Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Tebigata aýawly garamak - röwşen geljegiň rowaçlygy
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM


Tebigata aýawly garamak - röwşen geljegiň rowaçlygy.

 Türkmen tebigaty - gözelligiň gönezligi. Daglardyr düzler, deňizdir derýalar, çeşmelerdir çaýlar, gül öwüsýän ýaýlalar, giden tokaý zolaklary, saýraýan guşlar, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi - bularyň bary ynsan kalbyny heýjana salýar, ýaşaýşa höwesiňi artdyrýar. Halkymyz asyrlara uzap gidýän bütin taryhynyň dowamynda tebigata aýawly garap, onuň bilen ysnyşykly we sazlaşykly ýaşapdyr. Bu gün ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyz BMG-nyň kabul eden biologiki köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreş, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak we beýleki halkara Konwensiýalaryna goşulyp, bellenilen wezipeleri birkemsiz durmuşa geçirýär. Şeýle-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda kanunçylyk binýady berkidilip, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Tokaý kodeksi kabul edildi.

Bu kada kanunçylyklary ýerine ýetirmekligiň çäklerinde ýurdumyzda gurulýan iri senagat desgalarynyň, zawodlaryň, fabrikleriň ekologiýa ölçeglerine laýyk getirilýär. Ýurdumyzda biologiki köpdürliligi gorap saklamak maksady bilen döwlet goraghanalarymyzda we ylmy merkezlerimizde uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Hazar deňizinde göçüp-gonýan dürli görnüşli guşlaryň mesgen tutmaklary, köpelmekleri we dürli ösümlikleriň ýetişmegi üçin emel ada döredildi. Mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, tokaý zolaklary döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýat gözel tebigatymyzyň aýawly we hakyky eýeçilik göz bilen garalmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, onuň gözelliklerini geljekki nesillere ýetirmek babatdaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşmalydyr. 





Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06942 sek. ýüklenen baýt: 31850