Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dünýä dolan hoş owaz
Ýazylan wagty: 23 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň, şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň öň ýanynda, şu ýylyň 18-21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda «Nury Halmämmedowyň sazy-döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwalyň geçiriljekdigi baradaky habary türkmen ilimiz çäksiz hoşallyk bilen garşylady. Bu hoş habaryň diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem, bütin dünýäniň saz muşdaklarynyň ençemesini guwandyrandygam şübhesizdir.
«Nury Halmämmedowyň sazy-döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwalyň geçirilýändigi baradaky hoş habar meni kompozitor baradaky ýatlamalar ummanyna atardy. Onuň gysga ömründäki geçen durmuş ýoly, guýmagursak kalbyndan dörän döredijilik dünýäsi, kompozitor barada döredilen sungat eserleri, ussat baradaky ýagşy ýatlamalar...
2008-nji ýylyň 9-njy noýabrynda welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň Daýna obasynda kompozitor Nury Halmämmedowyň 70 ýaş ýubileýi geçirilipdi hem-de heýkeli açylypdy. Heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmak maňa-da miýesser edipdi.
Tolgundyryjy taryhy pursat gelip ýetýär. Kompozitoryň sazynyň ýaňlanmagynda ýaşyl ýüpek mata syrylyp, Nury Halmämmedowyň heýkeli açylýar. Dabara gatnaşyjylar ör turup, el çarpyşýarlar. şol pursat Nury Halmämmedowyň simfoniýalarynyň ýaňy hem gelýän ýaly bolýar. Sebäbi, şol gün obasyndan dokuz ýaşynda çykyp giden oglanjyk, dünýä meşhur kompozitor heýkel bolup, öz dogduk mekanyna dolanyp geldi ahyry!
Biziň öňümizde Nury Halmämmedowyň aýak yzlary galan daşlaryndan örümi goýlan heýkel dur. Heýkeltaraş Saragt Babaýew kompozitoryň keşbini şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir welin, heýkeliň özünden kompozitoryň sazlary eşidilip duran ýaly.
Ýadygärlik açyldy. Öňümizde ömri saza ýugrulan Nury Halmämmedowyň heýkeli dur. Kompozitor bilen duz-emek bolup gatnaşanlar tolguna-tolguna söz sözleýärler. Kompozitor bilen çagalar öýünde  bile bolan obadaşy Nedir Döwletowyň sözleri örän gysga we tolgundyryjy bolýar. «Biz ençeme wagtdan soňra Nury jany obamyza getirdik».
Nury Halmämmedow bilen döredijilik ummanynda bir gämide bile ýüzen, onuň ömrüniň ahyryna çenli hemrasy bolan ilimiziň meşhur aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýigrimi ýyl töweregi mundan öň teleýaýlymda çykyş edip, şu sözleri aýtdy: «Türkmen halky özüniň nepis halylary, ahal-teke atlary bilen dünýä bellidir. Ýöne türkmen halky Nury Halmämmet bilen hem äleme meşhurdyr».
Nury Halmämmedowyň hem Atageldä bolan hormaty örän ýokary eken. Onuň kämahal aýdymça ýüzlenip: «Hudaý jan seni meniň üçin ýaradypdyr» diýäýmesi bar eken. Atageldi hiç haçan Nury barada tolgunman gürrüň berip bilenok. «Nury çekinjeň, akylly adamdy. Ol örän uly filosofdy. Oňa düşünmek gerekdi. Biz sözleşmän düşünişip bilýärdik. Ol örän sowatlydy. Milli saz bilen  Ýewropa saz ussatlarynyň eserlerine utgaşdyryp, mukamy şeýle bir eýleýär weli, kalbyňy heýjana salýar. Özüne uly baha bilen garamaýan hem bolsa, «Inim döredeli, soň birwagt gerek bolar» diýerdi».
Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow meşhur «Akja kepderi» aýdymynyň döremegine Nury Halmämmedowyň itergi
berendigini elmydama mähir bilen ýatlaýar. «Dessan» aýdym-saz toparyna ýolbaşçylyk eden şamämmet Bäşimow bilen 2016-njy ýylyň noýabr aýynda söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Men şonda «Akja kepderi» aýdymynyň döreýşi bilen gyzyklandym. şeýle hem oňa ýüzlenip: «Siziň döreden aýdym-sazlaryňyzyň aňyrsynda Nury Halmämmedowyň äheňleri bar ýaly duýulýar» diýdim.
Ol: «Nury halypa barada şu sözleri ýerlikli gozgadyň, onuň aňyrsynda «Akja kepderiniň» hem döreýiş beýany bar»-diýip, gürrüňini süýjülik bilen dowam etdi.
- Biz aga-ini ýaly bolup gatnaşdyk. Bir gün şeýleräk waka boldy. Ikimiz Aşgabadyň şol mahalky merkezi seýilgähinde dynç alyp otyrdyk, ol näme üçindir aladaly görünýärdi. Halypa ahyry dillendi: «şamämmet jan! Meniň iş ýerime gideli! (ol şol mahal Respublikan sazçylyk mekdep internatynda işleýärdi). Bäsleşik geçýär, saz taýýarladym, şony nota geçirip, ertir irden tabşyrmaly» diýdi. Baranymyzdan soňra ol öz eserine gümra bolup oturşyna: «Sende täze eser barmy? Belki, bäsleşige gatnaşarsyň. Aýdymyň, sazyň Watan hakynda, ýurt abadançylygy barada bolmaly» diýdi. Men hem ençeme ýyllap kalbymda göterip ýören bir sazymy hiňlenip berdim. Ol: «Inim, munyň taýýar aýdym bolup dur-a! Sen ertiriň özünde şuny bäsleşige tabşyr» diýdi. «Wah, halypa! Munuň entek sözleri-de ýok ahyry» diýdim. Ol: «Seniň bu ýerde ajaýyp sazyň bar, sözlerini ert}
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04998 sek. ýüklenen baýt: 32858