Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Çopanyň minnetdarlygy «Goşa baba»
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

«Goşa baba» hakynda rowaýatlar 

Çopanyň minnetdarlygy Gulam Yrza diýen adam Sarahs etrabynyň kolhozlarynyň birinde atly çopanlaryň biri bolup işläp ýören döwründe, günleriň bir güni, şeýle bir şowsuzlyga duşupdyr. Tomsuň jöwzaly günleri çölde çopanlar uzakly gün ýatyp, giçlik howa salkynlansoň örleýärdiler. Gije ýadaw çopan birden uka gidipdir. Goýunlar otlaşyp ýören ýerinde yuwaş-ýuwaşdan çopandan arany açyp gidipdir. 

Gijäniň bir wagty oýanan çopan Gulam Yrza goýunlaryň hanjak gidenini bilmän, durup-durup gulak asýar, ne jaň sesi bar, ne-de it sesi. Gije diýseň ümsümlik. Çopan ol ýandan bu ýana ylgaýar, goýunlar ýok. Çopan gaty erbet gorkýar. «Baryp başga bir sürä goşuldumyka ýa-da möjekler ordasyna duşdumyka?» diýen gorkuly pikirlere düşüp, özüni nirä urjagyny bilmän, gaty heläk bolýar. Ol ýandan ol ýana ylgaýar. Diň salyp görýär bir süri goýundan derek ýok. Hiç ýerden ses-üýn çykmaýar, çopan aljyraýar. 

Gider ugruny ýitirip: «Eý, sadagasy boldugym, Goşa baba ýeriňde-ýurduňda bar bolsaň, şu gün meniň dadyma ýetişseň, seniň keramatly ugruňa bir malyň bahasy» diýip, Goşa baba sygynýar. Hiç ýerden uç tapyp bilmän, gaýgy-gam bilen goşuna gelse, goýunlar gäwüş gaýtaryp, ýatagy dolduryp duran, ýatagyň agzy ýapyk. Bu täsin ýagdaýy görüp, gamgyn çopan haýran galyp şatlanýar. Ýatagyň agzyny kim ýapdyka? Aradan birnäçe aý geçensoň çopan öýüne gelýär. 

Şol wagt Goşa baba işikde peýda bolup, Gulam Yrzany çagyrýar. Olar saglyk-amanlyk soraşyp bolansoňlar: «Çopan han, sag-aman geldiňmi? Gelen bolsaň, maňa bergimi berseň, men yzyma gaýtjak» diýen. Çopan: «Öýe girip çaýlaşaly» diýse-de, «Barmaly ýerlerim kän» diýip, aýdylan puly alyp gaýdan. Gelýärkä, obadaşlarynyň biri öňünden çykýar. «Hany, sen toý tutjak diýdiň-de, öňüň-soňuň gelmedi-le?» diýip soran. Onda ol adam: «Wah, toýa howlugýan welin, azajyk ýetmezim bar» diýen. Goşa baba bolsa çopandan alan pullaryny şoňa berip gidipdir. «Goşa baba» hakynda rowaýatlaryň dowamy bar.
Okalan sany: 165   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08339 sek. ýüklenen baýt: 31162