törde oturtmaly, aşagyna düşekçe ýazmaly. Saglyk – amanlykdan soň myhmanlaryň öňüne saçak ýazyp, ýany bilen çaý, süýji, miwe ýaly zatlar getirip goýmaly.

Myhmana hödür – kerem etmekde howlukmalydyr. Bu meselede alymlar Ybraýym aleýhissalamyň myhman kabul edişi bilen baglanyşykly Kurandaky şu aýatlary delil getirýärler:

هَلْ أَتَاكَ حَدِيثُ ضَيْفِ إِبْرَاهِيمَ الْمُكْرَمِينَ {24} إِذْ دَخَلُوا عَلَيْهِ فَقَالُوا سَلَاماً قَالَ سَلَامٌ قَوْمٌ مُّنكَرُونَ {25} فَرَاغَ إِلَى أَهْلِهِ فَجَاء بِعِجْلٍ سَمِينٍ {26} فَقَرَّبَهُ إِلَيْهِمْ قَالَ أَلَا تَأْكُلُونَ
“Saňa Ybraýymyň hormatly myhmanlarynyň (perişdeleriň) habary geldimi? Olar onuň (Ybraýymyň) ýanyna gelende “Salam” diýipdiler. Ol hem: “Size-de salam!” diýipdi. (Emma içinden): “Bular meniň tanamaýan adamlarym (eýgilik bolsun-da)” diýipdi. Ol (olara tagam getirmek üçin) gizlinlikde maşgalasynyň ýanyna gidip, semiz göläniň etinden tagam getirdi. Olaryň öňlerinde goýup: “(Tagam) iýmezmisiňiz!” diýdi.” (Zariýat sür. aýat 24-27)
Yslamda “Howlukmak şeýtandandyr” diýlip aýdylýar. Ýöne şu bäş ýagdaýda howlukmak sünnetdir:

1. Myhmana hödür etmekde,
2. Kämillik ýaşyna ýeten gyzy durmuşa çykarmakda,
3. Meýidi ýuwmakda, jynazasyny okamakda, depin etmekde,
4. Bergiňi üzmekde,
5. Toba etmekde.
Nahar çekilende myhmana “Alyň, iýip oturyň” diýip, zol gaýtalap durmak, myhmanlary gyssamak gelşiksizdir. “Myhmanyň öňüne aş goý, iki elini boş goý” diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldir. Nahar iýýän myhmanyň eline, agzyna göz dikip, oňa aşa üns berip oturmak hem dogry däl, çünki myhmanyň çekinmegi mümkindir.

Myhman göwne ýaramaz ýaly zat aýdanda-da ýa ýerliksiz degşende-de, öý eýesi oňa gatyrganyp, bir zat diýmeli däldir, geçirimli bolmalydyr.

Myhmana hezzeti öz gurbuňa görä etmeli, bar zadyňy aýamaly däl, çünki “Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden” diýilýändir. Myhman öýe rysgal hem sogap getirýändir. Ýöne myhmany gowy kabul etjek bolup, karz – kowal edip, öýdäki çagalaryň iýjegini agzyndan alyp, özüňi kyn güne salmak dogry däldir. Eger şeýle edilse, Fudaýl b. Yýazyň belleýşi ýaly, gatnaşyk uzaga çekmeýär.

Myhmana mümkin bolan ýagdaýda öý eýesi hyzmat etmelidir. Pygamberimiziň huzuryna Hebeşistandan ilçiler gelende sahabalar: “Siz oturyň, eý, Resulallah, biz hyzmat ederis” diýseler hem Pygamberimiz (S.A.W): “Ýok, bolmaz. Bular bir wagtlar meniň sahabalaryma hyzmat eden, arka duran milletiň ilçileridir, bulara hut özüm hyzmat etmek isleýärin” (Buhary) diýýär. Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Gazaly “Ihýa” atly kitabynda şu wakany gürriň berýär. Bir gün Ymam Mälik okuwçysy, ýaş ýigit Ymam Şafygynyň eline suw akydýar we: “Ýalňyş düşinme, meniň bu hereketim seni utandyrmasyn. Munda geň galara zat ýok. Çünki myhmana hyzmat parzdyr” diýipdir.

Myhmany uzak wagtlap ýeke goýmaly däldir. Ýöne myhmany dynç alyş otagyna geçireniňden soň, özüni arkaýyn duýar ýaly, az salym ýeke galdyrmak ýagşy görlüpdir.

