Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Goşa baba haкynda rowaýatlar
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM
«Goşa baba» haкynda rowaýatlar. 

«Goşa baba» ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr obasynda ýaşap geçen ulamalaryň biri. Ol özüniň ömrüni mätäçlere, garyp-puкara adamlara elinden gelen кömegi aýaman gezen adam bolupdyr. Goşa baba 1898-nji ýylda doglup, 1971-nji ýylda dünýäden öten. «Goşa babanyň» кeramaty, haýyr sahawaty barada adamlaryň arasynda birnäçe gürrüňler bar. 

Toýdaky ahwal Obanyň iň gurply adamlaryndan biri deňli-derejeli toý tutýar. Toýuň çakylygy Saragt, Tejen, Ahal töwereklerine ýaýrapdyr. Toýa gaty köp ýerlerden adamlar ýygnansa-da, toý gaty tertipli geçýärdi. Adamlaryň ýaş aýratynlyklaryna garap, topar-topar oturdylyp, her topara aýry bekewül saýlandy. Molla-işanlar we dilleri senaly ýaşulular özbaşdak oturdylyp, saýlama bagşylar aýdym aýdyp, saz çalyp hezil berip otyrkalar, Goşa baba birden özünden gidip çaşýar. Toýa gelen märeke bu ýagdaýa haýran galyp, ýerli-ýerden Goşa baba kömek üçin kim tebip, kim lukman getirýär. Ony barlap, çaşar ýaly Goşa babada kemçiligiň ýokdugy ýüze çykarylýar. «Geliň, garaşyp göreliň» diýen karara gelnen wagty, ol özüne gelip, laňňa tutup oturýar. Bu ýagdaýy sorasalar: - Maňa hiç zat bolanok, ýöne meni gaty uzakdan başyna bir iş düşen adam ýürek bilen meni çagyryp, kömege mätäç boldy. Men şoňa gitdim - diýip jogap beripdir. 

«Goşa baba» hakynda rowaýatlaryň dowamy bar....

Okalan sany: 188   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05110 sek. ýüklenen baýt: 30277