Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hazaryň kenarynda ýaňlanýan owazlar
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Hazaryň kenarynda ýaňlanýan owazlar.

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy özgerişlere beslenip, ýurdumyzyň Halkara abraýy belent derejelere göterilýär. Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry!” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän her bir raýatyň döredijiligine we sungatyna berilen uly ünsdir.

Döredijilik adamsynyň kalbyndan we zehininden döreýän her bir sungat eseriniň halk köpçüligine ýetirilip, oňa mynasyp baha berilmegi sungat eserleriniň has hem kämil derejelerde döremegine itergi berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işlerini, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp- dessurlaryny, agzybirlik, halallyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde zehinli döredijilik işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, habarçylarymyzyň, suratkeşlerimiziň, bagşy-sazandalarymyzyň alyp barýan işleri uludyr. “Türkmeniň Altyn asyry!” atly bäsleşigiň çäklerinde indi birnäçe ýyl bäri ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşigi hem öz meşhurlygyny gazandy.

Telebäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamakdan, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan uly üstünlikleri, onuň şöhratly taryhynda kemala gelen däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetlerini kämil eserler arkaly beýan etmekden, türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine ýardam bermekden, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olaryň iň ussatlaryny seçip almakdan we geljekde olaryň sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine giň ýol açmakdan, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige döwletimiziň ähli künjeklerinden ýaş zehinli aýdymçylar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ine, şu gün “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda bu bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry biziň Türkmenistan döwletimiziň gojaman Hazar deňzini etekläp oturan ajaýyp Türkmenbaşy şäherinde kenar ýakada ýerleşýän “Tolkun” seýilgähinde uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilip, onda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan jemi 14 sany ýaş zehinli aýdymçy ýaşlar gatnaşyp bagtyny synadylar. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan eminler topary tarapyndan bäsleşige gatnaşýan her bir aýdymçylaryň özlerine mahsus ses aýratynlyklaryna, janly çykyşlaryna, sahnada özlerini erkin alyp baryşlaryna, olaryň yerine ýetirijilik ukybyna, türkmen edebi diliniň kadalarynyň berjaý edilişine, aýdymlaryň çeperçilik derejesine şeýle hem sahna medeniýetine baha berdiler. Bäslesik örän çekeleşikli ýagdayda geçip, aýdym-sazyň şowhuny tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Hazaryň kenarynyň jana ýaramly, tämiz howasy bolsa raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin özboluşly ýakymly ýagdaýy şertlendirdi. 

Telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan aýdymçydan 2 aýdymçy ýagny, TDSG-nyň harby gullykçysy esger Muhammet Meredow “Serhet mukaddesligi” atly, Türkmenbaşy etrap Medeniýet merkeziniň aýdymçysy Amangül Hangeldiýewa bolsa “Perwana” atly aýdymy usatlyk bilen ýerine ýetirip, eminleriň 70 balyny alyp, ýeňiji saýlanmaga mynasup boldylar. Welaýat tapgyryň ýeňijileri bäsleşigiň Türkmenistan boýunça jemleýji tapgyryna gatnaşarlar we olardan diňe bir aýdymçy ýeňiji diýilip yglan ediler we oňa pul sylagy, bäsleşigiň ýeňijisiniň şahadatnamasy hem-de gymmat bahaly sowgat gowşurylar. Biz hem çeşme suwy ýaly şildiräp, baharyň mymyk şemaly kimin kalbyňa hoş ýakýan ajaýyp aýdymlary bilen diňleýjileriniň göwnüni awlap bilen ýaş zehinlerimize kämillikden kämillige ýol salyp, irginsiz gözleglerde taplanmaklaryny arzuw edýäris. Goý, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde olaryň mahmal owazlary belentden-belent ýaňlansyn! 

Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13931 sek. ýüklenen baýt: 34534