Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Törebeg hanymyň aramgähi
Ýazylan wagty: 20 июня 2018 Ýazan Mayichka
Törebeg hanymyň aramgähi. Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan ymarat Ürgenjiň harabaçylygynyň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Ymarat özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik we ussatlyk bilen örülip çykarylmagy, bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk bina hasap edilýär. Aramgähiň Törebeghanymyň adyny götermeginiň ýörgünli rowaýaty bar: „Şa gyzy Törebeg atasy ölenden soň, durmuşa çykman oturypdyr. Ýurduň ýaşululary patyşa gyza durmuşa çykmagy ündäpdirler. Törebeg örän gazaply bolany üçin hiç kim oňa söz aýtmaga milt etmändir. Iň soňunda asly gul bolan bir mimar (binagär) nika teklibini aýdypdyr. Şonda Törebeg oňa „Sen hünäriňi görkezseň, bina eden ymaratyň meniň şanyma bolsa, men seniň ýaryň bolar men”-diýipmiş. Mimar gul bir ymarat bina edipdir. Ol Törebegiň göwnünden turmandyr. Mimar soň ýene bir ymarat salypdyr, ol hem patyşa gyza ýaramandyr. Üçünji bina edilen ymaraty Törebeg halapdyr, ýöne, ussa beýik peştagyň üstünden ýere bökmegi buýrup, eger ölmän galsa, durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Mimar pestagdan böküpdir, emma, ölmän titräp ýatypdyr. Birnäçe gün geçensoň ýaşulular jem bolup, patyşa gyza: „Men özümi saňa bagyşladym” diýip, mimara eşitdirip, üç ýola aýtmasaň, ol gul hiç haçan amanadyny tabşyrmaz, sen hem bütin halkyň öňünde şermende bolarsyň” diýipdirler. Törebeg ýaşulularyň talabyny ýerine ýetiripdir. Gul jan beripdir. Ony bina eden ymaratynyň ýerzemininde jaýlap, Törebeg hanym üçin hem orun goýupdyrlar. Ol ölenden soň mimar guluň ýanynda jaýlanypdyr. Olar durmuşy ahyrýetde täzeden gurup, aýşy-eşret sürjekmişler. Törebeg hanymyň aramgähi Köneürgenç XIV asyrda, Altyn Ordadan gysga wagtlyk bolsa-da garaşsyzlygyny gazanan döwründe, Goňrat Sufileriniň ýerli nesilşalygy mahalynda bina edilýär. Törebeg hanymyň aramgähi mazarüsti desgadyr. Onuň ady Köneürgenjiň hökümdary Gutluk Temiriň aýalynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ýadygärligiň gurulan senesi XIV asyryň ikinji çärýegine degişli edilýär. Aramgähiň peştagynyň tagçasynyň aşagy kiçiräk açyk eýwançany emele getirýär. Peştagyň ýüzünde bir wagtlar „П” harpy şekilinde tutuş ýazgylar bolupdyr. Tagçanyň aşagy we gapynyň üsti dürli reňkli syrçaly nagyşlardyr ary öýjüklerine meňzeş „şerafa” atly bezegler bilen doldurylypdyr. „Şerafa” bezeglerine ösümlik suratly nagyşlaryň arasyna hudaýyň atlary ýazylypdyr. Ymaratyň kim tarapyndan we haçan gurlandygyny aýdyp biljek ýazgylar ýitip gidipdir. Peşdagyň ýüzündäki hatlardan diňe birnäçe harp saklanypdyr. Uly gapy bilen kiçiräk, däliz atly otaga girilýär. Onuň gümmeziniň aşagy hem şerafa nagyşly bolupdyr. Däliziň üç sany gapysy bolup, öňdäki uly gapy zyýarathana, sagdaky, ýokary çykylýan köp öwrümli merdiwana, çepdäki, garawulhana alyp barýar. Zyýarathana girilende, beýleki köp nagyşlarda gözüň eglenmän, nazaryň bialaç gümmez astyndaky ajaýyp nagyşlarda uzak saklanýar. Sebäbi bezegler köp reňkli kaşin syrçaly, geometrik suratly nagyşlardan ybarat. Göni we kese çyzyklar biri-birinden geçip, dört, dokuz we on burçly ýyldyzlary emele getirýär. Törebeg hanymyň aramgähi (XIV asyr) Gümmeziň aý-aýdyň gijäniň ýyldyzly asmanyny ýadyňa salýan bezegleri astronomiýa ylmyndaky on iki burça meňzeýär. Burçlary ýatladýan şekiller on iki jübüt bolup, aýal-gyzlaryň gülýakasyna çalym edýär. Şol „gülýakalara” sahylyk bilen köp zer çaýylypdyr. Olaryň her biriniň oratsynda käsäniň ululygynda gaşy bolupdyr. Gümmeziň guşagyndaky 12 sany we ymaratyň göwresindäki 8 sany penjirelerden düşýän şöhle bu ymaratyň içini Ürgenjiň ähli ýadygärlikleriniňkiden ýagty edýär. Guşagyň penjireleriniň deňindäki nagyşlary synlap oturanyňda, gadymky nakgaşlara mynasyp baha bermek bilen, kerpiç ören ussalary hem hormat bilen ýatlamazlyk mümkin däl. Ajaýyp nagyşlar ýerine oturdylyp ýygnalmazdan öň, kerpiç örenler ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdirler. Bu ymaratda kerpiç bilen syrçaly nagyş bezegler sazlaşyp, biri beýlekisiniň üstüni doldurýar. Ymaratyň demirgazyk tarapyndan üsti gümmezli bölegi bolupdyr we ol peştak bilen tamamlanypdyr. Demirgazykdaky peştak günorta tarapdakydan birneme kiçi bolupdyr. Ýer titremegi zerarly uly peştak sarsanda, kiçisi onuň agramyna ýykylan bolmagy mümkin diýip çaklaýanlar hem bar.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05843 sek. ýüklenen baýt: 32463