Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Syýahatçylygyň we jahankeşdeligiň taryhy
Ýazylan wagty: 20 июня 2018 Ýazan Mayichka
Syýahatçylygyň we jahankeşdeligiň taryhy. Türkmenistanyň gaýry ýurtlar bilen syýahatçylyk, söwda-täjirçilik we medeni gatnaşyklary özüniň taryhy köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Şu meseläniň häzire çenli hiç kim tarapyndan öwrenilmändigini we bu barada hiç bir ylmy işiň ýazylmandygyny belläp geçmeli. Şeýle-de bolsa, gadymy ýadygärliklerde arheologlar tarapyndan gazuw –agtaryş işleri geçirilende tapylýan import önümleri, galyberse-de gadymy we orta asyr ýazuw ýadygärlikleriniň maglumatlary baryp 4-5 müň ýyl mundan ozal türkmenleriň goňşy ýurtlar bilen jahankeşdelik, söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýandyklaryna şaýatlyk edýär. Meselem, b.e.ö. III-II m.ý. degişli bolan şäher-döwleti Altyn-depeden, ýa-da Marguş ýurdunyň birnäçe ýadygärliklerinden tapylan tapyndylar esasynda alymlar, şol döwürde Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa, Elam ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklaryň bolandygyny subut etdiler. Sözümiz gury bolmaz ýaly aýtsak, piliň süňkünden ýasalan önümleriň Hindistandan, ýarym gymmat baha daşlarynyň (takyk, Maşat daşy) Eýrandan, zoomorf (aždarhanalaryň we beýleki haýwanlaryň) we antropomorf şekilli bürünçden ýasalan möhürleriň Hytaýdan getirilendikleri; Altyn-depäniň merkezinden gazylyp açylan ybadathananyň Mesopotamiýadaky zikuratlar bilen örän meňzeşligi, ol ýerler bilen ýakyn gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, Beýik Ýüpek Ýolunyň ilkinji şahalary hut şol döwürlerde döräpdir. Goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşyklaryň bolandygyna iň gadymy ýazuw çeşmeleri bolan, Eýranyň çäklerinden tapylan “gaýa ýazgylary”, Nusaýdan tapylan 2700 töweregi ostrokonlar (küýze döwükleriniň ýüzüne ýazylan ýazgy) Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän Mug dagyndaky gadymy köşgüň harabalyklaryndan tapylan 90 ýakyn derä, hytaý kagyzyna we agajyň şahalaryna ýazylan ýazgylar; Gadymy Horezmiň çäklerinde ýerleşen ýadygärliklerden, esasanam, Toprak – galadan we Gäwürgaladan tapylan deriň we tagtajyklaryň ýüzüne ýazylan ýazgylar, şeýle hem gadymy döwürde Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde döwlet dini hasap edilen zoarostrizm (otparazlyk) dininiň keramatly kitaby bolan Awesta şol ýurtlaryň arasynda syýasy, söwda, medeni gatnaşyklaryň ösendigine şaýatlyk edýär. Eýrandan tapylan gaýa ýazgylarynyň iň ähmiýetlisi b.e.ö. VI-IV a.a. häkimlik eden Alhemenitleriň şasy Dariý I (522-486 ý.ý.) ýazdyran Bisütün (Behistun) ýazgysy bolup, ol häzirki Kermanşah bilen Hamadanyň ortalygynda, Bagdatdan Raga gidýän gadymy kerwen ýolunyň ugrunda, 70 metr belentlikde gaýaň ýüzüne 3 dilde (gadymy pars, elam we wawilon) ýazylypdyr. Ýene-de bir aýtmaly zat, ol hem, Ahemenit şalarynyň özlerine tabyn eden ýurtlarynyň ählisinde birnäçe reformalary, ýagny ýer, suw, harby, pul, ýol reformalary geçirmegidir. Şoňa görä, olar bütin Merkezi Aziýanyň ýerleşen ýerini 20 satrapa (welaýata) bölüpdirler, ýagny: Hazar deňziniň günorta tarapyny, häzirki Balkan welaýatynyň ýerleşýän ýerini – Girkaniýa diýip; Köpetdagyň demirgazyk tarapyny, häzirki Ahal welaýatynyň bir bölegini we demirgazyk Eýranyň bir bölegini-Parfiýena diýip; Häzirki Kaka etrabynyň ýerlerini – Aparwtikena. Häzirki Saragt etrabynyň ýerlerini – Ariýa diýip; Murgap derýasynyň aşaky akymyny – Margiýana; Amyderýanyň sag kenaryny – Baktriýa diýip; Amyderýanyň aşaky akymyny, häzirki Daşoguz welaýatynyň ýerlerini – Horesmiýa diýip; Häzirki Täjigistanyň ýerlerini-Sogdiýana diýip, atlandyrypdyrlar we ösen ýol, poçta ulgamlaryny döredipdirler. Ýagny, kerwenleriň bir günki geçýän ýoly 6-7 farsaha (35-40 km.) deň bolup, eger ilaty ýerler ýok bolsa, gije düşlär ýaly