Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“Köne Nusaý” Döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasy
Ýazylan wagty: 20 июня 2018 Ýazan Mayichka
“Köne Nusaý” Döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasy. “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni muze-goraghanasy 1982-nji ýylda Ruhabat etrabynyň Bagyr obasynyň çäklerinde ýerleşýän Köne we Täze Nusaý galalaryny we orta asyr binagärçiligine degişli desgalary goramak maksady bilen döredilýär. Türkmenistanyň hökümetiniň teklibi boýunça Köne Nusaý galasy ÝuNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna goşulýar. Parfiena barada ilkinji taryhy ýatlama zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan «Awestada» bar. Parfiena Dariý Gistaspyň (b.e.ö. VI asyrda) Behistun ýazgysynda hem agzalýar; şol wagtlar Parfiena kuwwatly Ahemeniler döwletiniň paç töleýän welaýatlaryndan – satrapiýalaryndan biri bolupdyr. B.e.ö. IV asyrda Parfiena Aleksandr Makedonskiniň imperiýasynyň, ol ölenden soň tiz wagtyň içinde selewkitleriň ellin döwletiniň düzümine giripdir. B.e.ö. III asyryň ortasynda Merkezi Aziýa halklarynyň grek hökümdarlygyna garşy ençeme gozgalaňlary bolupdyr, şonuň netijesinde Parfiena selewkitlerden aýrylypdyr we öz garaşsyzlygyny gazanypdyr. Parfiýa döwleti 471 ýyl ýaşapdyr. Döwletiň ady ony esaslandyran çarwa parn taýpalary bilen baglanyşykly bolupdyr. Olar Oh derýasynyň boýunda ýaşapdyrlar. (Oh derýasynyň häzirki haýsy derýadygy hakyndaky mesele jedelli. Alymlaryň bir topary ony Tejen derýasy, başgalary bolsa Etrek derýasy diýip hasaplaýarlar.) B.e.ö. III asyryň ortalarynda selewkieriň elinden döwleti basyp alan taýpa serdary Ärsak „patyşa” diýlip yglan edilipdir. Parfiýa ýyl ýazgylaryndan „parfiýalylaryň asyry” b.e.ö. 247-nji ýyldan başlanypdyr. B.e.ö. 232-231-nji ýyllarda Selewk II (siriýaly) Parfiýa garşy urşa synanyşypdyr. Ärsak goňşy Grek–Baktriýa patyşalygy bilen ylalaşyk baglaşyp, selewkilere berk zarba urýar. Söweş ýeňişli tamamlanmanka, Siriýadan köşk oňşuksyzlygy hakynda howsalaly habar gelýär we Selewk öz ýurduna gidýär. Ara düşen parahatlygy Ärsak netijeli peýdalanypdyr. Şol döwürde ol galalar salypdyr, obalar gurupdyr, goşunyny artdyrypdyr. Ärsak aradan çykandan soň Artaban I (b.e.ö. 211-196-njy ý.ý.) patyşa bolýar. Onuň edara eden döwründe Parfiýa döwleti güýçlenmegini dowam edipdir. Eýranyň gadymy etraplaryndan biri Midiýany eýeläpdir, emma selewkileriň garşylygy sebäpli ol ýerde berk ornaşyp bilmändir. Şondan takmynan 50 ýyl geçenden soňra Parfiýa patyşasy Mitridat I (b.e.ö.171-138-nji ý.ý.) Midiýa berk ornaşýar hem-de günbatara tarap ýöriş edýär. B.e.ö. 141-nji ýylda Wawilon patyşalygy Parfiýany ykrar edýär. Mitridat I Tigr derýasynyň boýundaky Selewkiýa säherini eýeleýär hem-de özüniň Wawilon patyşasy diýlip jar edilmegini gazanýar. B.e.ö. II asyryň ortalarynda Parfiýa patyşalygyna Grek-Baktriýa satrapiýalarynyň ikisi birleşdirilýär. Şeýlelikde, parfiýalylar günbatarda Eýrany tutuşlygyna, Wawilony, Mesopotamiýany, gündogarda bolsa Päkistanyň häzirki çäklerine çenli bolan ýerlerini özlerine birikdiripdirler. Emma şeýle giň ýerleriň öz içki kynçylyklary bar eken. Parfiýanyň çäklerinde köp sanly grek şäherleri bolupdyr. Ol şäherleriň ilaty selewkiler döwründäki artykmaç hukuklaryny we ýeňilliklerini ýitirmek islemändirler. Hut şoňa görä-de olar – selewkiler we rimliler, parfiýalylara garşy ýaragly göreş alyp barypdyrlar. Ençeme ýyla çeken ýaragly çaknyşykdan soňra, diňe b.e. I asyrynyň ortalarynda ellinistik döwletiň syýasy täsiri ýok edilýär. Grek şäherleri gutarnykly suratda awtonomiýalykdan mahrum bolýar. Emma Parfiýa döwletiniň içindäki welaýatlarda – satrapiýalarda närazylyklar döräp, bu döwletiň ýaşamagyna howp salypdyr. Antik awtorlary Parfiýa barada ýazanlarynda, ony ýeke-täk tutuş imperiýa diýmän, ol on sekiz sany patyşalykdan-konferensiýadan ybarat diýip görkezipdirler. Biziň eramyzyň başlarynda Margiana, Persiýa, Girkaniýa, Sakastan we beýleki ýerlerde aýry-aýry dinastiýalar özbaşdak ýaşapdyrlar. Şeýlelikde, Parfiýa öz döwründe dünýäniň iki güýçli döwletleriniň, ýagny günbatarda Rim imperiýasynyň, gündogarda bolsa Kuşan döwletiniň gazaply bäsdeşi bolupdyr. B.e.