Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ASYRYŇ ENERGIÝA KÖPRÜSI
Ýazylan wagty: 22 июня 2018 Ýazan NEXTTM
ASYRYŇ ENERGIÝA KÖPRÜSI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli pudaklarda uly ösüşler we özgerişler gazanylýar. Bu alnyp barylýan işler halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmeklige, ýurdumyzy ähli ugurlarda dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaklyga ugrukdyrylandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän asyrlara barabar işler senagatyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkara energetika ulgamynyň hataryna ýokary derejeler bilen goşulmagyna, sebitde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Türkmenistanyň sebitdäki amatly geosyýasy ýerleşişi, uglewodorod serişdelerine juda köp mukdarda eýe bolmagy dürli ugurlara, şol sanda Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna gazyň eksportyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna iberilýär. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Şu ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň, Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbaryň gatnaşmagynda badalga berildi. Asyryň taslamasy adyna eýe bolan bu gaz geçiriji sebitde ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde, parahatçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Taslamanyň işe girizilmegi sebitde ösüşiň täze depginlerine badalga berer, geljekde Merkezi we Günorta Aziýada hem-de serhetýaka sebitlerde umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer, yklymda tutuş syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna goşmaça durnuklylyk häsiýetini berer. TOPH gaz geçirijisiniň ugrunda senagat desgalarynyň emele gelmegine, iş orunlarynyň döremegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam berer.

TOPH gaz geçirijisini gurmak bilen baglanyşyklylykda 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisine gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ady agzalan ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda ylalaşyga gol çekildi, oňa laýyklykda, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine badalga berildi. TOPH taslamasy boýunça hökümetara ylalaşyga gol çekilen döwründen bäri birnäçe işler geçirildi, hususan-da, türkmen tebigy gazyny satmak-satyn almak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy taýýarlanyldy, «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar jemgyýeti döredildi. «Türkmengaz» döwlet konserni onuň ýolbaşçysy hökmünde saýlanylyp alyndy. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Mary welaýatynda geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif, Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdy.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy, 1840 kilometre deň bolup, onuň 205 kilometri Türkmenistanyň içinde ýerleşýär. TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan bölegi bu ýurduň Hyrat we Kandagar şäherleriniň çäklerinden geçip, onuň uzynlygy 816 kilometre golaýdyr, soňra gaz geçiriji Pakistan döwletiniň çäklerinden 819 kilometr geçip, Kwetta we Multan şäherleriniň üsti bilen Hindistanyň Fazilka ilatly künjegine baryp ýeter.

TOPH gaz geçirijiniň taslamasyny maliýeleşdirmäge köpsanly halkara maliýe düzümleri, şol sanda Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky hem-de beýlekiler gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistan dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini ulanmaklyga netijeli çemeleşmegiň ýokary nusgasyny görkezýär, energetika kuwwatyny diňe bir milli bähbitleri üçin ulanman, eýsem, dünýä halklarynyň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine ulanmaga taýýardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de olary dünýä bazaryna eltmegiň köpugurly ýollarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen oýlanyşykly energetika strategiýasy umumadamzat bähbitlerine hyzmat edýär.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07000 sek. ýüklenen baýt: 34137