Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gymmatly ylym-bilmiň çyragy – Türkmenistan
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Gymmatly ylym-bilmiň çyragy – Türkmenistan

Biz ylym, innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň tarapdarlarydyrys.” Gahryman Arkadagymyzyň şu syýasaty netijesinde orta mekdepde okaýan okuwçylarymyzyň internet ulgamynda geçirilýän dünýä bäsleşiginde 130 sanysynyň ýeňişli orunlara mynasyp bolmagy, halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy netijesinde durmuşa ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalaryň sany gün geçdigiçe artýar. Bilim ulgamy üçin iň derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion bilim tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaklyga ýardam edýär. Innowasion bilim tehnologiýasy informatikanyň gazananlaryny hem-de informasion prosesleri durmuşa ornaşdyrmakdyr. 

Munuň üçin ozaly bilen, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň ylmy esaslary: informatika, informasiýa, informasion prosesler, informasion tehnologiýa düşünjelerini bilmek zerurdyr. Mekdep okuwçylarynyň aňly,düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli täze tehnologiýary çalt özleşdirip bilýän, innowasion usullary akylly-başly dolandyryp bilýän ýaş nesli kemala getirmegi, biz bilim işgärleriniň borjudyr. Innowasiýa höwesli, täzeçe pikirlenýän ýaşlary kemala getirmäge orta mekdepleriň maddy binýatlarynyň döwrebaplaşmagy we olaryň binýatlarynda çuňlaşdyrylan dürli ugurlar boýunça bilimi guramak, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň işleriniň sazlaşykly we üstünlikli bolmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanyny her bir guralýan sapaklarda peýdalanmakdan örän oňat netije gazanmak bolýar. 

Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik işi, çaga mähremligi, ynsanperwerligi, watançylygy mugallymlara nusgalyk mekdepdir. Hormatly Prezidentimiziň ýaş neslimize ýüzlenip: “Ylym ummanynyň ýollary ýeňil däldir. Şol ýollary geçmek üçin ýiti zehin, irginsiz zähmet, erk, tutanýerlilik, gujur-gaýrat we mümkinçilik gerek. Şularyň ählisiniň sizde bardygyna ynanýaryn” diýýär. Bu sözler türkmen ýaşlaryndan örän köp işleriň garaşylýandygyndan, olardan edilýän ynamyň uludygyndan habar berýär. Hut, şeýle ýaşlaryň kemala gelmegi üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde döwrebap mekdepleriň sany gün geçdigiçe artýar. Ine, etrabyň çetki obalygyna seretmezden Ýolöten etrabyndaky 42-nji orta mekdebi munuň aýdyň mysalydyr. Dünýä ülňilerine gabat gelýän täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu mekdep etrabymyzyň buýsanjy. 

Çünki bu mekdepde okaýan okuwçylar ýurt derejesindäki bäsleşiklerde ýeňişli orunlara eýe bolup, “Altyn”, “Kümüş” medallara mynasyp bolan okuwçylarymyz bar. Jemgyýetde ylymly, bilimli adamlaryň jemgyýet üçin, halk üçin gymmatlydygy barada XVIII asyryň nemes ýazyjysy Logann Wolfgang Gýote özüniň ölmez-ýitmez ajaýyp “Faust” eserinde has-da aýdyň görkezilýär. Islendik ýaşdaky adamy azdyryp bilýän şeýtan Mefistofeliň Fausty dogry ýolundan dändirip bilmändigini eserde gyzykly wakalar esasynda gürrüň edilýär. Faustyň alnynda adamy azdyryp biläýjek lezzetli zatlaryň ählisini goýýar. Emma ylymdan, bilimden ýüki ýeten Faust şeýtandan üstün çykýar. Eserde Faustyň keşbi arkaly ylymly, bilimli alym adamyň durnukly häsiýeti açylyp görkezilýär. 

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde bilim ulgamynda gazanylan netijeleriň ýokary görkezijileriň gözbaşynda Arkadag Prezidentimiz dur. Şeýle bolansoň, eziz Watanymyzyň röwşen geljegini kepillendirýän ýaş nesil hakyndaky aladanyň ýokary derejededigi bilen ugurdaşlykda ýurt Baştutanymyzyň ylym, bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine guwanjymyzyň we buýsanjymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň ylym, bilim ulgamynda ýaşlaryň düýpli bilimini we asylly terbiýesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn, jany sag, ýurdy abat bolsun!

Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05310 sek. ýüklenen baýt: 33050