Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Medenýet- halkyň ruhy binýady
Ýazylan wagty: 23 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri taryhyň altyn gatlarynda özüniň gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen, ýatdan çykmajak döwlet ähmiýetli çäreleri bilen ýazylýar. Şu günler hem Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözellige beslenip, uly toý dabarasyna taýýarlykly barýandygyny hemmämiz bilýäris. Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabatda tutuljak medenýet günleriniň dabarasy diňe bir paýtagtymyzda däl eýsem, diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk we şowhun bilen dabaralanyp, hemmeleriň ýüregine şatlyk paýlaýar.
    Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen medenýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine giň ýol açylyp, her ýylyň iýul aýynyň 27-sinde Türkmenistanyň Medenýet güni uly baýram edilip bellenilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni ynsanperwer durmuş syýasatynyň netijesinde halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasy döwrebap täze öwüşgünler bilen ösdürülip Bütindünýä medeni gymmatlyklaryna goşant goşýar. Ýurdumyzda medenýetiň ösmegi üçin medeni ojaklaryň ençemesi welaýatlarda, etraplarda hem gurulyp ulanyşa berildi. Bu bolsa ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçirilýän medenýet hepdeliklerini gurmaga giň mümkinçiliklerini berýär. Medenýet baýramçylygynyň geçirilmegi öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýan Beýik Ýöpek Ýolunyň ugrunda ösen emdeniýadygärliklerimizde doganlyk halklaryň arzyly myhmançylykda bolup dost-doganlyk bolan illeri, halklary ýene-de ýakynlaşdyrar. Halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha pugtalanýan we ynsanperwer medeni, ruhy gatnaşyklaryň dabaralanýan ýylybolan “Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” atly 2018-nji ýylda geçirilýän medenýet günlerimiz bolar. Medenýet baýramçylygyň hormatyna tutulýan dabaralara dost-doganlyk ýurtlardan ýazyjy-şahyrlar, sungat işgärleri gelip ýurdumyzyň medeni, ruhy gözellikleriniň gülläp ösüşleriniň şaýady bolar. Ýurdumyzyň ýazyjy şahyrlary, aýdymçy-bagşylary bolsa bagtly günlerimiziň wasp edip, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrarlar.
    Goý, halkymyzyň medeni-ruhy baýlygynyň gülläp ösmegi üçin iň täze tehnologiýalar, innowasiýalar bilen üpjin bolan teatrlary, muzeýlri, kitaphanalary halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Okalan sany: 71   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09919 sek. ýüklenen baýt: 30257