Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
SARPALY HALYPA
Ýazylan wagty: 27 июня 2018 Ýazan NEXTTM

SARPALY HALYPA

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestinde baş geolog wezipesinde zähmet çekýän Amangeldi Rejepow 1946-njy ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Gökje obasynda dogulýar. Ol obadaky A.Alamyşow adyndaky 7-nji orta mekdebi tapawutly tamamlap, 1964-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň nebitli we gazly ýerleriň geologiýasy hem-de gözlegi fakultetine okuwa girýär. Dag inženeri-geolog hünärini ele alan ýaş hünärmen zähmet ýolunyň esasy bölegini önümçilikde meýdana gidip, synag işlerinde geçiripdir. Sarpaly halypa, geolog Amangeldi Rejepow nebitgaz pudagynda kyrk dokuz ýyl bäri işläp gelýär.

Ol bu pudakda ilki nebitgaz guýularynyň gazyjysy, soňra meýdan geology bolup işläp başlapdyr. Harby gulluk borjuny berjaý edip geleninden soň, ol Derwezäniň Gözleg-gazuw dolandyryş kärhanasynda uly geolog bolup işini dowam edipdir. Nebitgaz pudagynyň dürli edara-kärhanalarynda bölüm başlygy, baş geolog bolup işläpdir.

Amangeldi aga öz zähmet ýolunda Merkezi Garagumda nebitiň we gazyň Kyrk, Ýylakly, Garajaowlak, Çölbeýik, Atasary we beýleki geljegi bar bolan ýataklaryň açylyşyna gatnaşypdyr. Mundan başga-da, Tamdyrly, Sabyr, Ýolaşan gaz känleriniň açylmagyna goşandyny goşan. Ol önümçilikde öz işiniň dogry berjaý edilmegine gözegçiligi birjik-de ünsden düşürmän gelýär. Şeýle bolansoň, bu halypa «Türkmennebitgazgözleýiş» trestinde hemmeler uly hormat goýýar.

Amangeldi aga sada, kiçigöwünli, şahandaz adam. Bu sarpaly halypa bilen gürrüňdeş bolanyňda, göwnüň açylyp, dünýägaraýşyň giňeýär. Ol juda ýatkeş. Ýedi onlugy arka atan bolsa-da, häzirem meýdana gidip, buraw, synag-barlag işlerine gatnaşýar we ýaş hünärmenlere toplan iş tejribesini uly höwes bilen öwredýär. Onuň egindeşleri Amangeldi Ataýew, Nury Annaýew, Nury Muhammedow, ýetişdiren şägirtleri Şemşat Körpäýewa, Muhammet Durdyýew, Annamyrat Tuwakow, Serdar Ataýew dagy dürli ýerlerde, dürli wezipelerde zähmet çekýär. 

Baýry geolog Amangeldi Rejepow egindeşi, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baş geology Amangeldi Ataýewyň ýolbaşçylygynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebitgaz geologiýasy we geohimiýa kafedrasynyň Döwlet synag toparynyň hem agzasy. Bu topar daşary ýurtlarda okap gelen türkmen geologlarynyň hem bilimlerini barlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş hünärmenlerine işlemäge ak pata berýär.
Ýaşuly bilen söhbetdeş bolanymyzda: 

– 72 ýaşap barýan, janym sag, aýak üstünde öý işlerine kömek edip, işläp ýörün. Tüweleme, 5 gyzym, 2 oglum, 17 sany agtygym, 1 çowlugym bar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp döwürde ýaşaýarys. Bu bolsa adamyň ömrüne ömür goşýar – diýip, Amangeldi aga guwanç bilen gürrüň berdi.

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05993 sek. ýüklenen baýt: 31951