Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Üstaşyr geçirijiler halklary ysnyşdyrýar
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Üstaşyr geçirijiler halklary ysnyşdyrýar


Häzirki zaman ýol-ulag, aragatnaşyk düzümini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan ylmy çözgütlerden takyk derejede ugur alnyp kesgitlenen ykdysady strategik maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň geografik ýerleşişi boýunça Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollarynyň çatrygynda bolmak bilen, ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmekde saýlanyp alnan ýol parahatçylyga ýugrulan ösüş ýoludyr. Milli Liderimiz «Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýol-ulag düzümini kämilleşdirmekde, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda amala aşyrýan işleri örän uly bolup, olaryň her biri halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge esas döredýär. Muňa Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysy hasaplanylýan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýollary hem doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de, awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak bilen, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmekde hem uly işler amala aşyrylýar. Amyderýanyň üstünden demir we gara ýol köprüleriniň gurulmagy, şeýle-de, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köprüleriň gurulmagy ýol-ulag düzüminiň utgaşdyrylmagyna esas döredýär. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde howa menzilleriniň, Türkmenbaşy deňiz portunyň halkara derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň howa, suw ýollary arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegine esas döredýär.

Ýangyç-energetika pudagynda turbageçirijiler we elektrik geçirijiler arkaly hem halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Muňa Türkmenistan – Eýran iki şahadan, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijileri doly derejedäki subutnamalardyr. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi hem geljekde halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge esas döretjek gaz geçirijidir. Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň berilmegi hem halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýän ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň öňe sürýän dürli ugurdaky teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saýlanyp alnan ýoldugyna parahatçylyga ýugrulan ýoldugyna güwä geçýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýär. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda ulag düzümini ösdürmekde alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aňladýar.

Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiz kämil ulag üstaşyr geçirijilerini, transmilli gaz geçirijilerini gurup, öz halkynyň, şeýle hem, goňşy halklaryň parahat, ysnyşykly ýaşamagy, olara energiýa serişdeleriniň elýeter bolmagy barada uly tagallalar edýär. Edilýän ynsanperwer işler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň at-abraýyny has hem belende galdyrýar.

Parahatçylyga ýugrulan ösüş ýolumyzyň sakasynda durup, halkymyzy aýdyň ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn!

Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09229 sek. ýüklenen baýt: 33098