Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine seçip alyş işini geçirýär
Ýazylan wagty: 28 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine seçip alyş işini geçirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine seçip alyş işini geçirýär

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

2018 — 2019-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine seçip alyş işini geçirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine okuwa kabul etmekligiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2018-nji ýylyň 28-nji iýuny — 3-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm möçberde 12 sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi we onuň asyl nusgasy;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň seçip alyş iş topary zerur bolan ýagdaýynda, Hytaý Halk Respublikasyna okamaga gitmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2018-nji ýylyň 9 — 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.

Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13823 sek. ýüklenen baýt: 36548