ö. I asyrda Rimiň serkerdesi Krassyň goşuny masgaraçylykly ýeňlişe sezewar bolupdyr. Rimlileriň ýigrimi müňüsiniň meýdi söweş meýdanynda galypdyr, on müň adam ýesir alnyp, Margiýana sürgün edilipdir. Rim goşunlarynyň „nyşanlary” – baýdaklary olja görnüşinde Parfiýa ybadathanalarynda asylyp goýlupdyr. Biziň eramyzyň I-II asyrlarynda Parfiýa döwletinde birnäçe netijeli diplomatik çäreler işläp düzüpdirler. Döwletiň gündogar çetlerinde Merkezi Aziýa çarwalarynyň tolgunyşyklarynyň hem-de Parfiýa bilen serhetdeş we bäsdeş bolan Kuşan imperiýasynyň howpuna hötde gelmek maksady bilen rimliler bilen ýakynlaşylypdyr. Parfiýalylar rim bilen kyrk ýyllyk (122-162-nji ý.ý.) „hoşniýetli goňşuçylyk” ýaraşygy baglaşypdyr. Parfiýa – Hytaý diplomatik gatnaşyklary ýola goýlupdyr. Şeýle gatnaşyga Hytaý Parfiýadan pes mätäç däldi. Sebäbi Kuşan imperiýasy Hytaýyň Orta Aziýa we Gazagystan serhetlerine howp salýardy. Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar b.e.ö. II asyrdan başlanypdyr. 107-nji ýylda Hytaý ilçisi ilkinji gezek Parfiýa gelipdir. Parfiýa-Hytaý gatnaşyklarynda birnäçe peýdaly netijeler bolupdyr. Hytaý Parfiýa ýurdundan üzüm we ýorunja tohumyny äkidipdir. Hytaýdan Parfiýa ýurduna ýüpek, polat ýaly birnäçe zatlar getirilipdir. Parfiýa Türkmenistanyň çäklerinde dörän özbaşdak döwlet bolup, ony esaslandyran Arşak bolupdyr. Onuň nesillerinden patyşalyk edenleriň hemmesine bir sözde „Arşakitler” diýilýär. Arşakitleriň ata Watany günbatarda Girkan (Hazar) deňzi gündogarda Ariýa (Hyrat) sebitleri günortada Köpetdagyň ilersindäki Deştikebir çöllügi we demirgazykda hem Garagum çöllügi bilen serhetdeşdir. Eger-de ol ýerleri häzirki zaman geografiki kartasyna geçirsek, onda Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplaryny, Owganystanyň demirgazyk-günbatar ýerlerini, Eýranyň bolsa demirgazyk-gündogar çäklerini öz içine alardy. Parfiýa döwletiniň çäkleri aýry-aýry patyşalyklara (welaýatlara) hem satraplara – (etraplara) bölünipdir. Şoňa görä-de, onuň paýtagty hem bir däl-de, birnäçe bolupdyr. Türkmenistandaky paýtagt şäheri Aşgabadyň 15 km. günbatarsynda häzirki Bagyr obasynyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý galalarydyr. Bu ýerde aralary bir-birlerinden uzak bolmadyk iki sany gala bar. Olaryň gündogarkysy Köne Nusaý, günbatarkysy bolsa Täze Nusaý diýlip atlandyrylýar. Hakykatda bolsa Täze Nusaý galasynyň ýerleşen ýerinde heniz Köne Nusaý galasynyň düýbi tutulmazdan müň ýyldan hem gowrak ozal oturymly ekerançylyk obasy ýerleşipdir. Emma, günbatarky galada ýaşaýyş XVII-XVIII asyrlarda hem dowam edipdir. Şoňa görä-de oňa Täze Nusaý diýipdirler. Baryp, XIX asyrda rus barlagçylary: Şu harabalyklar gadymy we orta asyr taryhçylarynyň agzan Nusaý şäheriniň galyndylarydyr- diýip, çak edipdirler. Şäher harabalygynyň Köne Nusaý we Täze Nusaý diýen türkmençe ady hem şol çaklama laýyk gelýärdi. Emma, käbir daşary ýurt alymlary ýaňy-ýakyn wagtlara çenli Gadymy Nusaý kä Nişapuryň ýakynlygynda kä-te Midiýada ýerleşendir diýip, tassyklaýardylar. Bagyrdaky gadymy şäher harabalyklarynda XX-nji asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenkultyň we ylaýta-da Günorta Türkmenistan Arheologik kompleksleýin ekspedisiýasynyň (GTAKE) 1946-njy ýyldan başlap ýaýbaňlandyran arheologik işi Nusaýyň hut şu ýerdedigini şübhesiz tassykladylar.
Okalan sany: 83   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08141 sek. ýüklenen baýt: 36134