Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Şöhratly taryhymyzyň buýsanjy.
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Şöhratly taryhymyzyň buýsanjy.

 Ýurdumyzda nesilleriň ruhy hem-de ahlak taýdan kämilliginde halkymyzyň mirasyna uly ähmiýet berilip, türkmen halkynyň medeni-taryhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek işleri döwlet derejesindäki aladalar bilen gurşalandyr. Golaýda, Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli gadymy Dehistanda geçirilen «Dehistanyň baýrynda» atly medeni çärä taryhçylar, şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, talyplar hem-de esgerler gatnaşdylar.

 Çärä gatnaşyjylar gadymy Beýik Ýüpek ýoly geçen Dehistanyň taryhy baradaky anyk maglumatlar bilen tanyşyp, ýudumyzyň Balkan welaýatynyň günorta-günbatar künjeklerinde, Etrek etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gymmatly gadymy ýädigärliklerine baryp gördüler. Dehistan ýaýlasynda arheologiýanyň, binagärlik sungatynyň taýsyz gymmatlyklary, gadymy emeli suwarymly ekerançylygyň täsin subutnamalary ýerleşýär. 

Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzyň uzak geçmişdäki ýaşaýşynyň, medeniýetiniň ýeten belent derejelerini ylmy taýdan içgin öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Dehistan ýaýlalary bilen uzalyp gidýän «Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýoly munuň özboluşly tassyknamasy bolmak bilen, onuň ykdysady we medeni gatnaşyklardaky wajyp ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynyň hormatyna medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklaryny aýap saklamakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi raýatlarymyzyň her biriniň diliniň senasyna öwrüldi.


Okalan sany: 48   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17169 sek. ýüklenen baýt: 30303