Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Magtymguly Pyragy!
Ýazylan wagty: 23 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Magtymguly Pyragy akyldar, dana, beýik şahyr we welileriň welisidir - diýip sözleriň çuň many mazmunlysynyň iň ajaýybyny aýtmak bolar. Sebäbi, Magtymguly döwrüniň tanymal alymy sahyr Döwletmämmet Azadynyň ogly, onuň terbiýesini şahsy göreldesini alyp, Allanyň özüne bagyş eden ylham janyna başyna ylym dünýäsine aýak basyp, ony ösdürüp kämillige ýeten, beýik halypa-mugallymlarynyň ak patasyny, takyknamasyny alan adam beýik piridir. Bu sözleri aýtmak bilen esasy diýmek isleýän zadym-türkmeniň ruhy medenýetini Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin däldigini belläsim gelýär.Hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň medenýet günleri bilen bagly Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyny bir gündebellemegi karar etdi. Bu halkymyzyň günlerini ganatlandyryp, buýsanjyny goşalandyrdy. Medenýetli Magtymgulysyz, Magtymgulyny ruhy ynsanperwer medeniýet we sungatsyz, edebiýatsyz, göz öňüne getirip bolmaýar. Bu iki baýramçylyk göýä dogandyr ekiz. Olar biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär.Alymlaryň belleýşine görä “Medenýet bu adamyň akylydyr-paýhasynyň zähmetiniň önümi”. Eger şeýle bolýan bolsa dana Atamyzyň akyldar paýhasy-zähmeti bilen döredilen şygyrlary medeni mirasymyzyň ösen, çuň-many-mazmunly baýlygydyr. Dünýä medenýetine, edebiýatyna saldamly goşandyny goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy biziň günlerimizde goýulýan hormat-sarpa örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyzyň hormatyna açyljak ýadygärlik we seýigäh “Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” ýylymyzda ýatdan çykmajak medeni ruhy baýramçylyklarynyň biri bolar. Ol günki çäreler ýatdan çykmajak luw wakalarynyň birine öwrüler. Bu baýramçylykda ynsanperwer şahyrymyz, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň görmek islän Berkarar Türkmen binasynyň berkden berk binýat bolaryny gelen myhmanlar görer. Il-gün bgtyýarlyk döwrüniň şaýady bolan halkymyzyň, şatlyk buýsanjynyň çägi ýok bolar. Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň deň hukukly, aýdyň demokratiýamyzyň dabaralanýan, adatly bagtyýar döwrümizde medenýet we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramynyň toýunyň uludan tutulmagy jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolar. Goý Magtymguly Pyragynyň - dana atamyzyň “Häkim bolsa halky gün kimin çoýdy” diýen sözlerini durmuşa geçirip, halkyny Gün kimin çoýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, ömri uzyn bolsun!
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11661 sek. ýüklenen baýt: 30731