Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sagdyn nesil-Höwşen geljek
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Sagdyn nesil-Höwşen geljek 

Ýaryşlar, ýörişler, ýeňişler mekdebi diýilende, Berkararlyk döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstinlikler ýadyma düşýär. Hakykatdan-da, ýurdumyzyň sport ulgamyna öwrülýändigiň mysaly bir ýa-da iki dälde, iňňän köpdir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabatda diňe aziýa oýunlary däl-de, eýsem Olimpiýa oýunlarynyda geçirip boljakdygyny tassyklady. 

Umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji orny eýelän türkmen türgenleriniň 245 medala eýe bolmagy, Bütündünýä saglyk güni mynasybetli her ýyl geçirilýän sport çäreleri, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi, welaýat merkezleridir etraplarda, şäherlerde gurlan we gurulýan sport toplumlary, stadionlar ýurdumyzda sportyn köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny aňladýar.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýöreldesiniň, sportyn rowaçlanmagynda hormatly Prezidentimiziň hut özi görelde mekdebi. “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyrynda sport awtoulagyna erk ediş ussatlygy, 30 kilometr uzaklyga welosipedli ýöriş şonyň mysaly. Halkara guramalaryň 2019-2020-nji ýyllarda ýurdumyzda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hakdaky çözgüdi, şu ýylyň güýzinde agyr atletika boýunça paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionaty, Halkara Olimpiýa komitetiniň Türkmenistanyň toparlaryny 2020-nji ýylda Tokioda geçjek XXXI tomysky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga iberen çakylygy, hormatly Prezidentimiziň ony kabul etmek baradaky Karara gol çekmegi, Türkmenistanyň belent sport abraýyndan habar berýär. 

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä welosiped gününuň çäreleri hem milli Lidermiziň nusgalyk sagdynlyk ýärelgesiniň dünýä ýaýylýandygyny görkezdi. Bu köpugurly işler ýaş nesli sagdynlyga, ruhybelentlige ugrukdyrýar. Sagdyn, ruhybelent nesil bolsa ýurduň gymmatly baýlygydyr, röwşen geljegidir. 

Okalan sany: 57   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06942 sek. ýüklenen baýt: 31189