Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GÜLKÄ ÝUGRULAN ÖMÜR
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM


GÜLKÄ ÝUGRULAN ÖMÜR

Ynsanyň ömri näçe gülkä beslense, şonça-da onuň ömri uzalýarmyş diýilýär. Sähel wagtlyk gülki hem ruhuňy beýgeldýär, keýpiňi çaglaýar. Eger seniň özüň gülki paýlaýan bolsaň-a, onda sen iň bagtly ynsansyň. Şeýle bagtly ynsanlaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti Jumadurdy Ýazmyradow golaýda 80 ýaşynyň toýuny toýlady. Halypa artisti göreniňden, ýüzüňde gülki alamatlarynyň peýda bolýandygyny özüňem duýman galýarsyň.

Jumadurdy Ýazmyradowyň döreden gülküli keşpleri şu günki güne çenli uludan-kiçä hemmeleriň gözüniň öňünde mydamalyk galan keşpler bolup kalplara siňip gitdi. Çagalykdan sungaty hemra tutunan ussat halypa ömrüniň köp bölegini türkmen radiosynda işläp, ençeme radiooýunlaryň režissýory boldy. Onuň döreden gahrymanlarynyň sany bolsa sanardan kän. Halypanyň ussatlygy, adamkärçiligi onuň abraýyny has belende göterýär. Öz iş tejribesini ýaşlara öwretmekde, hünärleri boýunça uly ýola gönükdirmekde halypanyň bitiren işleri bimöçberdir.

Ezberlik hem-de sadalyk bilen tomaşaçynyň göwün güzerinde düşläp, halkymyzyň arasynda meşhurlyga, uly at-abraýa eýe bolan halypa özüniň sungat ýoly barada şeýle gürrüň berdi:
– Men Büzmeýin etrabynyň Herrikgala obasyndaky 4-nji orta mekdepde okaýan döwürlerim, has dogrusy, entek 2-3-nji synpda okaýan wagtym sungat ýolunyň ilkinji baýragyna mynasyp bolupdym. Şeýdibem, okuwymy Moskwanyň A.W. Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatr institutynyň kino we drama aktýory hünärini ele alyp, türkmen radiosynda zähmet ýoluna başladym, häzirki bagtyýar döwrümizde-de, «Watan» radioýaýlymynda ýaşlaryň arasynda halypa bolup zähmet çekýärin.
Alty ogly, dört gyzy terbiýeläp ýetişdirip, agzybir maşgalada nesil daragty şaha ýaýyp, agtykdyr çowluklaryma, ýuwluklaryma guwanyp ýaşap ýörşüme, segsen ýaşyň gapymy kakanynam duýman galypdyryn. Şahyr aýtmyşlaýyn «Ýaşanyňa juda degýän» döwrümiz bar. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň pajarlap ösmeginde hormatly Prezidentimiziň eziz halky baradaky atalyk aladalary, söýgüsi ýatandyr.

Hawa, ussat halypa tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara mekdep. Ýaşlaryň her bir üstünligine begenip, gyzyldan gymmatly maslahatlary berýär. Halypa barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew şeýle gürrüň berýär:
– Men ony talyplyk ýyllarymdan bäri gowy tanaýaryn. Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda türkmen radiosynda «Göroglynyň atynyň ogurlanyşy» diýen ajaýyp radiooýun goýuldy. Ony biziň döwürdeşlerimiziň gaýtalap-gaýtalap diňlänleri hak. Şonda Juma Göroglynyň roluny örän ussatlyk bilen ýerine ýetiripdi.

Şol ýyllarda ol ussat artistler Gurbannazar Atakgaýew (Poşalak), Berdi Aşyrow (Emenek) bilen bile köp gülküli sahnalarda Topalak lakamy bilen teleýaýlymda kän çykyş ederdi. Olaryň döreden keşpleri ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Allatagala öz söýen bendesine zehini bol eçilermiş diýen bir pähim bar. Hakykatdan hem, tebigat Juma Ýazmyradowa köptaraplaýyn zehin beripdir. Ol režissýor hökmünde-de, artist hökmünde-de, ussat diktor, halypa hökmünde-de tanymal ynsan. Ol şahyrlaryň goşgularyny, esasan hem şahyr Mämmet Seýidowyň poemalaryny örän ussatlyk bilen okaýar. Juma Ýazmyradow şahyryň «Durun mukamy» diýen iň gowy poemasyny okap, radioda çykyş edende, poemanyň mazmunyna çuň düşünip, eseriň tebigylygyny saklap okaýar. Ol okan her bir eseriniň gynançly ýerini hasrat bilen, şatlykly ýerini begenç bilen, mazmuna görä okap, diňleýjä ýetirmegi başarýar. Juma Ýazmyradowyň ýatkeşligine-de haýran galaýmaly, şahyrlaryň goşgularynyň ençemesini ýatdan okanda, hakyky poeziýa uly hormat goýýandygyna göz ýetirýärsiň.

Ýüregi buýsanja pürepür zehinli halypanyň üýtgeşik döredijilik ýoly bar. Çyn zehini, janypkeş zähmeti, ukyp-başarnygy bilen sungatymyzyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, ömrüniň 62 ýylyny sungata bagyşlan Jumadurdy Ýazmyradow häzirki bagtyýar döwrümiziň bagtly ýaşulusy. Zehinli sungat ussady, halypa häzir hem gülkiniň muşdaklaryny daşyna üýşürip, gülki paýlamak edähedini dowam edýär. Biz hem ussat halypanyň gursagynyň gülküden doly bolmagyny arzuw edýäris.


Okalan sany: 115   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07554 sek. ýüklenen baýt: 34296