Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
SOŇLANMAJAK AÝDYMYM (oýlanma)
Ýazylan wagty: 20 июня 2018 Ýazan NEXTTM

SOŇLANMAJAK AÝDYMYM
(oýlanma)

Ene – Käbe, ene – dünýä, ýaşaýyş gözelligi. Ene – keramat, mukaddeslik. Şonuň üçinem biz olaryň her bir sözüni tumar edinýäris. Ene mähri, ene söýgüsi bimöçberdir. Olaryň çuňňur söýgüsi maşgalamyzyň süňňüne siňip, ony has-da berkidýär. Maşgala terbiýesinde ene edebine, ata pähimine uýulýandyr. Ynsan ene mähri bilen dünýä inip, ene terbiýesi bilen kemala gelýär. Ene edep-ekramyň, görüm-göreldäniň gözbaşydyr. Ynsan balasynyň agy-garany saýgaryp, ýaňy dil açan pursadynda-da zybanynda ene sözi ýaňlanýar. Şahyryň:
Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,

Ene öz mährinden döredýär ynsan
– diýşi ýaly, ene söýgüsinden dörän perzentler ilhalar bolýar. Ýüzüne mähir suwy çaýylan enelerimiziň üýtgeşik dünýäsi bar. Ol dünýäde elmydama mylaýymlyk, mähribanlyk, kanagatlylyk höküm sürýär. 

Mährine maýyl ýürekler kyblaýy-Käbä diňe ýekeje zady – Enäni deňeýärler. Dünýä gözelligine biparh garaýan köňüllerem ene hakda söhbet açylanda joşuberýär. Ene—maşgala ojagynyň sütüni. «Atanyň sözi hikmet bolsa, enäniň sözi rähnet» diýilýär. Ene mähriniň gudraty hemme zatdan belent. Şonuň üçin ene süýdi, ene mähri, ene gujagy ýaly mukaddeslikler owal-ahyr bolmandyr. Ene maşgala ojagynyň oduny söndürmän saklaýan zenandyr. Aslynda, ynsan balasynyň ýüregini şol ojaga baglaýan hem enäniň yssy mähridir. Soň bolsa bütin ömrüniň dowamynda, ol ýedi ýaşynda bolsun ýa-da ýetmiş ýaşynda bolsun, parhy ýok, enäniň mähir-muhabbetini küýseýär. Sen ýaňy gulpagyňy tasadyp ýören gyzjagaz bol, mähriň bilen çagalaryňy bagryňa basyp oturan ene bol, gasyn basan elleriň bilen agtyklaryň başyny sypap oturan mama bol, öz käbäňe bolan söýgi umman deýin çäksizdir. 

Ene alkyşy ömür menzillerinde ynsana bagt kuýaşyny saçýar. Uzak ýola sapara çykylanda, bir haýyrly işe baş goşulanda, enäniň ak patasy, ýagşy dilegi alynýar. Ynsan üçin eneden eziz, eneden mähriban adam ýok. Ene ýüreginiň mähri, ene elleriniň ýylysy, enäniň şirin hüwdüsi ynsanyň kalbyna baky ornandyr. Biz eneleriň mähirden pürepür dideleri, ukusyz geçiren gijeleri, päklige ýugrulan mukaddesligi barada oýlanýarys. 

Hawa, sizi dünýä däl-de, dünýäni size deňäp bolar. Sebäbi dünýäni sizsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Siz ýaşaýşyň çeşmesi. Siziň mährem keşbiňize ene topragam, goja daglaram baş egýär. Siziň ýagşy niýetleriňiz perzentleriňiz üçin haýyrly dogadyr. Gujagy bahar ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly, güneşli Diýarymyzda enelerimize goýulýan sarpa uludyr. Bahar güllerinden ilkinji boglan çemenler hem mähriban enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza bagyşlanýar. 

Ynha, ýene-de näzik güllere beslenen bahar pasly ýetip geldi. Ol özi bilen 8-nji martda bellenilýän gözelligiň gözbaşy zenanlaryň baýramyny getirdi. Baharyň ilkinji buşlugy bilen gelýän Halkara zenanlar güni kümüş saçly enelerimiziň, güler ýüzli ejelerimiziň, gülden görkli gelinlerimiziň, mähek ýaly gyzlarymyzyň baýramydyr. Baýramyňyz gutly bolsun, mähribanlar!

Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05218 sek. ýüklenen baýt: 32395