Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM


Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz, günbe-günden özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyz ähli pydaklar boýunça giň gerimli ösüşlere eýe bolýar. Esasan hem ylym-bilim pudagy aýratyn üns merkezinde saklanylýan ugurlaryň bir bolup durýar. Çünki ýaş nesiliň kämil bolmagy ýurdumyzyň geljeginiň hem aýdyň boljagynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin ýurdymyzda ähli oňyn şertler döredilen. Aýratyn hem zehinli ýaşlarymyzyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli ugurlarda ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

 Ýokary derejede geçirilýän bu ýaryşlar ýaşlarymyzda arman-ýadaman okamak, bilim almak hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de aýdyň ösüşine önjeýli goşant goşmak hyjuwlaryny artdyrýar. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda mekdep okuwçylarynyň 9-11-nji synplarynyň arasynda “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde etrap hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçykar hormatly eziz Arkadagymyzyň başda durmagy bilen özleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär höküminde saýlanmaklaryny gazandylar.

 Mähriban ýaşlarymyz siziň ylymly, bilimli, sagdyn, ruhy taýdan baý bolmagyňyz üçin hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalaryna jogap edip: 2018-nji ýylda ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmeklige hem-de ýokary derejeli hünär eýesi bolup watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly ýaşlar bolmaklaryňyza uly umyt bildirýäris. - Hormatly, etraplarda hem-de welaýatlarda we şäherimizde ýaşaýan raýatlarymyz ähliňizi boş wagtlaryňyz ähli amatlyklary döredilen kitaphanalarymyzdaky kitaplarymyzy okamak arkaly bilim derejäňizi artdyrmaklyga çagyrýarys! Şeýle ajaýyp şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

Köpetdag etrabynyň orta mekdebiň mugallymy Ýazgül Gurbanowa

Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06705 sek. ýüklenen baýt: 31279