Öý eýesi myhmany ugradanda-da garşylaýşy ýaly, güler ýüzli ugratmalydyr. Ibni Mäjäniň gürriň bermegine görä, “Kişiniň muhmany daşky gapa çenli ugratmagy sünnetdir.” Gitjek myhmanlaryň köwşüni oňaýly edip goýmagy, üstki eşiklerini äbermegi we geýmäge kömekleşmegi, olary howludan çykýança ugratmagy hem-de “Hoş geldiň” aýdyp goýbermegi endik edinmeli. Myhmanyny ugradanda öňüne düşmän, onuň yzyndan ýöremeli, gapydan hem soňundan çykmaly.

Myhmanyň ýerine ýetirmeli borçlary:
Myhman hem arassa we gelşikli geýinmelidir. Myhmançylyga gidilende öňünden habarlaşmaly. Emma myhmançylyga barlanda, hökman öňünden habar beräýmeli diýen düzgin ýokdur. Bu diňe öý eýesini kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin edilýändir. Barjak öýüňi öňünden habardar etmek edeplilikdir. Kuranda:
يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا لَا تَدْخُلُوا بُيُوتاً غَيْرَ بُيُوتِكُمْ حَتَّى تَسْتَأْنِسُوا وَتُسَلِّمُوا عَلَى أَهْلِهَا ذَلِكُمْ خَيْرٌ لَّكُمْ لَعَلَّكُمْ تَذَكَّرُونَ

“Eý, iman getirenler! Özüňiziňki bolmadyk keseki öýlere rugsat soramazdan we eýelerine salam bermezden girmäň! Bu siziň üçin bähbitlidir. Bu hakda (oýlanyp) pikir edersiňiz diýip (şeýle öwüt berýäris)!” (Nur sür. aýat 27) diýlip buýrulýar. Eger-de myhmançylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa, şol wagtda barmalydyr. Ir ýa-da giç barmak dogry däldir.

Şeýle hem Yslam dininde myhmanlyk üç gündir, ondan artygy sadakadyr, myhmana öý eýesini günä işe iteklejek derejede galmagy dogry bolmaz (Buhary, Müslim) diýip, aýratyn bir edep kadasy goýlandyr. Bu düzgine esaslanyp, halk arasynda “Myhmanyňky – üç gün, üç günden soň göçgün” diýen nakyl dörändir. Şonuň üçin myhman ýerini irizmeli däl. Eger üç günden soňam şol öýde galynmaly bolsa, onda öý eýesiniň hojalyk işlerine kömekleşmeli.

Myhman baran ýerinde islänini edip ýörmeli däldir. Oturanyňda köp girip – çykylýan gapa seredip däl-de, oňa arkaňy öwrüp oturmak has edeplilikdir. Bu öýüň aýal – gyzyna gözüň düşüp durmazlygy üçin edilýändir. Abdullah b. Mesud bir näsagy soramana gidende, ýanyndakylardan biri öýüň aýalyna zol – zol seredýärdi. Muny duýan Ibni Mesud gaharlanyp, oňa şeýle diýdi: “Wallahi, beýle seredip duranyňdan iki gözüň oýulsa gowy bolardy.”

Myhman hödür edilen zada göwnüýetmezçilik etmeli däldir. Eger halamaýan zady bar hem bolsa, ony aňdyrmajak bolmalydyr ýa-da: “Şu zady men öýümde-de iýip bilmeýärin”, “Bu maňa ýaranok”, “Berhiz tutýaryn” diýen ýaly sypaýyçylyk etmelidir.

Myhman bolup ýatymlyk gelnende, öý eýesiniň görkezen ýerinde oturyp, ýatyp – turmaly. “Men daşarda oturjak” ýa-da “başga jaýda ýatjak” diýip, myhman ýerini artykmaç alada goýmaly däl.

Myhmançylykdan öz wagtynda turmaly, öý eýesi bilen hoşlaşyp, çakylyk we hezzet – hormat üçin minnetdarlyk bildirmeli.

Jemläp aýdylanda, myhman almak we myhman bolmak adamlaryň arasynda mylakatly gatnaşyklaryň möhüm serişdesidir. Türkmen halkynyň arasynda myhman gelinmeýän öý gowy görülýän däldir. Şonuň üçin myhman çagyrmaly we myhman çagyrylan ýere hökman barmaly.

