Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dünýä dolan hoş owaz
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Dünýä dolan hoş owaz

 Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň, şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň öň ýanynda, şu ýylyň 18-21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda «Nury Halmämmedowyň sazy-döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwalyň geçiriljekdigi baradaky habary türkmen ilimiz çäksiz hoşallyk bilen garşylady.

 Bu hoş habaryň diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem, bütin dünýäniň saz muşdaklarynyň ençemesini guwandyrandygam şübhesizdir. «Nury Halmämmedowyň sazy-döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwalyň geçirilýändigi baradaky hoş habar meni kompozitor baradaky ýatlamalar ummanyna atardy. Onuň gysga ömründäki geçen durmuş ýoly, guýmagursak kalbyndan dörän döredijilik dünýäsi, kompozitor barada döredilen sungat eserleri, ussat baradaky ýagşy ýatlamalar... 2008-nji ýylyň 9-njy noýabrynda welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň Daýna obasynda kompozitor Nury Halmämmedowyň 70 ýaş ýubileýi geçirilipdi hem-de heýkeli açylypdy.

 Heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmak maňa-da miýesser edipdi. Tolgundyryjy taryhy pursat gelip ýetýär. Kompozitoryň sazynyň ýaňlanmagynda ýaşyl ýüpek mata syrylyp, Nury Halmämmedowyň heýkeli açylýar. Dabara gatnaşyjylar ör turup, el çarpyşýarlar. şol pursat Nury Halmämmedowyň simfoniýalarynyň ýaňy hem gelýän ýaly bolýar. Sebäbi, şol gün obasyndan dokuz ýaşynda çykyp giden oglanjyk, dünýä meşhur kompozitor heýkel bolup, öz dogduk mekanyna dolanyp geldi ahyry! Biziň öňümizde Nury Halmämmedowyň aýak yzlary galan daşlaryndan örümi goýlan heýkel dur. 

Heýkeltaraş Saragt Babaýew kompozitoryň keşbini şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir welin, heýkeliň özünden kompozitoryň sazlary eşidilip duran ýaly. Ýadygärlik açyldy. Öňümizde ömri saza ýugrulan Nury Halmämmedowyň heýkeli dur. Kompozitor bilen duz-emek bolup gatnaşanlar tolguna-tolguna söz sözleýärler. Kompozitor bilen çagalar öýünde bile bolan obadaşy Nedir Döwletowyň sözleri örän gysga we tolgundyryjy bolýar. «Biz ençeme wagtdan soňra Nury jany obamyza getirdik». 

Nury Halmämmedow bilen döredijilik ummanynda bir gämide bile ýüzen, onuň ömrüniň ahyryna çenli hemrasy bolan ilimiziň meşhur aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýigrimi ýyl töweregi mundan öň teleýaýlymda çykyş edip, şu sözleri aýtdy: «Türkmen halky özüniň nepis halylary, ahal-teke atlary bilen dünýä bellidir. Ýöne türkmen halky Nury Halmämmet bilen hem äleme meşhurdyr». Nury Halmämmedowyň hem Atageldä bolan hormaty örän ýokary eken. Onuň kämahal aýdymça ýüzlenip: «Hudaý jan seni meniň üçin ýaradypdyr» diýäýmesi bar eken. Atageldi hiç haçan Nury barada tolgunman gürrüň berip bilenok.

 «Nury çekinjeň, akylly adamdy. Ol örän uly filosofdy. Oňa düşünmek gerekdi. Biz sözleşmän düşünişip bilýärdik. Ol örän sowatlydy. Milli saz bilen Ýewropa saz ussatlarynyň eserlerine utgaşdyryp, mukamy şeýle bir eýleýär weli, kalbyňy heýjana salýar. Özüne uly baha bilen garamaýan hem bolsa, «Inim döredeli, soň birwagt gerek bolar» diýerdi». Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow meşhur «Akja kepderi» aýdymynyň döremegine Nury Halmämmedowyň itergi berendigini elmydama mähir bilen ýatlaýar. «Dessan» aýdym-saz toparyna ýolbaşçylyk eden şamämmet Bäşimow bilen 2016-njy ýylyň noýabr aýynda söhbetdeş bolmak miýesser etdi. 

Men şonda «Akja kepderi» aýdymynyň döreýşi bilen gyzyklandym. şeýle hem oňa ýüzlenip: «Siziň döreden aýdym-sazlaryňyzyň aňyrsynda Nury Halmämmedowyň äheňleri bar ýaly duýulýar» diýdim. Ol: «Nury halypa barada şu sözleri ýerlikli gozgadyň, onuň aňyrsynda «Akja kepderiniň» hem döreýiş beýany bar»-diýip, gürrüňini süýjülik bilen dowam etdi. - Biz aga-ini ýaly bolup gatnaşdyk. Bir gün şeýleräk waka boldy. Ikimiz Aşgabadyň şol mahalky merkezi seýilgähinde dynç alyp otyrdyk, ol näme üçindir aladaly görünýärdi. Halypa ahyry dillendi: «şamämmet jan! Meniň iş ýerime gideli! (ol şol mahal Respublikan sazçylyk mekdep internatynda işleýärdi). Bäsleşik geçýär, saz taýýarladym, şony nota geçirip, ertir irden tabşyrmaly» diýdi. Baranymyzdan soňra ol öz eserine gümra bolup oturşyna: «Sende täze eser barmy? Belki, bäsleşige gatnaşarsyň. 

