Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ak ýol arzuw edildi
Ýazylan wagty: 27 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Ak ýol arzuw edildi

Golaýda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde talyplaryň 30-dan gowragy okuwlaryny üstünlikli tamamlap, uly durmuşa ýollanma aldy.

Mekdepde teplowozyň maşinisti, buhgalter (ykdysadyýetiň esaslaryny öwrenmek bilen) — kompýuteriň operatory hünärleri boýunça bir ýarym ýyllap bilim alan ýaşlaryň, mugallymlaryň we köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly çäre guraldy. Onda çykyş edenler uçurymlara hormatly Prezidentimize wepaly bolup, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda saýlap alan hünärlerinde ak ýürekden zähmet çekmegi arzuw etdiler. Öz gezeginde mekdebi tamamlan ýaşlar okamaga, hünär öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler. Olar, şeýle-de, özlerine çuňňur bilim beren, hünär öwreden mugallymlaryna we önümçilik ussalaryna köp-köp sagbolsun aýtdylar. 

Ýeri gelende mekdepde ýaşlara hünärleriň birnäçesiniň öwredilýändigini bellemek ýerlikli bolar. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalary üçin zerur hünärlerdir. Ýaşlar şeýle hünärleriň arasyndan barlag-ölçeýji enjamlary sazlaýjy-slesar, tehnologiki nasoslaryň we kompressorlaryň maşinisti, himiki derňewiň laboranty, nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa we ussanyň kömekçisi, gaz paýlaýjy stansiýanyň operatory hünärlerini öwrenmäge has köp isleg bildirýärler. Olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin mekdepde ähli zerur şertler döredilipdir. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini senagat şäheriniň edaralarynda we kärhanalarynda geçýän iş tejribeliginde has berkidýärler. 

Okalan sany: 57   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07654 sek. ýüklenen baýt: 30109