Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
YBADATYŇ PARZ, WAJYP ADALGALARY
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

YBADATYŇ PARZ, WAJYP ADALGALARY 
بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ 

Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz parz, wajyp, sünnet, müstehap, mubah, mekruh we haram adalgalary barada bolar. Ynsan başyboş, ýöne ýere ýaradylan däldir. Edýän işlerinden jogapkärdir. 

Çünki ynsan, ynsan bolmaklygyň, ýagny ýer ýüzünde Allatagalanyň wekili bolmaklygyň jogapkärçiligini gerdeninde göterýändir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
 إِنَّا عَرَضْنَا الْأَمَانَةَ عَلَى السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَالْجِبَالِ فَأَبَيْنَ أَن يَحْمِلْنَهَا وَأَشْفَقْنَ مِنْهَا وَحَمَلَهَا الْإِنسَانُ إِنَّهُ كَانَ ظَلُوماً جَهُولاً “Biz amanaty (Allanyň dinini) asmanlara, ýere we daglara teklip etdik, emma olar muny götermekden boýun towladylar we (onuň jogapkärçiliginden) gorkdular. Ony ynsan boýnuna aldy. Takyk, ol örän zalymdyr we nadandyr.” (Ahzab sür. aýat 72) Ynsana berlen amanat; ilki akyl, erada we eradany ygtyýarly ulanmagyň zerurlygy babatyndaky jogapkärçilik we dini wezipelerdir. 

Bular göz öňünde tutulanda ynsan, akyl, pikir we ruhy barlykly bolup, ýer ýüzünde Allanyň oruntutary/ wekili hökmünde edýän işlerinden jogapkärdir. Bu jogapkärçiligiň netijesi bolup ynsanyň eden her bir hereketiniň, gürleýän her bir sözüniň we her bir işiniň, garaýşynyň bir manysy we soňy bardyr. 

Ynsanyň orta çykaran söz, pygyl we garaýyşlary manysyz, netijesiz däldir. Niýetine we sadalygyna görä kişi berjaý eden zatlaryndan ýa sogap gazanar ýa-da günä gazanar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
 وَلاَ تَقْفُ مَا لَيْسَ لَكَ بِهِ عِلْمٌ إِنَّ السَّمْعَ وَالْبَصَرَ وَالْفُؤَادَ كُلُّ أُولـئِكَ كَانَ عَنْهُ مَسْؤُولاً “(Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler.” (Isra sür. aýat 36) Ýagny ynsan, أَيَحْسَبُ الْإِنسَانُ أَن يُتْرَكَ سُدًى “Ynsan özünden hasap soralmaz öýder” (Kyýamat sür. aýat 36) aýaty kerimesinde hem aýdylyşy ýaly ýöne ýere ýaradylan däldir. Kişi eden işlerinden, sözlerinden soraga çekiljekdir. Agzymyzdan çykan her bir söz, içimizde saklan her bir niýet we berjaý eden her bir garaýşymyz Allatagalanyň bilgisiniň daşynda galmaz. 

Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: هُوَ اللَّهُ الَّذِي لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ عَالِمُ الْغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ هُوَ الرَّحْمَنُ الرَّحِيمُ “Ol özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol görülýän we görülmeýän (ähli) zady bilýändir. Ol Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim – şepagatlydyr).” (Haşr sür. aýat 22) Yslam dininde akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten her bir musulmana ybadatlary berjaý etmäge borçly (mükellef) kişi diýilýär we oňa ybadat jogakärçiligi ýüklenýär. 

Ybadatlary berjaý etmäge borçly (mükellef) bolan her bir musulman dini amallary ýerine ýetirmelidir. Yslamyýetiň dini taýdan jogapkär bolup biljek ýagdaýdaky kişilerden bir zadyň edilmegini ýa-da edilmezligini islemegi, bu islegiň anyk we baglaýjy bolup bolmazlygy, bu islegi bildiren deliliň Kuran we Sünnetde (Pygamberimiziň hadyslarynda) ýerini tapmagy we belli bir many aňlatmagynyň anyk bolup bolmazlygy ýa-da mükellefiň ony edip etmezlikde erkin goýlup goýulmazlygy ýaly pikirlere görä düzülen bu adalgalar parz, wajyp, sünnet, müstehap, mübah, mekruh we haram şeklinde ýedä bölünýär. Bular dini taýdan jogapkär ýagdaýdaky kişiniň eden işlerini (etmişleri), dini jogapkärçiligi nukdaý nazaryndan düşindiren adalgalardyr. 

Bu adalgalardan musulmanyň berjaý etmegi zerur bolanlaryny düşindirenler, güýçliden gowşaga dogry parz, wajyp, sünnet we müstehapdyr. Gowşakdan güýçlä dogry berjaý edilmezligi zerur bolanlar bolsa tenzihen mekruh, tahrimen mekruh we haramdyr. Bu iki toparyň arasynda hem berjaý edilmegi ýa-da terk edilmegi hususunda her haýsy dini jogapkärçilik bolmaýan pygyl we garaýyşlary aňladýan mubah adalgasy bardyr. Parz. Berjaý edilmegi Allatagala we Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) tarapyndan anyk we kesgitli deliller bilen emir edilen amallardyr. 