kerwensaraýlar, guýylar we ş.m. gurlupdyr we ýörite ýol ulaglary (atlar, düýeler, gatyrlar) saklanylypdyr. Şeýlelikde, imperiýanyň merkezinde (Häzirki Yspyhanyň golaýynda ýerleşen Persopol) oturan şanyň permany çet ülkelere-de tiz wagtda ýetirilipdir. Umuman, Orta Aziýanyň Ahemenit döwletine birikdirilmegi we Beýik Ýüpek Ýoly adyny alan şol ýollaryň gurulmagy Türkmenistanyň ýakyn Gündogarynyň ýurtlary bilen söda aragatnaşyklarynyň ösmegine we Müsüriň, Mesopotamiýaň we Kiçi Aziýaň medeniýeti bilen tanyşmagyna getirýär. Beýik Ýüpek Ýoly ýapon adalaryndan tä Ortaýer deňzine çenli, ýagny 12 müň km. çemesi uzynlyga ýetip, bütin Gündogaryň içinden geçipdir. Bu ýol barada, onuň ugrundaky ýurtlar, halklar barada ýazan gadymy syýahatçylardyr-taryhçylaryň (Gerodot-b.e.ö. V asyr, Polibiý – b.e.ö. II asyr, Ptolomeý – b.e. II asyr, Isidor Harakskiý I asyr) maglumatlaryna görä, Ýüpek Ýolunyň dürli ugurlary Ata Watanymyzyň gadymy şäheriniň, iri obalarynyň köpüsiniň üstünden geçipdir. Bu bolsa, ata-babalarymyza gaýry ýurtly täjirler bilen söwda-satyk, alyş-çalyş etmäge, ruhy-medeni, hojalyk babatda birek-birek bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik beripdir. Hat-da, X asyrda öz syýahatynyň netijesinde “Ibn Fadlanyň Wolga syýahaty” atly işinde, türkmenleriň ýüpek ýoly bilen gatnaýan kerwenlere oňaýly garaýşyny, olara edýän kömegini we hat-da geçegçi täjirlere nesýe pul, haryt we mal berişlerini, täjirleriň gaýdyşyn şol zatlaryň eýeleri bilen öň şertleşilişine görä hasaplaşandyklaryny ýazypdyr. Şeýle hem, taryhy çeşmelerde türkmenleriň has irkiräk döwürlerden bäri kerwenleri belli bir aralykda tölegli gorap berendikleri barada hem maglumatlar bar. Orta asyrlarda, esasan hem, Seljuk türkmenleriniň soltany Mälik-şanyň döwründe (1072-1092 ý.ý.) Türkmenistanyň çäklerinden geçýän söwda ýollary iň bir gatnawly ýollara öwrülipdir. Şol döwürde kerwenlerden alynýan paç-tölegler tertibe salnypdyr we ençeme amatlyklar döredilipdir, ýagny, şäherlerde we ýollaryň ugrunda kerwensaraýlar we sardoblar gurlypdyr. Bu bolsa jahankeşdeligiň we täjirçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Şol döwürlerde Merkezi Aziýanyň esasy medeniýet merkezleriniň biri Merw bolup, ol söwda-kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Merwde Hytaýdan we Hindistandan Günbatara tarap gidýän “Beýik Ýüpek ýolunyň” esasy şahalary birleşipdir. Gündogardan gelýän söwda-kerwen ýollarynyň bir şahasy Merwiň üsti bilen Hyrada we Pars aýlagyna tarap gitse, ikinjisi Sarahs, Nişapur şäheriniň üsti bilen Mesopotamiýa tarap gidipdir. Üçünji şahasy Abiwerd, Nusaý, Gekatampil şäherleriniň üsti bilen günbatara-Ortaýer deňziniň gündogar kenaryna tarap gitse, dödünjisi Garagumyň üsti bilen demirgazyga – Horezme gidipdir. Bu ýollaryň Merw-Horezm şahasy M.E. Masson tarapyndan, Merw-Gerat şahasy G.A. Pugaçenkowa tarapyndan we Merw-Sarahs şahasy G. Adykow tarapyndan geçen asyryň 60-njy ýyllarynda öwrenildi we olaryň ugrunda ýerleşen 100-çe kerwen – saraýlar, sardoblar, ilatly puktlar orta asyr geograflarynyň, syýahatçylarynyň “ýol görkezijilerindäki” maglumatlar bilen deňeşdirilip, takyklanyldy. Orta asyrlarda ýazylan şol 10-ça “ýol görkezijileriň” diňe bir söwda ýa-da syýahatçylyk üçin niýetlenilmändigini, eýsem, başga maksatlar üçin hem peýdalydygyny, 902-908 ý.ý. Arap Halyflygynyň poçtasynyň başlygy Kudamy özüniň “Haraç barada kitap” diýen eserinde belläp geçýär. Ol: “Poçta üçin kanselýariýa gerek. Kanselýariýaň başlygy üçin bolsa, haçanda ondan Halyf nirädir-bir ýere goşun ibermekçi bolup ýa-da gitmekçi bolup sorasa, ýollary bilmek zerurdyr. Şonuň üçin biz ýerleriň, duralgalaryň atlaryny, olaryň aradaşlygyny, suw bilen, kynçylyk bilen baglanşykly beýleki ýagdaýlaryny görkezmelidiris” – diýip, ýazypdyr.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06250 sek. ýüklenen baýt: 35880