Aýdymyň, sazyň Watan hakynda, ýurt abadançylygy barada bolmaly» diýdi. Men hem ençeme ýyllap kalbymda göterip ýören bir sazymy hiňlenip berdim. Ol: «Inim, munyň taýýar aýdym bolup dur-a! Sen ertiriň özünde şuny bäsleşige tabşyr» diýdi. «Wah, halypa! Munuň entek sözleri-de ýok ahyry» diýdim. Ol: «Seniň bu ýerde ajaýyp sazyň bar, sözlerini ertire çenli ýazdyr, nota geçirip, hökman bäsleşige gatnaş» diýip teklip etdi. Men hem şobada şol mahalky halk döredijiligi öýünde işleýän tanşym şahyr Hudaýguly Allamyradowa jaň etdim. Ol şeýle gysga wagtda şygyr düzüp bilmejekdigini aýtdy. Soň Nury halypa oňa örän ynamly aýdan bolmaly. 

Ol ahyry ylalaşdy. şahyr bilen «Owadan» hyzmat öýünde sataşdyk. Men sazymy çalyp berýärin, şoňa görä-de Hudaýguly şygyr düzýärdi. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň aladasy netijesinde dörän şol aýdym «Akja kepderi». Nury halypa hem şol gün türkmeniň göwün töründen orun alan, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ile ýetirilen «Türkmen sährasy» aýdymyny bäsleşige hödürläpdi». Döredijilik bilen meşgul bolýan ynsanda täze eseriň döremegine itergi berýän bir sebäp bolýar.

 Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredowyň «Durna» atly ajaýyp eseri hem onuň 2013-nji ýylda Daýna obasyna baryp, beýik kompozitor Nury Halmämmedowyň çagalyk döwri oýnan ýerlerini, onuň uçup barýan durnalary synlap, guwanyp, bökjeklän baýryna çykyp, kompozitor bilen Çagalyk öýünde bir otagda bolup, aga ornuny tutup gezen Nedir Döwletowyň durnalar bilen baglanyşykly aýdyp beren gürrüňleriniň täsirinden dörän eserdir. 2013-nji ýylda kompozitoryň 75 ýaş ýubileýine gatnaşan suratkeş Nedir aganyň aýdyp beren gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmeýändigini, şonuň esasynda durna bilen baglanyşykly täze bir eser döredip, ony hem kompozitoryň Daýnadaky heýkeliniň ýanynda oturtmaklygyň arzuwyndadygyny ençeme gezek nygtap aýtdy. Ýaňy-ýakynda ol maňa jaň edip: «Durnamy» taýýarladym, Nury Halmämmedowyň 80 ýaş ýubileýine sowgat diýip, Daýnadaky heýkeliň ýanynda oturdyp gaýtdym» diýip, guwanç bilen habar berdi. Ynsanyň zandynda döredijilik bilen baglanyşykly bir hyýal bar bolsa, ol ony rahat oturtmaýar, ahyry bir ýerden dömüp çykýar. 

50-60 ýaşdan soňra-da döredijilik bilen iş salşyp, köpüň göwnünden turýanlar az däl-ä! Meniň siz bilen tanyşdyrjak bolýan suratkeşim Balkanabatda ýaşap, dürli kärlerde işlän, çagalyk döwründen bäri şekillendiriş sungaty bilen iş salşyp gelýän Täzemyrat Muhamow. Ol soňky döwürde ürç edip türkmen sungatyny ösdüren şahsyýetleriň keşplerini döredýär. «Nurberdi Gulow», «Pyhy Tagan», «Türkmen sazynyň kerwenbaşysy Mylly Täçmyradow» ýaly işleri köpleriň göwnünden turdy. Ýöne suratkeşiň yhlas siňdirip, Nury Halmämmedowyň 80 ýaş ýubileýine döreden portreti örän şowly çykypdyr. 

Işi synlanyňda, şu keşpler seni öz dünýäsine dolap alýar: iň öňde pikir ummanyna batyp oturan kompozitor, uzagrakda meşhur «şükür bagşy» kinofilminden bir görnüş, atyň üstünde arkasy dutarly oturan bagşynyň keşbi, asmanda hoş owaz bilen uzak illere uçup barýan durnalar. Bu eseri synlanyňda, kompozitoryň pelsepeli dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Men hem elmydama Nury Halmämmedowyň portretini işlemegiň, onuň özboluşly sada keşbini ilimize ýetirmekligiň niýetinde boldum. Netijede şol portret döredi: «Nury Halmämmet. Armanly köňül» atly portreti kompozitoryň 80 ýaşynyň dolýan güni, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli açyljak sergide goýmakçy.

Okalan sany: 104   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06993 sek. ýüklenen baýt: 38977