Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan- ak bugdaýyň Watany
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

“Türkmenistan- ak bugdaýyň Watany!” 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdyň oba hojalygyn-da düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýlelik-de Baky Bitarap Türkmenistanda kärendeçilerdir, mülükdarlaryň uly topary ösüp ýetişdi. Olar indi ýeriň hakyky eýeleri bolup halal zähmetden rysgal-döwlete, egsilmejek berekete ýetdiler. Bäş müň ýyl mundan ozal Änewiň düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaýyň tohumy tapylan bolsa biz ,,Türkmenistan ak bugdaýyň watany!” diýip arkaýyn aýdyp bileris. Hakykatdan hem ak bugdaýyň watanyna ýene-de asylky bereketi dolanyp geldi. Muňa türkmen gallaçylarynyňözal hiç mahal görülip eşidilmedik ýeten belent depgidi-de anyk şaýaslyk edýär.

Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda obany düýpli özgertmek gallanyň bolçylygyny dörötmek üçin iň kämil tehnikalar- traktorlardyr, kombaýynlar satyn alynýar. Bu kämil tehnikalar bereketli ene ýere täzeden jan berip ony keramatly topraga öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her bir sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryndan ugur alyp güýzlük bugdaý ekilýär. Prezidentimiziň karary bilen Mary, Ahal, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýundan, Daşoguz welaýatyndaý 13-nji iýunyndan, galla oragyna başlamaklyga ak pata berdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly biziň etrabymyzda hem gallaçyklar ýetişdiren bereketli bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwy bilenişleýärler.

Ýurdumyzda ýaşaýan we işleýän adamlaryň hiç biri gaýragoýulmasyz syýasy, ykdysady, döwlet ähmiýetli wezipäniöz wagtynda çözmekden çetde durmaly däldirler. Daýhanyň halal ýagdaýyny gowlandyrmak ugrunda çäksiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwlet ähmiýetli, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsyn! 


Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09125 sek. ýüklenen baýt: 32255