Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
KENAR ÝAKASYNDAKY GIŇ MÖÇBERLI IŞLER
Ýazylan wagty: 27 июня 2018 Ýazan NEXTTM

KENAR ÝAKASYNDAKY GIŇ MÖÇBERLI IŞLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesini senagatlaşdyrmak işleri giň gerim alýar. Mundan ýedi ýyl ozal bu sebitde «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli bolan Gaz toplaýyş we ýerüsti gaz terminalynyň gurlup, ulanyşa tabşyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gelýän kärhananyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň bu möhüm pudagy ösdürmek hem-de onuň halkara energetika ulgamyndaky ornuny has-da berkitmek baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Gyýanlydaky bu täze kärhanada Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňizasty baýlyk känlerinden alnan «mawy ýangyjyň» gaýtadan işlenip başlanmagy diňe bir milli ykdysadyýetimiz babatda däl, eýsem, tutuş dünýäniň ykdysady bähbitleri nukdaýnazaryndan hem taryhy waka bolupdy. Ýangyç-energetika toplumynda gazanylan bu uly üstünlik döwletimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.

Gyýanlydaky Gaz toplaýyş we ýerüsti gaz terminalynyň önümçilik kuwwaty, başlangyç tapgyrda, deňizasty önümli gatlaklardan alynýan «mawy ýangyjyň» her ýylda bäş milliard kubmetrini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi şonça möçberdäki tebigy gazyň toplumlaýyn arassalanyp, daşarky bazarlara harytlyk görnüşinde çykarylmaga taýýar edilýändiginden habar berýär. Toplumda gaýtadan işlenilýän tebigy gaz häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki baýlyk känlerinden alynýar. Ýakyn ýyllarda bolsa bu döwrebap kärhananyň kuwwatlylygyny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar. Tebigy gaza bolan islegi kanagatlandyrmak maksadyna eýerilip, häzirki wagtda Hazar deňzindäki täze ýataklardan çig mal almak işleri giň gerim alýar.

Elbetde, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýerasty gatlaklaryndan tebigy gazyň senagat akymlarynyň alnyp, gaýtadan işlenilip başlanmagy bilen Hazarýaka Gyýanly şäherçesini senagatlaşdyrmak babatda alnyp barylýan döwrebap işler barada hem köp zatlary aýtmak bolar. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň soňky maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Gyýanly şäherçesinde geljek ýedi ýylda polipropilen, poliwinilhlorid, kaustik soda, duz kislotasyny we suwuk hlor öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi gürrüňsiz bir hakykaty, ýagny ýurdumyzyň tebigy mümkinçiliklerini il-ýurduň bähbidine gönükdirmek babatda Gahryman Prezidentimiz tarapyndan ägirt uly tagallalaryň edilýändigini aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Hazarýaka şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumynyň gurluşyk işleri hem ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady babatda kuwwatlanmagyna saldamly goşant goşjak bu täze gazhimiýa toplumy bir ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň bolsa 81 müň tonnasyny öndürmeklige niýetlenendir. Bu kuwwatly toplumyň işe girizilmegi bilen türkmen döwleti diňe bir nebit we gaz serişdeleriniň bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny tapar. Bu ýokary netijeleri gazanmak üçin täze gazhimiýa toplumynda her ýylda gaýtadan işleniljek tebigy gazyň möçberi bäş milliard kubmetre deň bolar. 

Täze gazhimiýa toplumyny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekligi maksat edinýän Gyýanlydaky Gaz toplaýyş we ýerüsti gaz terminalynyň öz işine ussat hünärmenleri şu günler «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyny ýokary netijelere beslemek ugrunda uly işleri bitirýärler. Iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlar, kuwwatly desgalar toplumy bilen birkemsiz üpjün edilen gaz terminalynda şu ýylyň geçen döwründe «mawy ýangyç» gaýtadan işlenilende alynýan ýeňil nebitiň onlarça tonnasy kuwwatly tankerler arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberildi. Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak boýunça durmuşa geçrýän beýik işleri şeýle guwandyryjy sepgitleriň eýelenmegine getirýär. Hut şonuň üçin-de kenar ýakasyndaky Gaz toplaýyş we ýerüsti gaz terminalynyň hünärmenleri täze-täze belent sepgitlere tarap ynamly gadam urýarlar.


Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08628 sek. ýüklenen baýt: 33890