Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄN ÝOL
Ýazylan wagty: 22 июня 2018 Ýazan NEXTTM
HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄN ÝOL

Guwandyryjy wakalaryň biri-birine sepleşip dowam edýän zamanasynda erkana ýurtda ýaşaýan halkymyzyň aladasy esasy orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň pähiminden dörän bagtyýarlyk döwri ösüşleriň döwrüdir. Geçen ýyl okyjylar köpçüligine gowşan hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby hem begenjimizi artdyran wakalaryň biridir. 

Bu kitapda asyrlarboýy dünýä halklary bilen alnyp barlan söwda-ykdysady, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köprüsi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň çuňňur beýany, ähmiýeti we dostana halkymyzyň taryhyna çaýan öwüşgini dogrusynda giňden gürrüň berilýär.

Taryhy wakalara baý eseriň halkymyza ýetirilmegi biziň her birimiz üçin uly sowgat boldy. Geçen ýylda «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmak hakyndaky Kararyň kabul edilmegi we hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň hem halk köpçüligine gowuşmagy özboluşly hadysa öwrüldi. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky asyrlaryň dowamyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki zaman nusgasy gadymyýetiň jümmüşinden şu güne çenli kämilleşip gelýär.

Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine belent sarpa goýýar. Berkarar döwletimizde dünýä ähmiýetli amal edilýän işleri mundan beýläk hem ösdürmekligi möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä derejesindäki köptaraplaýyn ösüşini üpjün edýän ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň nurana geljegine röwşenlik çaýýar. Bu ösüşleriň sakasynda duran döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän işleri rowaçlyklara beslensin!

Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05244 sek. ýüklenen baýt: 30820