Myhmançylyga gelnende, myhman garşylananda, hoşlaşylanda ulanylýan dilegler.
Myhman garşylananda öý eýesi “Hoş geldiňiz!” diýer. Myhmana bolan mähribanlygy ýokarlandyrmak üçin “Hoş geldiňiz” sözüniň yzyna “Sapa geldiňiz” sözi hem goşulýar. Myhman gelen kişi bu ýagşy dileglere “Hoş gördük” diýip jogap gaýtarar.

Eger myhmanyň gelendigi maşgala agzalaryndan biri tarapyndan maşgalanyň ýaşulysyna habar berlende “Gelen döwlet!” diýip jogap berer we myhmany garşylamaga taýýar bolar. Türkmen halky baýlygy, jan saglygyny, köp çagalylygy, myhmany we ş.m. döwlet hasaplaýar.

Gijräk biriniň gapysyna, öýüne baran adam “Es-Selamü aleýkum!” diýen salamlaşmak sözünden soň ýa-da onuň deregine “Giç ýagşy” dilegi ulanýar. Manysy, gijräk gelenem bolsam, ýagşylyga geldim, gijäňiz ýagşy bolsun diýen sözlerden ybaratdyr. Onuň jogaby bolsa “Gelen ýagşy!” dilegidir. Munuň manysy bolsa, seniň gijräk geleniň aýyby ýok, ýagşy niýet bilen gelen bolsaň bolýar diýmekdir.

Myhman ugradylyp hoşlaşylanda öý eýesiniň eden hyzmatlaryna minnetdarlygyny we hoşallygyny bildirmek üçin “Sag boluň!” ýa-da “Hoş, sag boluň!”, “Sag oturyň!”, eger agşam-giçlik bolsa “Gijäňiz rahat bolsun!” diýip, ýagşy dileg edýär. Öý eýesi bolsa, “Saglykda görşeliň!”, “Agyran – ynjan bolsaňyz, razy boluň!”, “Toýda duşuşalyň”, “Dilegde boluň!” diýen ýagşy dilegler bilen jogap berip myhmany ugradar.

Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun.

HUTBA
هَلْ أَتَاكَ حَدِيثُ ضَيْفِ إِبْرَاهِيمَ الْمُكْرَمِينَ {24} إِذْ دَخَلُوا عَلَيْهِ فَقَالُوا سَلَاماً قَالَ سَلَامٌ قَوْمٌ مُّنكَرُونَ {25} 
فَرَاغَ إِلَى أَهْلِهِ فَجَاء بِعِجْلٍ سَمِينٍ {26} فَقَرَّبَهُ إِلَيْهِمْ قَالَ أَلَا تَأْكُلُونَ
“Saňa Ybraýymyň hormatly myhmanlarynyň (perişdeleriň) habary geldimi? Olar onuň (Ybraýymyň) ýanyna gelende “Salam” diýipdiler. Ol hem: “Size-de salam!” diýipdi. (Emma içinden): “Bular meniň tanamaýan adamlarym (eýgilik bolsun-da)” diýipdi. Ol (olara tagam getirmek üçin) gizlinlikde maşgalasynyň ýanyna gidip, semiz göläniň etinden tagam getirdi. Olaryň öňlerinde goýup: “(Tagam) iýmezmisiňiz!” diýdi.” (Zariýat 51/24-27).
يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا لَا تَدْخُلُوا بُيُوتاً غَيْرَ بُيُوتِكُمْ حَتَّى تَسْتَأْنِسُوا وَتُسَلِّمُوا عَلَى أَهْلِهَا ذَلِكُمْ خَيْرٌ لَّكُمْ لَعَلَّكُمْ تَذَكَّرُونَ
“Eý, iman getirenler! Özüňiziňki bolmadyk keseki öýlere rugsat soramazdan we eýelerine salam bermezden girmäň! Bu siziň üçin bähbitlidir. Bu hakda (oýlanyp) pikir edersiňiz diýip (şeýle öwüt berýäris)!” (Nur 24/27).

Pygamberimiz (S.A.W) hadysynda şeýle buýurýar: “Alla we ahyret günine iman eden – myhmanyna hödür-kerem etsin. Bir gün we bir gije oňa hyzmat etsin” (Buhary) Ýene-de Pygamberimiz (S.A.W) buýurýar: “Iki musulman duşuşan wagty musafaha edip, Aziz we Jelil bolan Alladan biri-birine bagyşlanmagy dileseler, entek bir-birinden aýrylmankalar Allatagala olary bagyşlar” (Buhary, Ebu Dawud).

Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06077 sek. ýüklenen baýt: 48439