Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
NEBIT ÇYKARMAKLYGY GÜÝÇLENDIRMEGIŇ KÄBIR USULLARY
Ýazylan wagty: 19 июня 2018 Ýazan NEXTTM

NEBIT ÇYKARMAKLYGY GÜÝÇLENDIRMEGIŇ KÄBIR USULLARY

Dünýäniň islendik uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdunda nebitiň çykarylyşyny artdyrmaklyk wajyp mesele we uly wezipe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, talyplara we ýaş alymlara gollanma bolar ýaly, nebit çykarmaklygy güýçlendirmegiň dürli ýurtlarda ulanylýan käbir usullarynyň üstünde durup geçmeklik maksadalaýyk hasaplanýar.

Dünýä nebitgaz tejribesinden belli bolşy ýaly, nebitiň çykarylyşyny güýçlendirmegiň käbir usullary, ýagny önümli gatlaklaryň nebit berijiligini artdyrmaklyga gönükdirilen çäreler, esasan, şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

a) ýerasty gidrodinamiki kadalara laýyklykda, nebiti gatlakdan gysyp çykarmak, ýagny «porşen effekti» döretmek;
b) önümli gatlaklardaky uglewodorodlaryň fiziki-himiki häsiýetlerine täsir etmek;
ç) gatlaklaryň geologiýa-fiziki häsiýetlerine täsir etmek. 

Nebiti gatlakdan gysyp çykarmaklyk önümli gatlagyň tebigy energetiki we käbir beýleki şertleri bilen baglylykda, köp halatlarda gatlaga emeli ýagdaýda, ýokary basyşda suw goýbermek (suwlandyrma usuly) arkaly amala aşyrylyp bilner. Bu usul, esasan, gatlakdaky nebit-suw galtaşma (suduryň, konturyň) çäginiň daşyndaky (nebitli meýdany uly bolmadyk, gatlagyň sudurynyň daşyndaky bölegi bilen onuň içindäki böleginiň arasynda ýeterlik derejede gidrodinamiki baglanyşygy bolan) we nebit-suw galtaşma suduryň içindäki (nebitli meýdany uly bolan, gatlagyň sudurynyň daşyndaky bölegi bilen onuň içindäki böleginiň arasynda gidrodinamiki baglanyşygy ýok ýa-da baglanyşygy kyn bolan) känler (ýataklar) üçin ulanylýar. Bilermenleriň kesgitlemelerine görä, bu usuly ulanmak arkaly önümli gatlaklaryň nebit berijiliginiň derejesini 60–70 göterime çenli ýokarlandyryp bolýandygy nygtalýar. Şeýle hem, gatlakdan nebiti gysyp çykarmaklyk käne (ýataga) emeli ýagdaýda, ýokary basyşda gaz (tebigy ýa-da howa) goýbermeklik arkaly amala aşyrylyp bilner. Bu usul boýunça gatlagyň ýokarky bir bölegine, esasan, onuň ýokary geçirijilikli (syzdyryjylykly) we gatlagyň ýer astyndaky ýatyşynyň aşak inme burçy 10º-dan ýokary bolan ýa-da onuň ähli meýdany boýunça – kollektor-jynslaryň pes geçirijilikliginde we gatlagyň ýer astyndaky ýatyşynyň aşak inme burçy 10º-dan az bolan ýagdaýynda gaz goýberilýär. Bu usuly ulanmak arkaly gatlagyň nebit berijiliginiň derejesini 5–25 göterim aralygynda artdyrmaga mümkinçilik döreýär. 

