Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gün tertibinde energiýa serişdelerini tygşytlamak meselesi
Ýazylan wagty: 20 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Gün tertibinde energiýa serişdelerini tygşytlamak meselesi


Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde energiýany tygşytlamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnama ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy goramaga, ilatyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginleri, senagat we oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artmagy, täze zawodlaryň we fabrikleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýlekileriň ulanmaga berilmegi – bularyň hemmesi energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň ýokarlanmagyna getirýär. Olary tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak bu gün döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar. 

Täze öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny önümçilige: geologiýa-gözleg, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we işläp taýýarlamak işlerinden başlap, nebiti we gazy ugratmak, saklamak we gaýtadan işlemek ýaly önümçiligiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak nebitgaz toplumynda ileri tutulýan wezipe bolup durýar. 

Esasy işleriň hatarynda zyňylýan hapalaýjy maddalaryň mukdaryna gözegçilik etmegiň döwrebap usullaryny, baş nebit we gaz geçirijilerinde, pes we orta basyşly gaz paýlaýjy ulgamlarynda syzmalary we goýbermeleri ýüze çykarmak üçin awtomatik ulgamlary peýdalanmak, enjamlary döwrebaplaşdyrmak, nebit ýataklarynda ugurdaş gazlary utilleşdirmek üçin täze tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň iberilişini we sarp edilişini hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek we beýlekiler bar. 

Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebap serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, täze ylmy-tehniki işläp düzmeleriň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini hasaba alyş we sarp ediş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. 

Ýurdumyzyň elektroenergetikasy munuň aýdyň mysaly bolup, oňa Türkmenistany okgunly senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda ýangyç-energetika toplumy bilen bir hatarda örän ähmiýetli orun berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň elektrik stansiýalary ýerli şertler üçin arzan, türkmen topragynyň egsilmez çeşmesi tebigy gazda işleýär. Gaz ýakyn ýataklardan iberilýär, zerur bolan halatynda ätiýaçlyk ýangyç hökmünde dizel ýangyjy ulanylýar, ol hem ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda öndürilýär. 

Innowasion energetika taslamalarynyň hatarynda Mary DES-niň çäginde ýurdumyzda ilkinji gurlan bug gaz elektrik stansiýasyny agzamak mümkin. Utgaşykly işleýän elektrik bekedi täze nesliň inženerçilik-tehniki işläp düzmelerine degişlidir. Beýleki DES-lerden tapawutlylykda elektrik toguny işläp çykarmak üçin bu ýerde diňe tebigy gaz däl-de, eýsem, bug hem ulanylar. Şeýlelikde, «mawy ýangyjyň» çykdajysy ep-esli azalýar. Bug, gaz bilen işleýän elektrik stansiýalary diňe ykdysady taýdan däl-de, eýsem, ekologik nukdaýnazardan hem özüneçekijidir, çünki howa zyňylýan ýanma önümleriniň – kömürturşy gazynyň mukdary 2-3 esse peselýär. 

Ýaşaýyş-jemagat pudagynda energiýany tygşytly peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler bar. Bu gün täze ýaşaýyş jaýlary döwrebap tehnologiýalar boýunça, hususan-da, diwarlary ýörite ýylylyk örtükleri bilen gurulýar. Kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda elektrik energiýasyny we gazy peýdalanmagyň döwrebap hasaba alyş abzallary oturdylýar. 

Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Global ekologiýa gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň «Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşyk pudagynda energiýa netijeliligini gowulandyrmak» atly bilelikdäki taslamasy tamamlandy. «Türkmengaz» döwlet konserni taslamanyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş etdi. Onuň çäklerinde gurluşyk kadalary, hususan-da, «Ýaşaýyş jaýlary», «Üçekler we örtükler» diýen bölümlerde gurluşyk kadalary gaýtadan işlenildi, olaryň ulanylmagy elektrik energiýasyny 14-17 göterime hem-de ýylylyk energiýasyny 28-den 47 göterime çenli tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 

Şeýlelikde, bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, ýurdumyz «ýaşyl ykdysadyýete», senagatda we durmuş ulgamynda döwrebap, ekologik taýdan howpsuz hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmaga geçýär. 


Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05125 sek. ýüklenen baýt: 33862