Günde bäş wagtyna namaz okamak, remezan orazasyny tutmak, belli mukdarda baýlyga eýe bolan gurply musulmanyň zekat bermegi, güýji ýeten adamyň haja gitmegi ýaly amallar parz amallardyr. Her bir musulman adam parz amallaryny hökman berjaý etmelidir. Parzy berjaý etmegiň sogaby bardyr. Parzy uzursyz (sebäpsiz) terk eden uly günä gazanar, ahyretde azaba duçar bolar. Parz amaly inkär eden adam dinden çykar. Parzyň iki görnüşi bar: 1.Parzy-aýn. Her bir musulman adamyň hut özüniň ýerine ýetirmegi hökmany bolan amallardyr. Günde bäş wagtyna namaz okmak, remezan orazasyny tutmak we ş.m. 2. Parzy-kifaýa. Käbir mususlmanlaryň berjaý etmegi bilen beýleki musulmanlardan jogapkärçiligiň aýrylýan amallarydyr. 

Jynaza namazyny okamak, Kurany ýat beklemek muňa mysaldyr. Parzy-kifaýanyň sogaby diňe ony berjaý edene degişlidir. Eger-de parzy-kifaýa hiç bir musulman tarapyndan berjaý edilmese, munuň üçin şol ýerde bolan hemme musulmanlar günäkär bolar. Wajyp. Hökümi parzyň derejesinde bolmasa-da, kesgitli deliller bilen emir edilen amallardyr. Gurbanlyk üçin janly kesmek, witir we baýram namazlaryny okamak ýaly amallar muňa mysaldyr. Wajybyň hökümi hem parzyň hökümine barabardyr. Amal edilse, sogap gazanylar, edilmese, ahyretde azaba duçar ediler. 

Wajyby inkär eden dinden çykmaz, ýöne uly günä gazanar. Ыслам дининде Сüннет, Mустехап we Харам барада. Sünnet. Pygamberimiziň (S.A.W) parz we wajypdan başga hut özüniň berjaý edip ýa-da edilenini görüp garşy bolmadyk, beýleki adamlaryň hem amal etmeklerini ündän sözleri, pygyllary ýa-da göwnäp ykrar eden zatlarydyr. Sünneti berjaý eden kişi sogap gazanar, berjaý etmeýän kişi günäkär bolmasa-da Pygamberimiz Muhammediň (S.A.W) şepagatyndan mahrum bolar. Çünki Serwerimiz (S.A.W) hadysy şerifinde şeýle buýurýar: 
“Meniň sünnetimi inkär eden menden däldir.” (Buhari, Muslim) Sünnetiň iki görnüşi bar: 1.Müekket sünnet. Pygamberimiziň (S.A.W) hemişe yzygiderli berjaý eden amallarydyr. Mysal üçin, ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri, azan, kamat we jemagat bilen namaz okamak müekket (kuwwatly) sünnetdir. Bu sünneti berjaý edenler Allatagalanyň dergähinde sylag – hormata mynasyp bolarlar we sogap gazanarlar. Terk edenler bolsa ýazgarylar.
2. Gaýry-müekket sünnet. Serwerimiziň (S.A.W) sogap niýeti bilen käwagt berjaý eden sünnetleridir. Muňa mysal hökmünde ikindi we ýassy namazlarynyň parzlaryndan öň okalýan sünnet namazlaryny belläp geçmek bolar. Bu sünneti berjaý edenler sogap gazanarlar, terk edenler bolsa günäkär bolmazlar. Mustehap. Pygamberimiziň (S.A.W) käwagt amal edip, käwagt terk eden, ýöne sahabalaryň we tabygynlaryň berjaý eden amallarydyr. 

Ertir namazyny daň agaranda okamak, tomusda öýle namazyny wagty giren dessine däl-de, biraz gijikdirmek, agşam namazyny bolsa azanyň yzysüre okamak mustehap amallara mysaldyr. Mustehap amallaryň berjaý edilmeginde sogap bardyr. Terk edilse, günä ýokdur. Mubah. Dini taýdan hiç hili hökümi bolmadyk, amal edilmegi ýa-da terk edilmegi her kişiniň öz erkinde bolan, ýagny ybadatlygy bildirilmedik oturyp – turmak, ýöremek, ylgamak, iýip – içmek, uklamak ýaly amallardyr. Mubah bolan işleriň amal edilmeginde, şeýle-de terk edilmeginde günä ýa-da sogap ýokdur. Haram. Yslamyýetde amal edilmegi anyk görnüşde gadagan edilen zatlar haramdyr. Yslamda doňuz etini iýmek, serhoş ediji spirtli içgileri içmek, humar oýunlaryny oýnamak, adam öldürmek, zyna etmek, gybat etmek, töhmet ýöňkemek, ogurlyk etmek ýaly zatlar haramdyr. Haramyň iki görnüşi bar: 1.Haram-li aýnihi. Her haýsy bir zat ýa-da amal hut özünde bar bolan bir zyýany, erbetligi sebäpli haram edilen bolsa, muňa haram-li aýnihi diýilýär.

 Bular, umuman, jany, maly, akyly, dini we nesli goramak maksady bilen haram edilipdir. Meselem, zyna nesliň arassalygyny, şerap akylyň durulygyny gorap saklamak üçin haram edilendir. 2. Haram-li gaýrihi. Aslynda halal bolup, wagtlaýyn bir sebäp bilen haram edilen zatlara bolsa haram-li gaýrihi diýilýär. Üzümi iýmek halaldyr, ýöne başga kişiniň bagyndan ogurlanyp alnan üzümi iýmek haramdyr. Bu ýerde asly halal bolan üzümi haram eden zat onuň daşyndan gelen bir sebäpdir, ýagny ogurlyk ony haram hala getirendir.
Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05433 sek. ýüklenen baýt: 44723