Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze kuwwatlyk işe girizildi
Ýazylan wagty: 28 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Täze kuwwatlyk işe girizildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, ony sarp edijilere bökdençsiz ugratmak baradaky aýdyň tabşyryklarynyň esasynda pudagyň edara-kä rhanalarynyň önümçiligine täze tehnologiýalar, kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Munuň özi edara-kärhanalaryň önümçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagyny, tehniki binýadynyň täzelenilmegini üpjün edýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Üçajy gaz gysyjy bekedinde geçen ýylyň noýabr aýynda kuwwatly gaz gysyjy agregatyň oturdylyp, işe goýberilmegi hem şunuň bir mysalydyr. Ýeri gelende aýtsak, Üçajy gazy hemmetaraplaýyn arassalaýyş enjamlar toplumy şu sebitdäki köp ýyllardan bäri önüm berip gelýän Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy, Gündogar Üçajy gaz känlerinden alynýan «mawy ýangyjy arassalap, Üçajy–Malaý–Bagtyýarlyk we Üçajy–Garagum ýokary basyşly gaz geçirijilerine akdyrýar.

 Şu gaz känlerinden tebigy gazy çykarmak, alynýan «mawy ýangyjy» sarp edijilere bökdençsiz ugratmak baradaky öňde goýulýan talaplaradyr tabşyryklara laýyklykda, geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Üçajy gaz gysyjy bekedinde kuwwatlygy ýokary bolan GPA-S-16 gaz gysyjy agregaty topluma degişli enjamlary bilen bilelikde oturdyldy.

– Bu kuwwatly agregatyň hut şu ýerde oturdylmagynyň esasy maksady Üçajy gaz gysyjy bekediniň bökdençsiz işlemegini, indi köp ýyllardan bäri önüm berip gelýän känleriň gaz berijilik mümkinçiliginiň ýokary bolmagyny, çykarylýan gazyň göwrüminiň kadaly saklanylmagyny üpjün etmekden ybarat – diýip, «Marygazçykaryş» müdirliginiň baş inženeri Sapaly Rahymow bizi täze agregatyň oturdylmagynyň maksady bilen tanyşdyryp başlady.

Üçajy gaz gysyjy bekedinde «Türkmengazinženerçilik we gurluşyk», «Marygazçykaryş», «Daşoguzgazakdyryş», «Türkmengazawtomatika» müdirlikleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler GPA-S-16 gaz gysyjy agregatyň bellenilen wagtynda, ýokary hil ýagdaýynda önümçilige girizilmegine mümkinçilik berdi.

Tejribeli gazçy hünärmen Sapar Rejebowyň ýolbaşçylygyndaky bekediň işgärlerinden uly maşinist Orazdurdy Belliýew, inženerler Ahmet Mämmedow, Azat Söýünow, maşinist Ilnur Täjibaýew we beýlekiler aýratyn zähmet göreldesini görkezdiler. 

Täze gurnalan bu kuwwatly gaz gysyjy agregat beketde ozalky işledilen kuwwatlylygy pes üç sany agregatyň ornuny tutdy. Olardan tapawutlylykda bu kuwwatly agregatda bolup geçýän önümçilik hadysalary, tebigy gazyň basyşy, gaz geçirijilere akdyrylýan gazyň möçberi onuň ýagynyň basyşy kompýuterler arkaly takyk görkezilýär. 

– Häzir Üçajy gaz gysyjy bekediniň täze gurnalan kuwwatly agregaty arkaly her gije-gündizde otuz bir – otuz üç million kubmetr tebigy gaz ugradylýar. Munuň özi gaz gysyjy bekediň geçirijiliginiň öňküden bir ýaryma golaý artandygyny aňladýar – diýip, müdirligiň baş inženeri Sapaly Rahymow aýdýar.

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05509 sek. ýüklenen baýt: 32409