Ýerasty gatlak şertlerinde nebite täsir etmeklik onuň şepbeşikligini we nebitiň bar bolan ýerlerindäki dag jynslaryň-kollektorlaryň gurluşyny düzýän dänejikleriň üstünde ýelmeşip durmasyny (saklanmasyny) peseltmäge, onuň fazalaýyn syzdyryjylygyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle täsir etmeklik üstişjeň maddalary, karbonlaşdyrylan suwy ýa-da kömürturşyny, uly basyşly gury we metan gazy, ýagly we gysylan gazy (nebitiň gaz bilen eremegine getirýär), misellýar erginleri (nebit sulfonaty, polimerleri), organiki eredijileri (agyr spirtleri, gaz benzini) we başga himiki serişdeleri ýerasty önümli gatlaklara goýbermek arkaly amala aşyrylýar. Alymlaryň bellemegine görä, bu usuly ulanmak arkaly gatlagyň nebit berijiligi 50–70 göterim möçberde artýar. Gatlaga buguň we gaýnan suwuň goýberilmegi onuň nebit berijiligini 15–25 göterim artdyrýar diýip, bar bolan maglumatlarda nygtalýar. Bulardan başga-da, gatlakda hyjuwlanma çeşmesini döretmek usuly hem ulanylýar. Käbir maglumatlara görä, gatlagyň gazlanmasynyň derejesiniň ýokarlanmagynyň, buguň emele gelmeginiň we başgalaryň täsiri astynda gatlakdaky basyşyň artmagynyň netijesinde we önümli gatlagyň geologiýa-fiziki häsiýetlerine laýyklykda, önümli gatlagyň senagat derejesindäki nebit gorunyň, takmynan, 75–90 göterimini çykaryp almaga mümkinçilik döreýär.

Gatlak suwunyň fiziki-himiki häsiýetlerine dürli goýaldyjylar (suwuk aýna, smolalar, poliakriamidler we başgalar), suw-gaz garyndylar we köpürjikler bilen täsir etmeklik nebiti suw bilen gysyp çykarmak prosesini durnuklaşdyrmaga we onuň fazalaýyn geçirijiliginiň peselmeginiň netijesinde ugurdaş gazyp çykarylýan suwuň gelmesiniň möçberiniň azalmagyna getirýär. Alymlaryň kesgitlemeklerine görä, bularyň netijesinde gatlagyň nebit berijiligini 20 göterim we ondan hem ýokary derejede artdyrmaklyk başardýar. Gatlaklaryň petrofiziki ölçegleriniň gowulanmagy ýa-da olara karbonlaşdyrylan suwuň, kömürturşynyň, aşgarlaryň, kükürt kislotasynyň goýberilmegi, ýa-da kuwwatly ýerasty (ýeriň üstünde duýulmaýan we hiç zada zyýansyz) partlatma bilen gazanylýar; şeýle edilende, gatlaklardaky öň bar bolan köne jaýryklar giňelýärler we olarda täze jaýryklar emele gelýärler diýip, alymlar belleýärler.

Nebiti çykarmaklygy güýçlendirmegiň gatlaga bakteriýalar bilen täsir etmek (bakteriýal) usullary hem bar. Bu uglewodorodlary okislendiriji (turşadyjy) we gaz emele getiriji mikroorganizmleri hem-de olar üçin ýokumly iýmitiň substratlaryny suw gysyjy guýularyň üsti bilen gatlaga goýbermekden, şeýle hem bakteriýalaryň aerob we anaerob biosenozlaryny işjeňleşdirmekden ybarat bolup durýar. Clostridium toparyndan bolan gaz emele getiriji bakteriýalar has işjeň bolýarlar. Olar bahasy arzan ýokumly iýmitiň substratlarynda (kölüň gyrmançalary, laýy) nebitiň kollektorlardaky şepbeşikligini azaldýan we süýşgenligini artdyrýan metan (CH4), kömürturşy gazy (CO2), wodorod gazy (H2), azot gazy (N2) birleşmeleriniň we elementleriniň ep-esli mukdaryny emele getirýärler. Mikroorganizmleriň ýaşaýşa ukyplylygynyň netijesinde jynslaryň öýjükliliginiň ýokarlanmagy, nebitiň ýerasty gatlaklardaky dag jynslarynyň – kollektorlaryň gurluşyny düzýän mineral dänejikleriň üstünde bitip başlamasyny azaltmagy mümkin, diýip hasaplaýarlar. Alymlaryň bellemeklerine görä, bakteriýalar bilen täsir etmekligiň usullaryny ulanmak bilen çägedaşly we hekdaşly kollektor-gatlaklaryň syzdyrylyjygy 0,1 mkm2-den ýokary bolan, nebit berijiligi düşüp barýan känleriň şertlerinde has oňyn netije almak bolýar. 

Ýokarda beýan edilenler bilen baglylykda, häzirki wagtda önümli gatlaklaryň nebit berijiligini güýçlendirmäge gönükdirilen, ýokarda sanalyp geçilen usullaryň köpdürli kämilleşdirilen görnüşleriniň hem bardygyny bellemek gerek.

Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05342 sek. ýüklenen baýt: 36037