Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Goşa baba hakynda rowaýatlar
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM
«Goşa baba» hakynda rowaýatlar

«Goşa baba» ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr obasynda ýaşap geçen ulamalaryň biri. Ol özüniň ömrüni mätäçlere, garyp-pukara adamlara elinden gelen kömegi aýaman gezen adam bolupdyr. Goşa baba 1898-nji ýylda doglup, 1971-nji ýylda dünýäden öten. “Goşa babanyň” keramaty, haýyr sahawaty barada adamlaryň arasynda birnäçe gürrüňler bar.

 «Goýunly» waka Goşa baba bir obanyň içinden geçip barýarka, ýoluň gyrasynda goýnuň aýagyny güýlüp duran bir ýigide salam berip, saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soňra, Goşa baba ýigide ýüzlenip: «Inim, sen ol goýny soýjak bolýarmyň» diýip sorapdyr. Onda ýigit «Hawa» diýip jogap beripdir. 

Onda Goşa baba: «Sen ol goýny soýma, gerek bolsa başga birini soý. Eger ol goýny soýsaň, üç maly soýdugyň bolar» diýipdir. 

Onda ol ýigit: -Ýaşuly, duran ýerinde goýnuň içinde ýetik guzynyň bardygyny näbilýäň?– diýip soran. - Bilýän, inim, goýun seňki bolsa, soýma. 

Onda ol ýigit: - Bu goýun başlygymyzyň goýny, şu gün onuň öýüne myhman gelýär diýip meni işden alyp gaýtdy. 

Onda ýaşuly: - Bar-da, başlyga aýt – diýip, Goşa baba ýoluny dowam etdiripdir.

 -Ol ýigit bolan wakany başlyga aýtsa, başlyk käýinp, oňa goýny soýmagy buýrupdyr. Haçan-da, ol ýigit goýny soýanda, onuň içinden iki sany guzy çykypdyr. 

Maňa gürrüň berişlerine görä, şol paýyş sögünen başlyk bolsa, kän wagt geçmänkä, maşyn heläkçiligine duçar bolup aradan çykypdyr. 

«Goşa baba» hakynda rowaýatlaryň dowamy bar.
Okalan sany: 92   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07537 sek. ýüklenen baýt: 31100